Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents

Beýik Göreş

 - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    1—Nji Bap
    Iýerusalimiň Weýran Bolmagy

    “Wah, sen, hawa, sen nämäniň özüňe parahatlyk getirjegini şu günüňde bir bilseňdiň! Ýöne ol entek seniň gözleriňden gizlin. Seniň başyňa şeýle günler geler: duşmanlaryň daşyňa garymlar gazyp, seni gurşar, her ýandan gysyp-gowrar. Seni, içtňdäki çagalary ýere ýegsan eder, içiňde daş üstünde daş goýmaz, çünki sen Hudaýyň özüňe gelen wagtyny bilmediň” (Luka 19:42-44).BG 16.1

    Isa Zeýtun dagynyň depesinde duran ýerinden lýerusalime seretdi. Onuň öňünde ajaýyp hem asuda görnüş ýaýylyp durdy. Pesah gelip ýetdi, şonuň üçin Yakubyň ogullary dünýäniň ähli künjeginden bu beýik milli baýramçylyga ýygnandy. Baglaryň we üzümçilikleriň, zyýaratçylaryň çadyrlarynyň ýaýrap duran ýaş eňňitleriniň arasynda seki - seki bolup duran depeleri, kaşaň köşkler we Ysraýylyň paýtagtynyň berk diwarlary ýokary çykyp durdy. Sion gyzy buýsanç bilen: “Şa zenany bolup otyryn... hiç hili hasrat çekmerin” diýip oturan ýaly bolup görünýärdi. Ol, şeýle hem, özüne guwanýardy we köp ýyllar mundan ozal patyşa aýdymçysynyň: ” Belent, gözel Sion dagy bütin ýeriň şatlygydyr ... uly Patyşanyh şäheri bardyr” (Zebur 48:2) diýen wagtyndakysy ýaly, Asmanyňam mähribanlygyna ynamlydy. Dagyň üstünden ybadahana-da diýseň ajaýyp bolup görünýärdi! Batyp barýan günüň şöhleleri onuň garyň aklygyndaky mermerlerine ýalkym saçyp, gyzyl çaýylan derwezeleriň, minaralaryň we ganatlaryň üstünde öwşün atýardy. Bu “kämil gözellikdi”, ýehudylaryň guwanjydy. Ysraýylyň haýsy çagasy bu zatlary şatlanman we guwanman synlap biler?! Ýöne Isany düýbünden başga pikirler alada goýýardy. “Isa lýerusalim şäherine golaýlanda, ony görüp agladý (Luka 19:41). Ellerine palma agajynyň şahalaryny alyp, Patyşa hökmiinde Özüni garşy alýan müňlerçe adamlaryň umumy şatlygynyň we “hosanna” diýlen dabaraly sesleri daglarda ýaňlanan pursatynda, dünýäniň Halasgärini birden duýdansyz hem syrly gaýgy gurşap aldy. Ol, Hudaýyň Ogly, wada berlen Mesih, ygtyýary bilen ölümi ýeňen, ýesirleri gabyrdan halas eden Kişi aglady. Bu adaty betbagtçylygyň gözýaşlary däl-de, gynaýjy hem beýan edip bolmajak görginiň gözýaşlarydy.BG 16.2

    Ol bu ýerde Özüne nämäniň garaşýandygyny gaty gowy bilse-de, Özi üçin aglamaýardy. Onuň öňünde Getsemaniýa ýaýylyp ýatyrdy. Ol ýerde Oňa söz bilen beýan edip bolmajak ruhy ejirleri çekmeklik garaşýardy. Ol birgiden asyrlaryň dowamynda gurbanlyk mallarynyň alnyp geçilen, indi Özüniňem damagy çalynma alnyp barylýan Guzy hökmünde geçmeli bolan Goýun Derwezesinem gördi (lşaýa 53:7). Uzak bolmadyk aralykda haça çüýlenilýän ýer bolan Golgota-da ýokary galyp durdy. Tizara Mesihem, Öz jany giinäler üçin gurbanlyk bolanda, gorkunç garaňkylyga bürenjek bu ýoldan geçmelidi. Yöne bu agyr wakalar Onuň ýüreginde beýle agyry döretmeýärdi. Onuň päk kalbynyň asudalygyny adam çekerden çökder gelýän görgüleri gaýgy bilen duýmaklyk bozmaýardy. Ol Iýerusalimiň heläkçilige sezewar boljak ýaşaýjylary üçin aglaýardy, ak pata bermek we halas etmek üçin gelen adamlarynyň körlügi hem toba etmedik ýürekleri üçin aglaýardy.BG 17.1

    Isanyň gözüniň öňünden müň ýyldan gowrak wagt şondan ozal Hudaýyň halkynyň artykmaçlyklaryndan we ak patalaryndan peýdalanan ýehudy taryhy geçdi. Ine, Maryýa dagy. Ol ýerde wada berlen ogul, tabyn gurbanlyk sypanyň üstiinde Hudaýyň Oglunyň gurbanlygynyň nyşany hökmiinde daňylgy ýatyr. Ol ýerde ähli imanlylaryň atasy bilen rehimdarlyk ähti baglaşyldy hem-de oňa Mesih baradaky şöhratly wada berildi (Gelip çykyş 22:9; 18-19 serediň). Ol ýerde Ornanyň harman ýerindäki gurbanlyk sypasyndan asmana galan ýalyn heläk ediji perişdäniň gylyjyndan halas etdi (l Ýyl ýazgylary 21). Bu bolsa, Halasgäriň gurbanlygyny we Onuň günäkär adamzat üçin edýän töwellaçylygyny alamatlandyrýar. Hudaý lýerusalimi dünýädäki beýleki ýerleriň hemmesinden-de, artyk ýokary galdyrdy. “Reb Siony saýlady”. Ol “Özüne mesgen bolar ýaly, ony isledi” (Zebur 132:13). Bu ýerde tutuş ýüzýyllyklaryň dowamynda mukaddes pygamberler duýduryş habarlaiyny yglan etdiler. Bu ýerde ruhanylar ýakymly ysly serişdeleri ýakdy lar, şonda fimiam buludy bilen bilelikde Hudaýa dogalar edildi. Bu ýerde Hudaýyň Guzusyny alamatlandyran gurbanlyk mallarynyň ganlary dökiildi. Bu ýerde Ýehowa äht sandygynyň gapagynyň üstünde şöhrat içinde göründi. Bu ýerde ýer bilen asmany birikdirýän syrly basgançagyň, Hudaýyň perişdeleriniň münüp - düşýän we bütin dünýä mukaddesleriň Mukaddesine tarap barýan ýoly açýan basgançagynyň esaslary ýatyrdy (Gelip çykyş 28:12; Ýahýa 1:51 serediň). Eger ysraýyl halky Hudaýa wepalylygyna galan bolsa, onda lýerusalim ebedi Hudaýyň şäheri bolup galardy (Yermeýa 17:2125). Ýöne birwagtlar saýlanylan bu halkyň taryhy diňe imandan dänme we gozgalaňlar baradaky gaýgyly powest bolup galdy. Ysraýyllylar Gögiiň merhemetine garşylyk görkezdi, alan artykmaçlyklaryndan hyýanatçylykly Peýdalandylar we özleriniň mümkinçiliklerini äsgermezçilik etdiler.BG 17.2

    Olar “Hudaýyň çaparlaryny masgaralan, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik eden, Onuň pygamberlerini kemsiden” (2 Yyl ýazgylary 36:16), Hudaý olar üçin öňküsi ýaly, “Rehimli we merhemetli, giňgöwünli. tükeniksiz söýgüden doly we wepaly” Hudaý boldy; olaryň ýürekleriniň gatylygyna garamazdan, Hudaýyň rehimdarlygy olary çagyrdy durdy. Ata söýgüsinden-de, ýokary bolan söýgi bilen “atalarynyň Hudaýy> Reb olara pygamberleriň üsti bilen yzygiderli duýduryş berdi, çünki Onuň Öz halkyna we mesgenine rehimi indi” (2 Ýyl ýazgylary 36:15). Duýduryşlar, haýyşlar, nesihatlar biderek bolup çykandan soň, Hudaý olara gögüň iň gymmat sowgadyny iberdi; munuň üstesine-de, 01 şol Sowgatlaryň biriniň içinde bar gögi dökdi.BG 18.1

    Toba gelmedik şäherden toba gelmegini haýyş etmek üçin Hudaýyň Oglunyň Özi iberildi. Ysraýyly gowy üzüm agajy hökmünde Müsürden Mesih getirdi (Zebur 80:9). Olaryň ýanyndan butparazlary Onuň elleri kowdy. “Başy ümürli daglaryňýokarsynda” Öz üzüm agaçlaryny Ozi oturtdy we onuň aladasyny edip, daşyna haýat aýlady. 01 üzümçilige seretmekleri üçin Öz hyzmatkärlerini iberdi. 01: “Men Öz üzümçiligim üçin ýene näme etsemkäm, oňa name etmedimkäm?” diýip ýüzlenýär. Reb “uüzüm hasylyna garaşan bolsa-da, ol ýahany iizüm berdi” (Işaýa 5:1-4). Şeýle-de bolsa, miwe alma umydyny ýitirmän, mümkin boldugyça üzümçiligi gutamykly ölümden halas etmek üçin Hudaýyň Özi üzümçilige geldi. 01 ony agdaryşdyrdy, şahalaryny kesişdirip timarlady, oňa seretdi. Ol Özüniň söýgüli ekinini halas etmek üçin edýän tagallalarynda ýadawsyzdy.BG 18.2

    Şöhratyň hem nuruň Rebbi üç ýylyň dowamynda Öz halkynyň arasynda boldy. Ol “aýlanyp, ýagşylyk edip, iblisiň golastynda ezilenleriň baryna şypa berdi” (Resullaryň işleri 10:38; Luka 4:18; Matta 11:5). Onuň: “Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin” (Matta 11:28) diýen rehimli çagyryşy jemgyýetiň ähli gatlaklaryna gönükdirilendir.BG 18.3

    Onuň ýagşylyk edendigine garamazdan, ýagşylygyna ýamanlyk bilen, söýgüsine ýigrenç bilen jogap berdiler (Zebur 109:5), 01 bolsa Ozüniň rehimdarlyk hem bagyşlama işini gyşarnyksyz ýerine ýetirdi. Ol Öz merhemetine mätäç bolanlaryň hiç birinem iteklemedi. Gündelik kysmaty sögünç hem kynçylyk bolan öýsüz Sergezdan mätäçlere kömek etmek. görgi görýänleriň güniini ýeňilleşdirmek, olary ýaşaýyş sowgadyny kabul etmäge ynandyrmak üçin ýaşady. Adamlaryň daş ýüreklerine baryp urulýan merhemet tolkunlary ýene-de olara duýgudaşlyk hem beýan edip bolmajak söýginiňBG 18.4

    kuwwatly akymy bilen ýene gaýdyp geldi. Emma Ysraýyl özüniň iň gowy Dostuny we ýeke - täk Kömekçisini ret etdi. Onuň söýgä baý çagyryşlary we maslahatlary ýigrenç bilen inkär edildi, duýduryşlarynyň bolsa, iistünden gülündi.BG 19.1

    Yöne umydyň hem bagyşlamanyň wagty derrew akyp geçip gitdi. Hudaýyň gazabynyň sabyr käsesi püre - pür boldy. Imandan dänmeleriň we gozgalaňlaryň ähli ýüzýyllyklarynyň dowamynda ýygnanan betbagtçylyk bilen hasratyň ýigrenji buludy indi günäkär halkyň üstünde gök gümmürdisi we nälet bolup dargamaga taýýar bolup durdy. Olary ýakynlaşyp gelýän beladan halas edip biläýjek ýekeje Kişi inkär edildi, Onuň üstünden gülündi, Oňa masgaraçylykly haç garaşýardy. Golgotada Mesihiň haça çüýlenilmegi bilen saýlanylan halk hökmünde Ysraýyl üçin merhemet hem rehimdarlyk wagty-da gutarypdy. Eger diňe bir janyň ýitirilmegi dünýäniň ähli hazynalaryndan we baýlygyndan hem artykmaç bolan bolsa, indi Isanyň öňünde tutuş lýerusalim ýaýylyp ýatyrdy. Şonuň iiçin 01 bu şähere we birwagtlar Ozüniň bahasyna ýetip bolmajak zat hökmünde saýlan bütin milletine garaşýan ykbaly gördi.BG 19.2

    Pygamberler Iýerusalimiň Hudaýdan daşlaşmasy we olaryň günäleriniň alyp gelen gorkunç betbagtçylyklary üçin aglapdylar. Yermeýa öz halkynyň gyzynyň öldürilendigi we ýesirlige alnyp gidilen Rebbiň sürüsi üçin gije - gündiz aglap bileri ýaly, öz gözleriniň gözýaşlar çeşmesine öwrülmegini isleýär (Yermeýa 9:1; 13 - 17). Gözleri ýyllary däl-de, tutuş asyrlary gören Reb näme üçin hasrat çekdi? 01 şunça wagtlap Yehowanyň ýaşaýyş mesgeni bolan şäheriň üstünde gylyjyny gerip duran eli gylyçly heläk ediji perişdäni görýär. Soňy bilen Tit we onuň goşuny tarapyndan basylyp alnan Zeýtun dagynyň eňňedinde duran ýerinden Mesih jülgeleriň üsti bilen ybadathananyň mukaddes howlularyna we eýwanlaryna seretdi, gözýaşdan ýaňa ümüzleşen gözleri bilen duşman goşunlary tarapyndan gabalan şäher diwarlaryny we bu basybalyjylygyň ähli eýmenç netijelerini gördi. Ol gabalan şäherde çörek soraýan eneleriň we çagalaryň seslerini eşitdi. Ol jeňe taýýarlanýan goşunlaryň söweşjeň hereketleriniň seslerini eşitdi. Ol ot ýalny bilen gurşalan beýik hem mukaddes ybadathananyň, köşkleriň hem Iýerusalim minaralarynyň tüsseläp duran harabaçylyga öwrülenini gördi.BG 19.3

    Has-da aňyrraga, asyrlaryň jümmüşine aralaşanda, “çym - pytrak bolan gäminiň çägeli deňziň kenaryndaky bölekleri ýaly”, ähtiň bütin ýer ýüzüne pytran halkyny gördi. Ysraýyl çagalarynyň başyna gelmeli bolan bu bölekleýin jezada Isa ýehudylaryň soňky günde düýbüne çenli içmeli bolan gazap käsesiniň diňe ilkinji damjalaryny gördi. Onuň Hudaýlyk duýgudaşlygy, hasrat çekýän söýgüsi: “Eý, lýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak holdum, emma siz islemediňiz’” (Matta 23:37) diýen gussaly sözlerinde beýanyny tapdy. Wah, eger sen, Meniň saýlan we beýleki halklaryň hemmesinden ýokary galdyran halkym, Meniň gelen wagtymy we nämäniň özüňe parahatlyk getirjegini bir bilseňdiň! Men entek adalat perişdesiniň elini tutup durun. Men seni toba çagyrýaryn... ýöne siz... biderek ýere beýle etdiňiz. Sen diňe bir hyzmatkärleri, habarçylary we pygamberleri ret etmän, eýsem, Ysraýylyň Mukaddesini, öz Halasgäriňi inkär etdiň. Öz ölümiňe özüň günäkärsiň. “Ýöne siz ömrüňiz bolar ýaly, Maňa gelmek islemeýärsiňiz” (Ýahýa 5:40).BG 19.4

    Mesih Iýerusalimde öz imansyzlygynda ýüregini gatadan we Hudaýyň jeza beriji hökümine tarap tizlik bilen gidýän dünýäniň obrazyny gördi. 01 günäli adamyň ejirlerini Özüniň bütin durky bilen duýdy, şonuň üçin Onuň agzyndan ajy nala çykdy. Ol günäniň netijesini — adam betbagtçylyklaryny, gözýaşlary we ganlary - gördi. Onuň ýüregi ýer ýüzündäki ejir çekýänlere betbagtlara duýgudaşlykdan ýaňa gyýym - gyýym boldy. Ol olaryň hemmesine ýeňillik getirmek isledi. Ýöhe hatda Onuň elem adam betbagtçylyklarynyň akymyny saklap, yzyna öwrüp bilmedi, sebäbi olaryň diňe azajygy kömegiň ýeke - täk Çeşmesine ýüzlenipdiler. 01 olaryň halas bolmagy üçin Öz janyny ölüme berdi, emma ýaşaýyş almak üçin Onuň ýanyna olaryň azajygy geldi.BG 20.1

    Gögüň Beýikligi aglaýar!!! Tükeniksiz Hudaýyň Oglunyň kalby hasratdan doly, eziji gaýgynyň ýüki astynda egildi! Bu işler tutuş asmany haýran etdi. Bu işler ýazgyň aňrybaş günäliligini açýar we hatda Tükeniksiz Kuwwatlylyga-da, Hudaýyň kanunyny bozmanyň netijesinden günäkärleri halas etmäniň aňsat düşmändigini görkezýär. Isa soňky nesle pygamberlik nazary bilen seredende, dünýäni aldanan ýagdaýda gördi. Edil şonuň ýaly aldanma, bimagtlar Iýerusalimiň weýran bolmagyna sebäp bolupdy. Ýehudylaryň iň beýik günäsi Mesihi ret etmekleri bolupdy. Tutuş mesihilik dünýäsiniň beýik günäsi Hudaýyň gögi hem ýeri dolandyrmasynyň esasy hökmünde Onuň Kanunyny ret etmekde jemlenendir. olar Ýehowanyň kanunlaryna ýigrenç bilen seredýärler, munuň üçin bolsa, olar inkär ediler. Giinäniň zynjyrlary bilen baglanan, şeýtanyň ýesirleri, ikinji ölüme duçar bolan millionlarça adamlar “bagyş edilme” gününde hakykat sözüni kabul etmekden ýiiz öwrerler. Nähili aýylganç ýalňyşlyk! Nähili haýran galdyryjy körliik!BG 20.2

    Pesahdan iki gün öň Mesih soňky gezek ybadathana baryp, ol ýerde ýehudy ýolbaşçylaryny ikiýüzlülikde aýyplaýar. Ol ybadathanadan çykyp, Öz şägirtleri bilen bile Zeýtun dagyna gidýärde, otlara bürelip oturan eňňitde ornaşyp, şäheri synlaýar. 01 şäheriň diwarlaryna, minaralaryna we köşklerine ýene bir gezek seredýär, şonda Ol mukaddes dagyň täji kimin bolup duran göz gamaşdyryjy ybadathanany görýär.BG 21.1

    Müň ýyl ondan ozal bu ybadathanany Öz mesgeni edinen Hudaýy Onuň Ysraýyla bolan rehimdarlygy üçin beýgeldipdi. “Onuň çadyry Salemde, mesgeni Siondadyr”. Ol “Ýahuda tiresini, Özüniň söýen Sion dagyny saýlady. Mukaddes mekanyny belentlikler kimin, ebedi guran diinýäsi kimin bina etdi” (Zebur 76:2; 77:68-69). Birinji ybadathana Ysraýyl döwletiniň gülläp ösen döwründe guruldy. Dawut patyşa şu maksat bilen ummasyz hazyna ýygnady we Hudaýyň Ruhunyň ugrukdyrmasy bilen ony gurmak üçin gerek bolan zatlaryň hemmesini taýýarlady (1 Ýyl ýazgylary 28:12, 19 serediň). Ysraýylyň iň akyldar patyşasyBG 21.2

    Süleýman onuň gurluşygyny tamamlady. Bu ybadathana ýer ýüzündäki iň ajaýyp binalaryň biri bolupdy. Emma Reb Hagaý pygamberiň üsti bilen ikinji ybadathana babatda aýtdy. “Bu öýüň soňky şöhraty onuň öňki şöhratyndan hem has belent bolar ” diýýärin. Bu ýere abadançylyk bererin. Muny Men—Hökmürowan Reb aýdýandyryn». “Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary (Isleýäni) şu ýere geler we Men bu öýi baýlyklar bilen dolduraryn. Muny diýýän Men — Hökmürowan Rebdir” (Hagaý 2:9, 7).BG 21.3

    Nebukadnesar ybadathanany weýran edenden soň, ol ýenede Mesih dogulmazyndan 500 ýyl öň dikeldildi. Ony 70 ýyl ýesirlikde bolup, doly boşadylan we harabaçylyga öwrülen ýurduna gaýdyp gelen halk dikeltdi. 01 ýerde Süleýmanyň ybadathanasynyň şöhratyny gören garry adamlaram bardy. Olar täze gurlan bina hasrat çekip agladylar, sebäbi täzesi öňküsinden diýseň pes derejededi. Pygamber olaryň kalbyndaky ýagdaýy has aýdyň suratlandyrýar: “Araňyzda bu öýüň öňki şöhratyny görenlerden kim bar? Indi ol size nähili görünýär? Siziň nazaryňyzda ol hiç zatça görünýän-ä däldir? ” (Hagaý 2:3; şeýle hem, Ezra 3:12 serediň). Şonda bu ybadathananyň şöhratynyň öňküsiniňkiden artyk boljakdygy baradaky wada ýaňlandy.BG 21.4

    Ýöne ikinji ybadathana birinjiniň ajaýyplygy bilen deňeşip bilinedi we birinji ybadathanany tapawutlandyran Hudaýyň barlygynyň göze görnüp duran alamatlaryna mynasyp bolmady. Ikinji ybadathananyň ýagtylandyrylyşy birinji ybadathanada bolşy ýaly, adatdan daşary kuwwatyň ýüze çykmasy bilen bellenilmedi. Täze mukaddes ýeri doldurmak üçin şöhrat buludy inmedi. Gökden inen odam gurbanlyk sypasyndaky gurbanlygy ýalmamady. Hudaýyň şöhratynyň buludy indi mukaddesleriň Mukaddesindäki kerublaryň arasynda ýaşamady. Ol ýerde äht sandygam. merhemet tagtam, äht ýazylan daşlaram ýokdy. Ýehowanyň islegini soran ruhanynyň sözlerine jogap hökmünde gökden sesem ýaňlanmady.BG 22.1

    Asyrlaryň dowamynda ýehudylar Hudaýyň Hagaý pygambere beren wadasynyň ýerine ýetendigini subut etmäge çalyşdylar, emma hemme zat biderek boldy: ekepbirlik bilen imansyzlyk olaryň aklynyň gözlerini gapdy, pygamberlik sözleriniň hakyky manysy olar üçin bilinmän galdy. Ikinji ybadathana Ýehowanyň şöhratynyň buludy bilen ýagtylandyrylmady-da, Hudaýyň bar dolulygy Kimde ýaşaýan bolsa, Kim tendäki Hudaý bolan bolsa, Şonuň gönüden - göni barlygy bilen ýagtylandyryldy. “Hemme halklaryň Isleýäni” dogrudanam, Öz ybadathanasyna geldi. soň Ol Nasyraly Är kimin, mukaddes howlularda ders berdi we şypa berdi. Diňe Mesihiň gönüden - göni barlygynyň kömegi bilen ikinji ybadathana öz şöhraty bilen birinjiden öňe geçdi. Ýöne Ysraýyl Gögüň teklip eden sowgadyny inkär etdi. Ysraýylyň altyn derwezesinden çykan sadaja Mugallym bilen bilelikde ybadathanadan şol Mugallymyň şöhratam ybadathanany hemişelik terk etdi. Şonda Halasgäriň: “Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar” (Matta 23:38) diýen sözleri berjaý boldy.BG 22.2

    Şägirtler ybadathananyň weýran boljakdygy baradaky Mesihiň pygamberligini eşidenlerinde, olary mukaddes titreme we haýran galyjylyk gurşap aldy, şol sebäpdenem, olar Onuň sözleriniň manysyna has çuň düşünmek islediler. Kyrk ýyldan gowrak baýlyk, arhitektorlaryň zähmeti hem sungaty bu ybadathanany gitdigiçe ajaýyplaşdyrypdy. Beýik Hirodes sahylyk bilen ybadathana üçin rim hem ýehudy gaznalaryndan pul goýberýärdi, hatda rim imperatory-da, ony özz sowgatlary bilen baýlaşdyryp durýardy. Rimden ybadathana üçin ullakan ak mermerler getirildi. Olaryň käbirleri juda uly ölçeglidi. Şägirtleri Halasgäriň ünsüni şu zatlara çekip: “Mugallym! Gör, ne ajap daşlar, ne ajap jaýlar!” (Markus 13:1) diýdiler.BG 22.3

    Isa: “Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi dargar” (Markus 24:2) diýmek bilen bu sözlere hemmeleri tolgundyran dabaraly jogaby berdi.BG 23.1

    Şägirtler özleriniň düşünjesinde bütindünýä tagtynda oturyp, toba gelmedik ýehudylary jezalandyrmaly we Rimiň süteminden halky azat etmeli bolan Mesihiň geljekdäki gelmesini Iýerusalimiň weýran edilmegi bilen baglanyşdyrdylar. Reb olara Özüniň ikinji gezek hem geljekdigini ozalam aýdypdy. Şol sebäpdenem, olar Iýerusalimiň höküm ediljekdigi agzalanda, ilki bilen Mesihiň ikinji gelşi hakda pikir etdiler we Zeýtun dagynda Halasgäriň töwereginde oturanlarynda? “Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňifi we ahyrzamanyň alamaty näme bolar? ” (Matta 24:3) diýip soradylar.BG 23.2

    Rebbiň rehimdar eli olardan geljegi gizledi. Eger şägirtler şol tolgundyryjy wakalaryň hemmesine - Halasgäriň görgülerine we ölümine, özleriniň şäheriniň we ybadathanasynyň weýran boljagyna - şol wagtda akyl ýetiren bolsalar, olar gorkudan ýaňa ýürekleri ýarylardy. Mesih olara soňky döwürde boljak alamatlaryň birgidenini aýdýar. Şol wagtda Onuň sözleri doly düşnükli däldi. Onuň sözleriniň manysy Özüniň şol öwüt - nesihatlara mätäç bolan halkyna kem - kemdenBG 23.3

    açylmalydy. Mesihiň pygamberligi özünde iki manyny saklaýardy. Bu pygamberlik Iýerusalimiň weýran boljagyny görkezmek bilen bir wagtyň özünde soňky beýik günüň elhençliklerinem öňünden habar berýärdi.BG 23.4

    Isa şägirtlerine Hudaýdan ýüz öwren Ysraýylyň iistünden amala aşmaly bolan hökümler hakda gürrüň berende, Mesihi inkär edendikleri we Ony haça çüýländikleri sebäpli ýehudylaryň üstlerinden injek jeza olaryň ünstini aýratyn çekdi. Bu eýmenç tamamlanmadan öňiinden jedelsiz alamatlar gelmelidi. Gorkunç sagat tizhem duýdansyzgelmelidi. Şonuň üçin Halasgär yzyna eýerijilere: “Şeýlelik bilen, Daniýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň mukaddes ýerde duranyny göreniňizde (okyjy düşünsin/ Yahudadakylar daglara gaçsyn” (Matta 24:15) diýip duýduryş berdi. Rimiň butparaz baýdaklary şäher diwarlary’ndanda, birnäçe ýüzlerçe metrlere uzalyp gidýän mukaddes topraga dikilende, Mesihiň yzyna eýerijiler gaçyp halas bolarlar. Duýduryjy alamatlar görnende, gutulyşyňy soňa goýmak bolmaz. Şol alamata Ýahudada we Iýerusalimde ýaşaýanlaryň hemmesiniň tabyn bolmagy gerekdir. Şol pursatda jaýyň üçeginde duran adam, hatda gymmat zatlaryny almak üçine içerik girmeli däldir. Atyzda ýada üzümçilikde işläp ýören adam günüň ýakyp barýan şöhleleriniň astynda işlän wagty egninden çykaryp goýan donunyň ýatan ýerine gaýdyp barmaly däldir. Eger olar umumy ykbaldan gaça durmak isleseler, ýekeje pursaty hem ýitirmeli däldirler.BG 23.5

    Hirodesiň patyşalyk eden döwründe Iýerusalim diňe bir gözelligi bilen şöhratlanman, eýsem, gurlan minaralaryň, diwarlaryň we galalaryň berkligi bilenem şöhratlandy. Şol berkligiň kömegi bilenem, ol doly mäkäm boldy. Şu sebäpdenem, şol wagtlarda lýerusalimiň weýran boljagyny öňünden aýdan adamy, edil Nuh ýaly, akylsyz dowulçy hasaplardylar. Ýöne Mesih: “Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez” (Matta 24:35) diýdi. Iýerusalim öz günäleri üçin Hudaýyň gazap käsesinden içmelidi: onuň ýaşaýjylarynyň tutanýerli imansyzlygy özykbalyny öňden kesgitledi.BG 24.1

    Reb Mika pygamberiň üsti bilen:
    Muňa gulak asyň,
    eý, adalaty ýigrenip, hakykaty ýoýýan
    Yakup nesliniň baştutanlary!
    Ysraýyl halkynyň ýolbaşçylary!
    Siýony gan bilen,
    Iýerusalimi adalatsyzlyk bilen bina edýänler!
    Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar,
    ruhanylary tölegli sapak berýärler,
    pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler.
    Şonda-da olar Rebbe daýanyp:
    “Reb biziň bilendir!
    BG 24.2

    ....Başymyza hiç bela gelmez” diýýärler” (Mika 3:9 — 11) diýdi.BG 24.3

    Bu sözler lýerusalimiň ýaşaýjylarynyň azgynçylygyny we ýasama takwalygyny adalatly beýan edýär. Hudaýyň Kanunyny gyşamyksyz berjaý edýändiklerini öwünip aýdany bilenem, olar şol bir wagtyň özünde onuň prinsipleriniň hemmesini bozýardylar. Olar Mesihi ýigrenýärdiler, sebäbi Mesihiň arassalygy we mukaddesligi olaryň haramçylygyny görýärdi, şonuň üçin Ony başlaryndan inen ähli betbagtçylyklarynyň sebäpkäri edip goýýardylar. Mesihiň ýazgarar ýaly hiç zat etmändigini bilseler-de, olar barybir Onuň ölüminiň milletiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerurdygyny tassykladylar. Yehudy ýolbaşçylary” ” Oňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder, rimliler hem gelip, ýurdumyzy-da, halkymyzyda eýelär” (Ýahýa 11:48) diýdiler. Eger Mesih öldürilse, onda ýehudylar ýene-de güýçli hem berk birigen halk bolar. Olar baş ruhanynyň pikiri bilen biragyzdan ylalaşyp, bütin millet heläk bolandan, bir Adamyň ölmegine ýol berenimiz gowy diýip pikir etdiler.BG 24.4

    Şeýdip, ýehudy ýolbaşçylary “Siony gan bilen - Iýerusalimi nähaklyk bilen” galdyrdylar. Olaryň özlerini aldamasy şeýle beýikdi welin, hatda öz günälerini paş edendigi sebäpli, özleriniň Halasgärini öldüribem, özlerini Hudaýyň saýlan halky hasaplaýardylar hem-de öz duşmanlaryndan Rebbiň halas ederine umyt baglaýardylar. Pygamber sözüni dowam etdirip şeýle diýýär:BG 24.5

    “Şonuň üçin hem siz sebäpli
    Siýon ekin meýdany kimin sürler.
    lýerusalim harabaçylyga öwrülip,
    ybadathana gurlan dag
    tokaýlyk depesine doner”
    BG 25.1

    (Mika 3:12).

    Mesihiň lýerusalimiň ykbaly hakda pygamberlik edenine takmynan kyrk ýyl geçdi, Reb bolsa, bu şäheriň we halkyň üstünden höküm çykarmasyny soňa goýýardy. Hudaýyň Öz Hoş Habaryny inkär edenlere we Ogluny öldürenlere uzak sabyrly bolmagy nähili tolgundyryjy zat boldy. Miwesiz injir agajy baradaky tymsal Hudaý bilen ýehudy halkynyň gatnaşyklaryny alamatlandyrýar. “Ony kes, nämä ýeri biderek tutup otyr? ” (Luka 13:7) diýen buýruk boldy. Emma Reb Öz rehimdarlygy bilen şähere ýene birnäçe wagtlytk rehim etdi. Mesih we Onuň missiýasy barada hiç zat bilmeýän ýene azajyk ýehudy galypdy. Ösüp gelýän çagalara ene - atalarynyň inkär eden ýagtylygy entek düşmändi. Hudaý Öz resullarynyň hem olaryň yzyna eýerijileriň üsti bilen olara ýagtylyk ibermek isiedi. Ol muny şol çagalaryň pygamberlikleriň diňe bir Mesihiň amala aşman, eýsem, ölümi bilen direlmesinde-de amala aşandygy görmeklerini isleýändigi üçin etdi. Çagalar ene - atalarynyň günäleri üçin höküm edilmediler, ýöne ene - atalaryna hem özlerine berlen ýagtylygy äsgermezçilik etmek bilen ene — atalarynyň jenaýatlaryna gatnaşyjylar boldular we öz kanunsyzlyklarynyň mukdaryny artdyrdylar.BG 25.2

    Hudaýyň lýerusalime bolan sabyrlylygy ýehudylary toba etme we günäleri bagyşlama baradaky habara kejirlik bilen garşy çykmalaryny hasda berkitdi. Olar Isanyň şägirtlerine duşmançylykly hem zalymlyk bilen garap, merhemetiň soňky çagyryşyny-da, inkär etdiler. Şonda Hudaý olary Özüniň goragyndan mahrum etdi; Hudaý şeýtany we onuň perişdelerini saklamagyny bes etdi, şonuň üçin bütin millet özi üçin saýlan serdarynyň gol astynda galdy. Iýerusalimiň çagalary erbet niýetleri hem meýilleri tabyn etmäge ukyply bolan Mesihiň merhemetini inkär etdiler, şondan soň, ýamanlyk olary doly eýeledi. Şeýtan adam kalbynda iň zalym hem pes derejedäki höwesleri döretdi. Indi adamlar sagdyn pikire esaslanmaýardylar - oiara emosional güýjeme bilen kör gazap ýolbaşçylyk edýärdi. Olar özleriniň gazaplary içinde şeýtana meňzeş boldular. Maşgalalarda hem jemgyýetde, meşhur adamlaryň içinde we ýönekeý adamlaryň arasynda şübhelilik, göripçilik, ýigrenç, gahar, höküm sürdi, ganhorluklar edildi. Hiç ýerde özüňi howpsuzlykda duýup bilmejek ýaly bolup görünýärdi. Dostlar hem garyndaşlar biri - birlerine haýynlyk edýärdiler. Ene - atalar çagalaryny, çagalaram ene - atalaryny öldürýärdiler. Halkyň ýolbaşçylary özlerine ygtyýar edip bilmeýärdiler. Jylawlap bolmaýan höwesleri olary zalym adama öwrüpdi. Ýehudylar geçmişde ýalan şaýatlygy kabul edip, Hudaýyň Ogluny ölüme höküm edipdiler. Indi bolsa, ýalan şaýatlyklar olaryň özlerini rahatlykdan mahrum edipdi. Olar özleriniň eden işleri bilen bireýýäm diňe: “bizi Ysraýylyň Mukaddesi bilen ýüzleşdirmäň’ (Işaýa 30:11) diýipdiler. Indi olaryň islegi ýerine ýetipdi. Hudaýdan gorkmaklyk indi olary biynjalyk edenokdy. Bütin halk şeýtana tabyn bolupdy; raýatlyk hem ruhy häkimlik şeýtanyň gözegçiligi astyndady.BG 25.3

    Wagtal - wagtal urşujy partiýalaryň ýolbaşçylary bile talamak we özleriniň bagtygara pidalaryny gynamak üçin birigýärdiler, ondan saňam, özaralarynda gan döküşikli uruşlary alyp barýardy lar. Hatda ybadathananyň mukaddesligem olary gazaply wagşylykdan saklap bilmeýärdi. Doga edip duranlary sypanyň öňünde öldürýärdiler, şol sebäpdenem, mukaddes ýer öldürilenleriň jesetleri bilen hapalandy. Şeýle-de bolsa, şeýtanyň bu erbet işleriniň başyny başlaýjylar özleriniň köplüginde we hudaýsyz gedemliginde lýerusalimiň hiç hili weý rançy ly gy ndan gorkmaýandyklaryny, sebäbi bu şäheriň Hudaýyňkydygyny açyk aýdýardylar. Öz sözleriniň tassyklanmasynyň alamaty hökmünde olar, hatda ybadathana rimliler tarapyndan gabalyp alnanda-da, adamlarda Hudaýyň gutulyşyna umyt döreden ýalan pygamberleri hakyna tutdular. Köpler soňky pursata çenli Hudaýyň Öz şäherini gorajagyna we duşman goşunlaryny derbi - dagyn etjegine ynamly boldular. Emma Ysraýyl Hudaýyň goragyny ýigrenç bilen ret edipdi, şol sebäpdenem, goragsyz galypdy. Wah, özara uruşlar sebäpli, parçalanan Iýerusalim! Çagalaryň seniň köçeleriňde biri - biriniň ganyny dökýärler, çet ýurtly goşunlar galalaryňy berbat edýärler we esgerleriňi öldürýärler!BG 26.1

    Mesihiň Iýerusalimiň weýran boljagy baradaky pygamberligi göni manysynda amala aşdy. Ýehudylar özleriniň ajy tejribesinde Mesihiň: “haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, sizede şol ölçeg bilen ölçeler” (Matta 7:2) diýen duýduryjy sözleriniň hakykatyna akyl ýetirdiler.BG 26.2

    Betbagtçylyklary we ölümi öňden duýdurýan alamatlar hem gudratlar bolup geçdi. Gijesine ybadathananyň we gurbanlyk sypasynyň üstünde adatdan daşary ýagtylyk öwşün atdy durdy. Gün batyp barýarka, bulutlarda urşa taýýar bolan uruş at arabalary we ýaragly esgerler göründi. Ybadathanada gijeki gullugy ýerine ýetiren ruhanylary syrly sesler gorkuzdy; ýer yrandy, köp sanly aglaýanlaryň sesi: “Bu ýerden gidýýäris, gidýäris...” diýip nalady. Äpet gündogar derweze şeýle agyr bolsa-da, ony ýigrimi adam zordan açýan bolsa-da, demir sürgüleri daş diwara şeýle çuň hem berk birikdirilen bolsa-da, ýarygije öz-özünden açyldy.BG 26.3

    Bir öňden görüji adam ýedi ýyllap lýerusalimiň köçelerinde aýlanyp, gaty ses bilen bu şähere garaşýan betbagtçylyklary yglan etdi. Ol gije —gündiz: “Gündogar tarapdan ses gelýär! Günbatar tarapdan ses gelýär! Dört şemaldan ses gelýär! lýerusalime we ybadathana garşy ses gelýär! Gelin bilen öýlenýän ýigide garşy ses gelýär! Bütin halka garşy ses gelýär!” diýen gaýgyly sözleri aýtmagyny bes etdirmedi. Bu birgeňsi adamy zyndana saldylar-da, zalymlyk bilen ýençdiler, emma onuň agzyndan ýekeje-de arz çykmady. Ol kemsidilmeleriň we üstünden gülmeleriň hemmesine diňe: “Dat, Iýerusalime dat! Onuň ýaşaýjylaryna dat!” diýip jogap berdi. Duýduryjy ses diňe şol öňden görüjini zalymlyk bilen öldürenlerinden soň kesildi.BG 26.4

    lýerusalim weýran bolanda, ýekeje mesihi-de, heläk bolmady. Mesih Öz şägirtlerine öňünden duýdurdy, şol sebäpdenem, Onuň sözüne ynananlar wada berlen alamatlaryň peýda bolşuny synladylar. Mesih: “Iýerusalimi goş unlaryň gurşanyny göreniňizde, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýdygyny biliň. Şonda Yahudadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesiri” (Luka 21:20-21) diýdi. Rimliler Sestiýanyň buýrugy astynda şäheri gabanlarynda, hemme zadyň haýal etmän hüjüme girmäniň peýdasyna gürleýän ýaly bolup görnendigine garamazdan, birden gurşaw aýryldy. Şäheriň halas bolma bar umydyny ýitiren ýaşaýjylary eýýäm tabyn bolmaga taýýardylar, ýöne rim serkerdesi göze görnüp duran hiç hili sebäp bolmasa-da, goşunlaraBG 27.1

    ýehudylaryň paýtagtyndan çekilmegi burýuk berdi. Hudaýyň rehimdar öňden görüjiligi ähli wakalary Öz halkynyň abadançylygyna bolar ýaly edip dolandyrdy. Mesihilere wada edilen alamatlar berlipdi, şonuň üçin indi Mesihiň sözüne gulak asýan adamda halas bolmaga mümkinçiligi bardy. Wakalar mesihileriň gaçmagyna ýehudylaram rimlilerem päsgel berip bilmez ýaly öwrülişige geçdi. Şäheri goraýan ýehudylar Sestiýanyň yza çekilen goşunlarynyň yzyndan kowalanlarynda, iki goşunyňam, söweşe girende, mesihiler şäherden gitmäge mümkinçilik aldylar. Gabaw wagtynda ýehudylar çatma - telär baýramyna Iýerusalime ýygnandylar, şonuň üçin bütin ýurtda mesihileriň gaçmagyna päsgel berer ýaly adam ýokdy. Mesihiler ýekeje pursaty hem elden bermän, howpsuz ýere - Iordanyň aňyrsyndaky Pereýada ýerleşýän Pella şäherine - gaçyp gitdiler.BG 27.2

    Yehudy goşunlary Sestiýanyň goşunyny yzarlap barşyna, duşmanyň tylyna şeýle gazap bilen döküldiler welin, rimlilere doly ýok bolma howpy abandy. Yene çekilip we goşun ýygnamak olara gaty kynçylyk bilen başartdy. Yehudylar ähmiýetsizje diýen ýaly ýitgiler hem baý olja bilen Iýerusalime dabara bilen gaýdyp gelidler. Emma gözlerine görnen bu ýeňiş olar bilen eýmenç degişme oýnuny oýnady. Bu ýeňiş olarda rimlilere kejirlik bilen garşy çykma ruhuny has-da berkitdi, şol sebäpdenem, bu tizara gabalan şäheriň üstünden pikir edilmejek berbagtçylygy we bela-beteri inderdi.BG 27.3

    Tit paýtagty gabamasyny gaýtalanda, Iýerusalimiň başyndan nähili gorkunç betbagtçylyk indi! Bu Pesah wagtynda boldy, şol sebäpdenem, lýerusalimde milliondan-da, gowrak ýehudy ýygnanypdy. Şäheriň içindäki azyk ätiýaçlygy paýhaslylyk bilen paýlanylanda uzagrak wagta ýetýärdi, emma ol duşmançylykly partiýalaryň ikitaraplaýyn şübheçilligi we ar alyjylygy sebäpli, ýok edilipdi. Şonuň üçin indi aýylganç açlyk başlanypdy. Bugdaýyň kilosy bir talantdan satyldy. Açly k görgüleri şeý le gorkunçdy wel i n, adamlar kemerlerini köwüşlerini we beýleki gaýyşdan edilen zatlaryny gemirýärdiler. Gijäniň içinde kimdir biri ýabany ösümliklerden ýygmak üçin gizlinlikde şäher derwezesinden daşa çykýardy. Şonda olaryň köpüsi tutulyp, iň wagşyçylykly usulda öldürilýärdi. Sag - aman yzyna gaýdyp gelmek başardanlary bolsa, öz watandaşlarynyň hüjümine duçar bolýardy. Olar onuň janyna töwekgelçilik edip ýygyp gelen zadyny elinden alýadylar. Häkimiýet eýeleri juda wagşyçylykly usulda hereket edip, aç adamlardan elindäki soňky owuntygyna çelni alýardy. Munuň ýaly zalymlyklar azyksyzlara edilmeýärdi-de, azyk ätiýaçlygynyň üstiini doldurjak bolýanlara edilýärdi.BG 28.1

    Müňlerçe adamlar açlykdan hem syrkawlykdan öldüler. Tebigy ysnyşyk hem söýgi duýgusy-da ölen ýaly bolup görünýärdi. Ärler öz aýallaryny talaýardylar, aýallar bolsa ärlerini. Çagalar garry ene - atalarynyň agzyndan iýmiti kakyp alýardylar. Pygamberiň: ” Emdirýän balasyny unudyp bilermi ene؟” (Işaýa 49:15) diýen soragy gabalan şäheriň diwarlarynyň içinde öz jogabyny tapdy:BG 28.2

    Yuka ýürek aýallar çagalaryny öz elleri bilen özleri bişirdi” (Ýermeýanyň agysy 4:10).BG 28.3

    Ýene-de on dört ýüz ýyl ozal duýduryş bilen berlen pygamberlik ýerine ýetdi: “Araňyzdaky sahy we näzik aýal, öz sahylygyndan we näzikliginden ýaňa aýagyny ýere basmaýan zenan naharyny öz mähriban adamsyndan, ogul-gyzyndan gysganar. Duşmanyňyz galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, şol aýal dogranyndan soň, hatda satanynyň arasyndan çykan çagasynyň ýoldaşyny gysganyp, öz dogran çagalaryny hem açlykdan ýaňa ogrynça iýer” (Kanun taglymaty 28:56-57).BG 28.4

    Rim ýolbaşçylary ýehudylary gorkusyp, olary tabyn bolmaga mejbur etmäge synanyşdylar. Şäheri basyp alanda özlerine garşylyk görkezen ýesirleri gamçyladylar, gynadylar we şäher diwarynyň öňünde haça çüýlediler. Hergünde ýüzlerçe adamlar şunuň ýaly edilip öldürildi. Munuň ýaly gorkunç iş losafat hem Golgota jülgeleri sansyz — sajaksyz haçlardan dolup, arasyndan geçip bolmaz ýaly dereje ýetýänçä dowam etdirildi. Ýehudylaryň Pilatusyň höküm kiirsüsiniň öňünde: ” Onuň ganyna biz, biziň çagalarymyz jogapkär!” (Matta 27:25) diýmek bilen özleriniň üstüne alan lagnaty şeýle eýmençlik bilen amala aşdy.BG 28.5

    Tit munuň ýaly gyrgynçylygy bes etmäge we lýerusalimiň doly weýran bolmagyna ýol bermezlige taýýardy. Ol depelerdäki we düzlüklerdäki jesetleri görende, huşy başyndan uçdy. Ol juda sustupes ýagdaýda Zeýtun dagynyň ýokarsynda durup, ajaýyp ybadathana seretdi we ýekeje daşyny hem ellemezlige buýruk berdi. Ol aýgytlaýjy hüjümiň öň ýanynda, ýehudy ýolbaşçylaryna ýüzlenip, öldürilen adamlaryň gany bilen ybadathanany murdar etmäge özüni mejbur etmezlige çagyrdy. Ol ýehudylara başga ýere çykyp, şol ýerde hem özi bilen söweşmekligi teklip etdi we ýekeje rimli adamyň hem, ybadathananyň mukaddesligini bozmajakdygyna söz berdi. losif Flawiý tolgundyryjy hem dilewar sözler bilen özleriniň janlaryny, şäherini, seždegähini halas etmek üçin olardan tabyn bolmaklaryny haýyş edip sorady. Yöne onuň çagyryşyna jogap hökmünde gaty sesler bilen aýdylan lagnatlar eşidildi. Peýkamlar olaryň soňky tarapdaryna tarap ýagyş kimin ýagdy. Yehudylar Hudaýyň Oglunyň ähli ýalbaryşlaryny inkär etdiler. Indiki ýalbar-ýakarlar bilen haýyşlar olaryň soňuna çenli garşylyk görkezme çözgüdini has»da berkleşdirdi. Titiň ybadathanany halas etjek bolup eden synanyşyklarynyň bary biderek boldy. Rim serkerdesinden has uly bolan Biri ol ýerde daş üstünde daşyň galmajakdygyny aýdypdy.BG 29.1

    Ýehudy ýolbaşçylarynyň köre - körlükli kejirlikleri we gabalan şäheriň diwarlarynyň içinde edilýän jenaýatlar rimlilerde haýran galma hem ýigrenç döretdi. Tit ybadathanany hüjüm bilen almagy hem-de ony weýran bolmadan halas etmek üçin, elbetde, elinden gelenini etmegi karar edindi. Yöne onuň buýruklaryna hiç kim üns bermedi. Gije Tit öz çadyryna giden wagtynda, ýehudylar ybadathanadan çykyp, rim esgerleriniň üstüne hüjüm edýärler. El söweşi wagtynda, esgerleriň biri penjireden ýanyp duran oduny alyp zyňýar welin, mukaddes ýeriň töweregindäki içine kedr agajy kakylan otaglar göz açyp - ýumasy salymyň içinde ot alýar. Tit özüniň serkerdeleri hem goşun ýolbaşçylary bilen bilelikde bu ýere howlugyp gelip, esgerlere ýangyny söndürmegi buýruk berýär. Emma onuň sözüne hiç kim üns bermeýär. Esgerler gahardan ýaňa ýanyp duran odunlary ybadathana degip duran otaglara zyňyşdyrýarlar, soň bolsa, ybadathananyň diwarlarynyň içinde gizlenenleri öldürýärler. Gan ybadathananyň basgançaklaryndan suw bolup akýar. Müňlerçe ýehudylar şonda wepat boldular. Söweşiň sesi: “”Ihawod” - “şöhrat gitdi” - diýen nala seslerini basdy.BG 29.2

    “Tit esgerleriň gazabyny saklap bilmedi. Ol öz serkerdeleri bilen mukaddes ýeriň içini görmäge girende, onuň ajaýyplygyna aňk boldy, şol sebäpdenem, ýangynyň entek bu ýere etmändigi sebäpli, ylgaýşyna daşary çykyp, esgerlerini ýangyny Söndürmelidigine ynandyrmaga çalyşdy. Senturion Liberaliý özüniň ýolbaşçylyk hasasynyň kömegi bilen esgerleri tabyn etjek boldy, emma hatda imperatora bolan hormatam, ýehudylara garşy aňrybaş gazabyň, söweşiň aldym — berdimli gyzgalaňynyň we baş bermeýän baýlyga bolan teşneligiň öňünde durup bilmedi. Esgerler töwerekdäki hemme zady altyna gaplanyp, öwşün atýandygyny, ot ýalnyna has-da göz gamaşdyryjy bolýandygyny gördüler. Şol wagt esgerleriň biri bildirmän çalaja açyk duran gapydan bir ot kesindisini içerik zyňýar welin, tutuş binany ot gaplap alýar. Ýiti tüsse bilen ýalynly ot serkerdeleri yza çekilmäge mejbur etdi. Şeýdip, ajaýyp bina ýok edilmä duçar boldy.BG 29.3

    Eger bu zatlar rimlileri gorkuzan bolsa, onda ýehudylar näme duýdukalar? Şäheriň ortasynda ýokary galyp duran dagyň depesi wulkan kimin bolup alawlady. Otly ummanyň içinde eýmenç şatyrdy bilen ymaratlar ýok bolup gitdi. Kedr agajyndan ýasalan üçekler otly mata meňzeş boldy; altyn çaýylan ýiti uçly inçe gümmezler otly - gyzyl fakel kimin boldy. Derwezeleriň minaralaryndan ýalyn bilen tüsse al asmana galdy. Ýangynyň ýagtysy düşüp duran goňşy depeleriň üstünde ymaratlary ýalmap — ýuwdup barýan ody howsala bilen synlap duran adamlaryň şekilleri görünýärdi. Şäheriň ýokarky böleginiň diwarlarynyň we minaralarynyň üstide, adamdan doludy. Olaryň käbirleri çykgynsyzlykdan hem gynançdan ýaňa ýüzlerini ak esgi kimin edip, käbirleri-de, alaçsyz gazap bilen bolýan zatlara seredip durdylar. Her tarapa ylgaýan rim esgerleriniň gykylyklary, oduň içinde ölüp barýan gozgalaňçylaryň dady - perýatlary otly hadysanyň gopguny hem agdarylýan pürsleriň gulagyňy gapyp barýan gohy bilen utgaşyp gidýärdi. Adamlaryň çirkin sesleri daglarda ýaň bolup ýaňlanýardy. Diwarlaryň ýanlarynda diňe nala bilen perýat eşidilýärdi. Açlykdan ýaňa surnugan adamlar ölümiň öň ýanyndaky ahy — nalasynda özleriniň lapykeçligini hem hasratyny beýan etmek üçin galan güýçleriniň baryny jemleýärdiler.BG 30.1

    Şäher diwarlarynyň içinde daşyndakydan-da beter eýmenç gyrlyşyk bolýardy. Erkeklerdir aýallar, garrylardyr ýaşlar, gozgalaňçylardyr ruhanylar, söweşijilerdir rehimdarlyk dileýänler bulam — bujarlykly ganly gyrgynçylykda ölýärdiler. Ölenleriň sany öldürýänleriň sanyndan artykdy. Esgerler özleriniň gan döküjilikli işini dowam etdirmek üçin jeset üýşmekleriniň üstlerine çykýardylar”.BG 30.2

    Ybadathana weýran edilenden soň, tizara bütin şäher rimlileriň eline geçdi. Ýehudy ýolbaşçylary özleriniň berk minaralaryny terk etdiler, şonuň üçin hem Tit olary görende, minaralar boşdy. Haýran galmak bilen seredip ýörşüne, Tit bu zatlaryň hemmesini öz eline diňe Hudaýyň berendigini aýtdy, sebäbi munuň ýaly äpet gözeneklenip salnan diwary hiç bir diwar ýykyjy maşynam ýykyp bilmeýärdi. Şäheriňem, ybadathananyňam, küli asmanasowruldy. Şeýdip, ýehudylaryň ybadat eden mukaddes ýeri ” ekin meýdany kimin sürüldi” (Yermeýa 26:18). Şäher gabalanda we ondan soňky gyrgynçylykda milliondan gowrak adam öldi. Diri galanlary bolsa, ýesir edilip äkidildi, gul edilip satyldy; ýeňijilere göwün açma etmek üçin Rime äkidildi; ýabany haýwanlar paralar ýaly, amfiteatrlara taşlanyldy, käbirleri-de, öýsüz - öwzarsyz sergezdanlar ýaly, bütin ýer ýüzüne dargadylar.BG 30.3

    Yehudylar gandallary özlerine özleri dakdyrdy, gazap käsesini püre - pür edip özleri doldurdy. Bu halkyň üstünden inen gabahatçylyk, ýehudylaryň ýer ýüzüne ýaýrap çeken betbagtçylyklary - diňe öz elleri bilen ösdüren zadynyň miwesidir. Pygamber: “Men seni ýok ederin, eý, Ysraýyl”, “Sen etmişleriň sebüpli büdrediň” (Hoşeýa 13:9; 14:2). Olaryň çeken jebirleri köplenç Hudaýyň beren göni jezasy hökmünde düşündirilýär. Şeýle etmek bilen beýik ýalançy öz işiniň ýuwmarlamaga çalyşýar. Hudaýyň söýgüsine we merhemetine tutanýerlilik bilen garşy çykan ýehudyýar Rebbiň goragyndan mahrum boldular, şonuň üçinem, şeýtan olary öz islegine görä dolandyrmaga mümkinçilik aldy.lýerusalim weýran edilende ýüze çykan iň gazaply zalymlyk şeýtanyň öz gol astyndakylara ar alyjylykly daraýandygyny görkezýär.BG 31.1

    Biz özümize sowgat berlen asudalyk hem rahatlyk üçin Mesihe näderejede borçludygymyza akyl ýetirip bilmeýäris. Diňe Hudaýyň güýji şeýtany saklap, adamzady onuň doly häkimliginden goraýar. Tabyn bolmazak hem gadyrbilmezek adamlarda şeýtanyň gazaply hem zaly m güýjüni jylawlamada ýüze çykýan rehimdarlygyna hem sabyrlylygy üçin Oňa minnetdar bolmaga sebäp köpdür. Ýöne adamlar Hudaýyň sabrynyň çäklerinden çykanda, Ol adamlary Özüniň howandarlygyndan mahrum edýär. Hudaý asla günäkäriň üstünden çykarylan hökümi ýerine ýetirýän jellat däldir. Hudaý Öz rehimdarlygyny inkär edýän adamlary öz - özlerine tabşyrýar, ýagny adamlara öz ekenini ormaga rugsat berýär. Ýagtylygyň inkär edilen her bir şöhlesi, her bir ýakymsyz duýduryş, Hudaýyň Kanunynyň her bir bozulmasy, her bir aýnadylan höwes - bu ekilen tohumdyr, ol hökman miwe getirýändir.BG 31.2

    Tutanýerlilik bilen inkär edilen Hudaýyň Ruhy ahyrsoňunda günäkärden daşlaşýar, ine, şonda günäli höwesleri saklamaga hiç hili güýç galmaýar, onuň kalbyda. şeýtanyň gazabyndan hem ýigrenjinden goraýan ähli goraglardan mahrum bolýar. lýerusalimiň weýran bolmagy Hudaýyň rehimdarlygyny äsgermezçilik edýän we Hudaýyň merhemetinden ýüz öwürýän adamlaryň hemmesi üçin haýbatly hem dabaraly duýduryşdyr. Bu Hudaýyň günäni ýigrenýändiginiň we günäkäriň üstünden injek jezanyň gutulgysyzdygynyň iň güýçli şaýatlyklarynyň biridir.BG 31.3

    Halasgäriň Iýerusalimiň höküm ediljegi baradaky pygamberligi ýene bir gezek ýerine ýetmelidir. Ýehudylaryň paýtagtynyň eýmenç boşamasy - boljak zatlaryň bary — ýogy kölegesidir. Saýlanylan halkyň başyndan inen belada biz Hudaýyň merhemetini ret eden we Onuň Kanunyna garşy çykýan dünýäniň ykbalyny görýäris. Ine, köp ýüzýyllyklaryň dowamynda jenaýatlar edilip gelýär, ýer hem, adamlaryň sansyz - sajaksyz güzaplarynyň hasratly keşbiniň şaýady bolup durýar. Bu betbagtçylyklaryň hemmesi hakda pikir edeniňde, ýürek agyrydan ýaňa gysylýar, aklyň ümüzlenýär! Gögüň ygtyýaryny inkär etmekligiň nähili eýmenç netijesi boldy! Ýöne geljek baradaky görnüşlerde ondada gaýgyly şekil suratlandyrylýar. Geçmişiň taryhy - bu gozgalaňlaryň, göreşleriň we gaharlanmalaryň uzyn hatarydyr, “uruş wagtydyr, gan bilen gyzaran eşikdir” (Işaýa 9:5), ýöne Hudaýyň Ruhy imansyzlary saklaman, olaryň höwesleriniň we şeýtanyň gazabynyň uçgunlaryny jylawlamajak gününde boljak eýmençlikler bilen deňeşdireniňde bu zatlar hiç zadam däldir. Şonda dünýä şu wagta çenli görmedigini, şeýtanyň häkimliginiň netijelerini görer.BG 32.1

    Ýöne ol günde, Iýerusalim weýran bolandaky ýaly, Hudaýyň halky halas ediler, “ady ýaşaýyş kitabynda ýazylanlaryň hemmesi” halas bolar. Mesih Özüne wepaly bolanlary almak üçin ikinji gezek gelmäge söz berdi. “Onsoh Gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner, şonda Yer ýüzüniň bütin taýpalary perýat eder, Ynsan Oglunyň Gökdäki bulutlarda gudral hem uly şöhrat bilen gelýänini görer. Ol Oz perişdelerini belent surnaý sesi bilen ýollar. Olar-da Onuň saýlananlaryny dört tarapdan, Gögüň bir ujundan ol ujuna çenli ýygnarlar” (Matta 24:30-31). Şonda Hoş Habara tabyn bolmaýanlar Onuň agzynyň demi bilen öldüriler, gelmeginiň haýbaty bilen ýok ediler (2 Selanikliler 2:8 serediň). Gadymky Ysraýyl ýaly, imansyzlar öz — özlerini ýok edýärler: olar özleriniň günäleri sebäpli ölerler. Günäli ýaşaýyş olary Hudaýdan juda uzaga düşürdi, olaryň tebigatynyň günä zerarly zaýalandygy sebäpli, Hudaýyň şöhratynyň aýan bolmasy olar üçin iýiji ot bolar.BG 32.2

    Şonuň üçin adamlar Mesihiň Öz sözlerinde saklanylýan öwiitlerine örän ünsli bolmalydyrlar. Öz şägirtlerine lýerusalimiň weýran boljagyny öňünden duýduryşy ýaly we olaryň umumy takdyrdan gaçyp gutulyp bilmekleri üçin ýakynlaşyp gelýän heläkçiligiň alamatlaryny görkezişi ýaly, Ol dünýä özüniň gutarnykly ölüminiň güni hakda öňünden duýduryş berdi hem-de adamlara ýetip gelýän gazapdan gaçmak isleýänler gaçyp biler ýaly, şol günüň ýakynlaşýandygynyň alamatlaryny berdi. “Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar bolar. Yer ýüzünde bolsa deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly, aljyraňňy ýagdaýdaky milletler galagopluga düşdüler” (Luka 21:25; şeýle hem, Matta 24:29; Markus 13:24-26; Ylham 6:12-17 serediň). Şol alamatlaryň peýda bolanyny görenleriň hemmesi Mesihiň “golaýdygyny; gapynyň agzyndadygyny bilmelidirler” (Matta 24:23). “Şeýlelikde, oýa boluň” (Markus 13:35) diýip, Mesih bize nesihat berýär. Bu duýduryşlara ünsli daraýan adam garaňkylykda galdyrylmaz, ol gün ony gapyllykda basmaz. Emma oýa bolmaýanlar üçin Rebbiň güni bir ogrynyň gije gelşi ýaly.. ” (I Selanikliler 5:2-5) bolar.BG 32.3

    Häzirki zaman dünýäsi soňky duýduryş habaryna ýehudylaryň öz wagtynda Halasgäriň lýerusalimiň weýran boljakdygy baradaky duýduryşyna ynanyşlaryndan köp ynanmaýarlar. Şol sebäpdenem, Rebbiň güni gelende, dogry bolmadyk adamlar bu beýik waka taýýar bolmazlar. Durmuş özüniň adaty nobaty bilen gider. Adamlar öz işleri, söwdasy, gazanjy, her hili lezzetleri bilen başagaý bolarlar. Dini ýolbaşçylar halky hyýaly howpsuzlyk duýgulary bilen köşeşdirip, ählumumy bagtly ýaşaýşy we siwilizasiýany şöhratlandyrarlar - ine, şonda hem, gijäniň ýarynda gowy goralmaýan öýe ogrynyň girişi ýaly, heläkçilik duýdansyz ýagdaýda perwaýsyz hem imansyz adamlaryň hemmesiniň üstüne iner, ýöne olar “gaçyp bilmezler” (I Selanikliler 5:2-5).BG 33.1

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents