Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents

Beýik Göreş

 - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    25—Nji Bap.
    Hudaýyn Kanunynyň Mizemezligi

    Hudaýyň Gökdäki ybadathanasy açylyp, ybadathanadan Onuň äht sandygy göründi” (Ylham 11:19). Hudaýyň äht sandygy mukaddesleriň Mukaddesinde, mukaddes ýeriň ikinji bölüminde ýerleşýär. “Gökdäki çadyry ň obrazy hem kölegesi” bolan ýerdäki çadyrdaky gulluk wagtynda, bu bölüm diňe beýik Halas etme we mukaddes ýeri arassalama gününde açylýardy. Şonuň üçin Hudaýyň Gökdäki ybadathanasy açylyp, ybadathanadan Onuň äht sandygy görnendigi 1844 - nji ýylda gökdäki mukaddes ýerde mukaddesleriň Mukaddesiniň açylandygyny, şol wagtda Mesihiň ol ýere jemleýji halas etme gullugyna başlamak üçin girendigini görkezýär. Şonuň üçin beýik Baş Ruhanynyň yzyna iman bilen düşenler Ol mukaddesleriň Mukaddesinde Öz gullugyna başlan wagtynda, Onuň äht sandygyny gördüler. Mukaddes ýer hakda oýlananlarynda, Halasgäriň gullugynda bolup geçen özgerlişige düşündiler, Onuň indi Öz Gany bilen Hudaýyň äht sandygynyň öňünde günäkärler üçin gulluk edýändigine düşiindiler.BG 351.1

    Ýerdäki äht sandygynyň içinde ýüzüne Hudaýyň tabşyryklary ýazylan iki sany daş sahypa bardy. Äht sandygy Kanun ýazylan daş sahypalaryň saklanylýann ýeri bolup hyzmat edýärdi. Onuň gymmat hem mukaddesligi içinde saklanylýan Hudaýyň tabşyryklary bilen şertlendirilýärdi. Hudaýyň Gökdäki ybadathanasy açylanda, ybadathanadan Onuň äht sandygy göründi. Gökdäki çadyryň mukaddesleriniň Mukaddesiniň içinde Hudaýyň Kanuny - Rebbiň Sinaý dagynda gök gürrüldisiniň içinde yglan eden we daş sahypalarynyň ýüzüne Öz eli bilen ýazan kanuny - päkliginde saklanylýar.BG 351.2

    Gökdäki mukaddes ýerdäki Hudaýyň Kanuny ajaýyp asyl nusgadyr, daş sahypalarynyň ýüzüne ýazylan Kanunyň we Musanyň Töwratda ýazan Kanunynyň asyl nusgasydyr. Bu soragyň doly wajyplygyna düşünenler, şeýlelikde, Hudaýyň Kanunynyň mizemezligine hem mukaddesligine göz ýetirdiler. Olar Rebbiň: “Gök bilen ýer geçip gidýänçä, ähli zat berjaý bolýança, Kanunyň bir harpyda, bir nokady-da kemelmež” (Matta 5:18) diýen sözlerine öňkülerinden has gowy düşündiler. Hudaýyň Kanuny Öz isleginiň açylmasy, Onuň häsiýetiniň şöhlelenmesi hökmünde “gökdäki wepaly şaýat kimindir”. Ondaky ýekeje tabşyrygam, ýekeje harpam, ýekeje çyzyjagam ýatyrylan däldir. Mezmurçy: “Ya Reb, Senih sözüň göklerde ebedilik berkidilendir“diýýär. Onuň tabşyryklarynyň hemmesi dogrudyr, uebedi we mydam berkdir” (Zebur 119:89; 111:8). ‘BG 351.3

    On Tabşyrygyň edil ýürejiginde, başda yglan edilişi ýaly, dördünji tabşyryk dur: “Sabat gününi ýerine ýetirip, onymukaddessakla. Altygünde ähli işleriňi edersiň. Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogulgyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin. Çünki Reb Yeri, Gögi, deňzi xve olardaky ähli zatlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi alkyşlap, ony mukaddes etdi ” (Müsürden çykyş 20:8-11).BG 352.1

    Hudaýyň Ruhy Öz Sözüniň üstünde oýlanýanlaryň ýüreklerine Özüniň mukaddes täsirini ýetirdi. Olar Yaradanyň asudalyk giinüni ýerine ýetirmän, bu tabşyrygy bilmezlikden bozýandyklary baradaky durnukly pikirden saplanyp bilmeýärdiler. Olar Hudaýyň mukaddes eden gününiň deregine, hepdäniň birinji gününi baýramçylyk etmäge adamlary nämänmmeýillendirendiginiňsebäbini öwrenmeklik bilen meşgullandylar. Şonda olar Mukaddes Yazgydan dördünji tabşyrygy aýyrmak ýa-da sabat gününi başga wagta geçirmek üçin hiç hili esas tapmaýar. Yedinji günde saklanylan ilkibaşdaky ak pata bu günden hiç haçanam aýrylmandy. Hudaýyň islegine çyn ýürekden akyl ýetirmäge dyrjaşanlarynda, olar özleriniň Hudaýyň Kanunyny bozmakda günäkärdiklerine düşündiler, şol sebäpdenem, çuň gaýgy olary gurşap aldy. Şol wagtda hem, özleriniň Hudaýa wepalylygyny subut etmek üçin Onuň sabat gününi mukaddes edip başladylar.BG 352.2

    Olaryň imanyny yrandyrjak bolup, tutanýerli synanyşyklaryň köpüsi edildi. Eger ýerdäki mukaddes ýer gökdäki mukaddes ýeriň obrazy bolan bolsa, onda ýerdäki äht sandygynyň içinde saklany lan Kanunyň gökdäki äht sandygynyň içinde ýerleşýän Kanunyň takyk nusgasy bolup durýandygy, gökdäki mukaddes ýere degişli bolan hakykatlary kabul etmekligiň Hudaýyň Kanunynyň talaplaryny-da, dördünji tabşyryga laýyklykda sabat gününi saklama borjuny-da ykrar etmekligi öz içine aýlandygy hemmelere düşnükli boldy. Mukaddes Yazgynyň Mesihiň gökdäki mukaddes ýerdäki gullugyny görkezýän sazlaşykly düşündirişe bolan tutanýerli hem aýgytly garşydaşlygyň syry şundadyr. Adamlar Rebbiň açan gapysyny ýapmak islediler. Yöne “açanyny hiç kim ýapyp bilmeýän, ýapanyny hiç kim açyp bilmeýän” şeýle diýýär: “Ine, öňüňde bir açyk gapy goýdum, hiç kim ony ýapmagy başarmaz ” (Ylham 3:7, 8). Mesih gapyny açdy, ýagny gökdäki mukaddes ýeriň açylan gapysyndan ýere ýagtysy düşen mukaddesleriň Mukaddesinde gullugyna başlady. Dördünji tabşyrygy - gökdäki mukaddes ýerde saklanylýan Kanunyň bir bölegini - hemmeler gördi. Hudaýyň karar eden zadyny hiç kim ýatyryp bilmez.BG 352.3

    Mesihiň araçylyk gullugy baradaky nury hem-de Hudaýyň Kanunynyň mizemezdigini kabul edenler Ylham Kitabynyň 14-nji babynda hut şu hakykatlaryň şöhlelendirilenini gördüler. Bu bapda ýerdäki ýaşaýjylary Rebbiň Ikinji gezek gelmesine taýýarlamaly bolan üç sany duýduryş bar. “Onuň höküm sagady geldi” diýen sözler Mesihiň adamlary halas etme gullugyndaky jemleýji hyzmaty görkezýär. Olar Halasgär Özüniň araçylyk gullugyny gutaryp, halkyny Öz ýanyna almak üçin ýere gelmezinden öň, adamlara yglan edilmeli bolan hakykaty özlerinde saklaýarlar. 1844-nji ýylda başlanan derňew sudy her bir adamyň - öliniň hem diriniň - ykbaly çözülýänçä, dowam eder. Şoňa görä-de, ol synag döwrüniň ahyryna çenli dowam eder. Adamlar sudda durup biler ýaly, habar olara “Hudaýdan gorkup, Ony şöhratlandyrmalydygyny”, “ýer hem gögi, deňizleri hem suw çeşmelerini Ýaradana tagzym etmelidigini” aýdýar. Şol habarlary kabul etmäniň netijesiniň nähili bolýandygy haksa Sözde: “Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa sadyk galanlaryň çydamy şu ýerde gerekdir” (Ylham 14:12) diýilýär. Suda taýýarlanmak üçin Hudaýyň Kanunyny berjaý etmek zerurdyr. Şol Kanun hem, sudda häsiýetiň ölçeg birligi bolar. Pawlus: “Kanun astynda günä edenler kanun boýunça höküm ediler... Hudaýyň Isa Mesih arkaly adamlaryň ýaşyryn işleriniň üstünden höküm çykarjak gününde şu zatlar bolar” (Rimliler 2:12-16) diýýär. Hudaýyň Kanunyny berjaý etmek üçin iman zerurdyr, sebäbi uIman etmezden, Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir” “Imansyz edilen zat günädir ” (Ýewreýler 11:6; Rimliler 14:23).BG 353.1

    Birinji perişde adamlary “Hudaýdan gorkup, Ony şöhratlandyrmaga”, Oňa, ýeriň hem gögüň Ýaradyjysyna, tagzym etmeklige çagyrýar. Akylly wagyzçy: “Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki buynsanyň esasy borjudyr” (Wagyz kitaby 12:13) diýýär. Hudaýyň tabşyryklaryna tabyn bolman edilýän gullugyň hiç biri-de, Hudaýyň göwnünden turmaz. “Çünki Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir”. “Kim kanuny diňlemekden gulagyny sowýan bolsa, onuň dogasy-da ýigrenjidir” (1 Yahýa 5:3; Süleýmanyň tymsallary 28:9).BG 353.2

    Biz Hudaýa tagzym etmelidiris, sebäbi Ol Ýaradyjydyr, şoňa görä-de, ýaşaýan zatlaryň hemmesi özleriniň ýaşaýyşlarynda Oňa borçludyrlar. Mukaddes Kitapda Hudaýyň adamdan tagzym etmäni hem hormatlamagy talap edýändigi hakda gürrüň berilýän ýerinde, Onuň güýjüniň dörediji güýçdüginiň subutnamasy-da getirilýär: “Halklaryň ähli laňrylary butlardyr; emma Reb gökleri ýaratdy ” (Zebur 96:5).BG 353.3

    “Meni kime meňzedersiňiz?
    Kim Maňa taý geler?”
    Muny Mukaddes Bolan diýýär.
    Gözleriňizi göge tarap galdyryň,
    Bulary ýaradan kim?”.
    “Çünki gökleri ýaradan,
    01 Hudaý,
    dünýäni ýaradan, oňa şekil beren,
    Reb şeýle diýýär
    BG 354.1

    (Işaýa 40:25, 26; 45:18).

    Mezmyrçy: “Onuh Rebdigini, Hudaýdygyny biliň; bizi ýaradan Oldur. Biz Onufikydyrys “Geliň, sežde edeliň, baş egeliň, bizi ýaradan Rebbiň öňünde dyza çökelin” (Zebur 100:3; 95:6) diýýär. Oňagökde tagzym edýän mukaddes jandarlar özleriniň tagzym edýändikleriniň sebäbini: “Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyri” (Ylham 4:11) diýen sözler bilen beýan edýär.BG 354.2

    Ylham Kitabynyň 14-nji babynda Ýaradana tagzym etmeklige çagyryş ýaňlanýar, pygamberligem, üç perişdäniň duýduryşyny kabul edip, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edýänleri görkezýär. Bu tabşyryklaryň biri Hudaýy Ýaradyjy hökmünde görkezýär. Dördünji bapda: “Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebhe bagyşlanan dynç günüdir. .. Çünki Reb Ýeri, Gögi, deňzi we olardaky ähli zatlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň iiçin hem Reb Sabat gününi alkyşlap, ony mukaddes etdi” (Müsürden çykyş 20:10-11) diýilýär. Reb sabat güni babatda mundan soň: ‘’Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilmegiňiz üçin bu Men bilen siziň araňyzda alamat bolar” (Ezekiýel 20:20). Ine, näme sebäbe görä eken: “çünki Men alty günde Gögi we Ýeri ýaratdym. Ýedinji gün bolsa hemme işden dynyp, dynç aldym” (Müsürden çykyş 31:17). BG 354.3

    “Sabat güni Ýaradylyşyň ýadygärligi hökmünde diýseň wajypdyr, sebäbi ol hemişe biziň Hudaýa tagzym etmämiziň hakyky sebäbine şaýatlyk edýär”, ol şaýatlyk Hudaýyň Ýaradyjydygynda, biziň bolsa, Onuň ýaradanlarydygymyzda jemlenendir. “Sabat güni ähli ýygnak gulluklaryny esasyny düzýändiginiň sebäbi, onuň bu beýik hakykaty başga hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak ýagdaýda iň täsir galdyryjy usulda düşündirip bilýändigindedir. Hudaýa tagzym etmäniň hakyky sebäbi diňe sabat gününde däl-de, eýsem, umuman, bu Hudaý bilen Onuň ýaradylyşynyň arasy ndaky bar bolan esasy tapawutdyr. Bu beýik fakt hiç haçan könelmeýär we ony hiç haçan ýatdan çykarmaly däldir”. Hudaý adamlara hemişe bu hakykaty ýatladyp durmak üçin Eremde sabady döretdi, şonuň üçin biz Rebbe öz Ýaradyjymyz hökmünde tagzym edýärkäk, Onuň döredijilikli işiniň alamaty hem ýadygärligi bolup galar. Eger hemmeler sabat gününi ýerine ýetirseler, onda adamlaryň pikirleri hem duýgulary ählumumy sežde ediş we hormatlama obýekti hökmünde özleriniň Ýaradyjysyna gönügerdi. Şonda hiç hili butparazam, ateistem, hudaýsyzam bolmazdy. Sabat gününi berjaý etmeklik - “ýeri hem gögi, deňzi hem suw çeşmelerini ýaradan” hak Hudaýa wepalylygyň alamatydyr. Şoňa görä-de, adamlary Hudaýa tagzym etmeklige we Onuň tabşyrygyny berjaý etmäge çagyrýan habar dördünji tabşyrygy berjaý etmäniň wajypdygyny has aýratyn görkezýär.BG 354.4

    Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edip, Isa iman edýän adamlar üçünji perişdäniň: “Eger biri janawara we onuň suratyndaky buta sežde etse, maňlaýyna ýa eline onuň tagmasyny kabul etse, Hudaýyň gahar käsesinde hiç bir goşantsyz taýýarlanan Hudaý gazabynyň şerabyndan içer” (Ylham 14:9-10) diýip, gaty erbet ýalňyşýandyklaryny dabaraly hem haýbatly duýdurmak bilen görkezýän adamlaryndan düýpgöter tapawutlanýarlar. Bu habara dogry düşünmek üçin bu nyşanlara dogry düşünmek zerurdyr. Janawar, onuň şekili hem suraty nämäni aňladýar?BG 355.1

    Bu nyşanlar getirilýän pygamberlik Ylham Kitabynyň 12-nji babyndaky Mesih doglan wagtynda, Ony ýok etmäge çalşan aždarhanyň suratlandyrylmasyndan başlanýar. Aždarha şeýtan hökmünde-de atlandyrylýar (Ylham 12:9). Hirodesi dünýäniň Halasgärini öldürmäge şol şeýtan meýillendirýär. Yöne şeýtanyň Mesihe we onuň halkyna garşy mesihilik erasynyň birinji ýüzýyllyklarynda ulanan iň esasy guraly, içinde butparazlyk dini agdyklyk eden Rim imperiýasy bolupdy. Şeýlelikde, aždarha başda şeýtany alamatlandyran bolsa-da, ol şol bir wagtyň özünde butparaz Rimiň nyşany hem bolup durýar.BG 355.2

    Ylham Kitabynyň 13-nji babynda (1 - 10 aýatlar) aždarhanyň “öz güýjüni, tagtyny we uly ygtyýar beren” barsa meňzeş bajşga bir haýwany-da şekillendirilen. Bu nyşan protestantlaryň köpüsiniňçaklamasyna görä, mirasdar hökmünde gadymy Rim imperiýasynyň güýjüni, tagtyny hem ygtyýaryny alan papalygy görkezýär. Barsa meňzeş janawar hakda: “Oňa tekepbir sözler hem küpürçilikli sözler sowurýan bir agyz berildi” “Ol Hudaýa sögmek, Onuň adyna, mesgenine, Gökde mesgen tutanlara sögmek üçin agzyny açdy. Oňa mukaddesler bilen söweşip, olary ýeňme rugsady berildi. Her taýpanyň, her halkyň, her diliň we her milletiň üstünden höküm sürme ygtyýary berildi” (Ylham 13:5-7) diýilýär. Danyýeliň Kitabynyň 7-nji babyndaky kiçi şahyň suratlandyrylyşy bilen doly diýen ýaly gabat gelýän bu pygamberlik, şübhesiz, papalygy görkezýär.BG 355.3

    ... öz ygtyýaryny kyrk iki aýlap ulanma rugsady berildi”.Pygamberem: “Janawaryň başlarynyň birine öldürýän ýara degene meňzeýärdi” diýýär. Ol ýene-de: “Birini tussaga salan tussaga gider, gylyç bilen öldüren gylyçdan ölmelidir” kyrk iki hepde - bu Danyýeliň Kitabynda görkezilen şol bir möhlet, wagtdy, wagtlar hem ýarym wagtdy, ýagny üç ýarym ýyldy ýa-da 1260 gündi. Bu möhletiň dowamynda papalyk häkimiýeti Hudaýyň halkyna azar bermelidi. Bu döwür eýýäm öňki baplarda bellenilişi ýaly, 538-nji ýylda, papalaryň ýokary ygtyýary hakdaky perman güýje girenden soň, güýje girdi we 1798-nji ýylda, ýagny papa fransuz goşuny tarapyndan ýesir alnanda, gutardy. Papalyk häkimiýeti ölüm howply ýaralandy. Şeýdibem: ” Birini tussaga salan tussaga gider, gylyç bilen oldüren gylyçdan ölmelidir” diýen pygamberlik berjaý boldy.BG 355.4

    Mundan soň, ýene bir nyşan peýda bolýar. Pygamber: “Onsoň ýerden çykyp gelýän bir janawar gördüm. Onuň bir guzy kimin iki şahy bardy, ýöne aždarha ýaly ses edýärdi” (Ylham 13:11) diýýär. Janawaryň bu görnüşi we onuň peýda bolmasynyň özi bu nyşan bilen düýbünden başga, öňkülerden tapawutlanýan halkyň suratlandyrylandygyny görkezýär. Dünýäniň üstünden hökümdarlyk edýän beýik patyşalyklar Danyýel pygambere “gögüň dört şemalynyň beýik deňze tarap tolkun atyşy” (Danyýel 7:2) ýaly göreşýän ýyrtyjy haýwan görnüşinde görkezildi. Ylham Kitabynyň 17-nji babynda suwlaryň “halklary, märekeleri, milletleri hem dilleri” (Ylham 17:15) aňladýandygyny perişde düşündirdi. Şemallar bolsa, duşmançylygyň nyşanydyr. Uly deňziň üstünde göreşýän gögüň şemallary bolsa, patyşalygy basyp almak üçin turzan basybalyjylykly uruşlaryny we rewolýusiýalaryny aňladýar.BG 356.1

    Ýöne guzynyň şahyna meňzeş şahy bolan janawar “ýerden çykýar”. Şunuňýaly nyşan bilen şekillendirilen halk özüni başga bir häkimiýeti agdarniak bilen berkitmeýär - de, entek hiç kimiň eýelemedik ýerinde ýerleşip, parahatçylykly hem kemkemden ösýär. Şoňa görä-de, bu halk Köne Dünýäniň öz aralarynda duşmançylykly gatnaşykda bolan döwletleriniň gür ilatly ýerlerinde, “halklaryň, märekeleriň, milletleriň hem dilleriň” birahat deňziniň içinde görnüp bilmeýärdi. Ony günbatar ýarym şaryndan gözlemelidi.BG 356.2

    1798-nji ýylda beýik deržawa bolup, dünýäniň ünsüni özüne çekmäge wada berip, haýsy millet Täze Dünýäde berkäp hem beýgelip başlady? Bu nyşanyň düşündirilişi hiç hili şübhe döretmeýär. Bu pygamberlige ýeke - täk halk gabat gelýär - bu hiç bir ýalňyşsyz Birleşen Ştatlary görkezýär. Bu pikirler, hatda käwagtlarda pygamberiň göni sözlerini-de, taryhçylar bilen oratorlar bu milleti suratlandyranlarynda akyl ýetirmän ulandylar. Janawar “ýerden çykyp gelýän” bolup göründi. Dilçileriň pikirlerine görä, bu ýerdäki “çykyp gelýän” diýlip terjime edilen grek sözi göni manysynda: “ösmegi ýa-da ösmegi dowam etdirmegi” aňladýar. Biziň eýýäm görşümiz ýaly, bu milletiň emele gelmegi şol wagta çenli eýelenilmedik temtoriýada bolup geçdi. Meşhur edebiýatçy Birleşen Ştatlaryň ösüşini suratlandyranda, “hoslukdan pevda bolmanyň syry” hakda gürrüň edýär-de: “Biz tohum kimin sessiz - üýnsüz göregip çykdyk-da, imperiýa öwrüldik” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär. 1850nji ýylda ýewropa žurnaly Birleşen Ştatlary duýdansyz upeýda bolan” we uýeriň ümsümliginiň içinde güýç hem tekepbirlik ýygnaýan” täsin imperiýa hökmünde atlandyrdy. Eduard Ewert bu milletiň atalary-esaslandyryjylary - hakdaky çykyşynda: “Olar özleriniň kiçijik Leýden ýygnagy wyždanyň buýrugyna eýerip biler ýaly, çola, asuda hem howpsuz ýer gözledilermi? Serediň, olar parahatçylyk ýoly bilen nähili gözýetmez giňişlikleri eýelediler-de, üstünden haçyň baýdagyny dikdiler!” diýdi.BG 356.3

    “Onda guzynyňka meňeş iki şah bardy”. Guzynyň şahyna meňzeş bolan şahlar pygambere 1798nji ýylda dünýä arenasyna “çykyp barýan” görnüşde görkezilen Birleşen Ştatlaryň häsiýetine doly derejede gabat gelýän ýaşlygy, arassalygy we ýumşaklygy görkezýär. llkinji bolup, korolyň yzarlaýjylaryndan we dine çydam etmezlikden gaçyp, Amerika baran gaçgak mesihileriň arasynda raýatlyk hem dini azatlygyň fundamental esasynyň üstünde döwlet gurmagy berk karar edinen adamlar köpdi. Olaryň garaýyşlary garaşsyzlyk Deklarasiýasynda öz beýanyny tapdy. Bu Deklarasiýa “hemme adamlaryň deň derejede ýaradylandyklary”, şonuň iiçin aýryp bolmajak ýaşama, azatlyk hem bagta ymtylma hukuklarynyň bardygy” hakyndaky beýik hakykaty öňe stirdi. Kabul edilen Konstitusiýa ses berme arkaly saýlanylan wekilleriniň perman çykarýandyklarynda we adalaty goýberýändiklerinde jemlenilen özüni dolandyrma hukugynyň boljakdygyna kepil geçdi. Şeýle hem, her bir adama öz wyždanynyň garaýyşlaryna laýyklykda Hudaýa tagzym etmäge rugsat berlip, azatlyk berildi. Respublikan prinsipler hem protestantizm bu döwletiň esas bolup duryjy prinsipleri boldy. Onuň kuwwatynyň hem gülläp ösmesiniň syry hem şundady. Dünýäniň hemme böleklerindäki azar berlen mesihiler bu ýurda gyzyklanma hem umyt bilen gözlerini dikýärdiler. Millionlarça adamlar onuň kenarlaryna tarap gidýärdiler.BG 357.1

    Ýöne guzynyňky ýaly şahy bolan janawar, “aždarha ýaly” gepleýärdi. “Ol öňki janawaryň bütin ygtyýaryny onuň adyndan ulanyp, Ýer ýüzüni we onda ýaşaýanlary öldürýän ýarasy biten öňki janawara zor bilen sežde etdirýärdi... ýer ýüzünde ýaşaýanlary azdyrdy. Olara gylyç bilen ýaralanypda, sag galan janawaryň suratynda bir but ýasamagy buýurdý” (Ylham 13:12-14).BG 357.2

    Guzunyňka meňzeş şah bilen aždarhanyň sesi bu döwletiň yglan edilen prinsipleri bilen fakt ýüzündäki hereketleriniň arasyndaky gödek garşydaşlygy görkezýärdi. Onuň “Sesi” özüniň kanun çykaryjy we sud organlarynyň hereketlerinden başga hiç zadam däldir. Bu hereketler onuň düýbünde goýlan azatlyk hem parahatçylyk prinsiplerine garşy çykýardy. Onuň uaždarha kimin” gürlejekdigini we “öňki janawaryň bütin ygtyýary” bilen hereket edip başlajakdygyny welilik eden pygamberlik aždarhanyň we barsa meňzeş janawaryň görnüşindäki döwletlere mahsus bolan çydam etmezlik we yzarlama ruhunyň ösjekdigini öňünden aýdýar. Iki şahly janawaryň “ýer ýiizüni we onda ýaşaýanlary öldürýän ýarasy biten öfiki janawara zor bilen sežde etdirýändigi” baradaky jümle bu döwletiň papalyk bilen birleşmede boljakdygyny we bu halkyň öz raýatlaryna papalygyň adatlaryny hem kararlaryny zor bilen ýerine ýetirtjek bolup, öz ygtyýaryny ulanjakdygyny görkezýär.BG 357.3

    Munuň ýaly garşydaşlyklar bu döwletiň prinsiplerine, onuň azatlygy söýüji kanunlaryna, garaşsyzlyk Deklarasiýasynyň we Konstitusiýasynyň bir manyly hem dabaraly düzgünlerine garşy çykýar. Amerikan döwletini esaslandyryjylar Ýygnagy dünýewi häkimiýetden mahrum etmek üçin paýhasly alada etdiler, sebäbi bu çydam etmezlik hem yzarlama ýaly gutulgysyz netijelere alyp baryp bilerdi. Konstitusiýa “Kongressiň dini zor bilen kabul etdirjek bolmaga ýa-da ony azat wagyz etmegi gadagan etmeklige degişli bolan haýsydyr bir kanuny kabul etmäge haky ýok” we “adam jogapkärçilikli jemgyýetçi liki işine kabul edilende, ABŞ-da hiç haçan dine degişliligiň hasaba alynmaly däl” diýýär. Raýatlyk häkimiýeti tarapyndan islendik dini sežde etmä mej bur etmeklik şahsyýetiň azatlygyny goraýan bu prinsipleriň diýseň erbet bozulmasy bolýar. Ýöne munuň ýaly ädimiň yzygiderli dälligi bu häkimiýeti alamatlandyrýan nyşanda berlipdir. Özüniň arassalygyny, päkligini hem zelelsizligini görkezýän guzynyňky ýaly şahy bolan janawar barybir aždarha ýaly gürleýär ahyry.BG 358.1

    “...janawaryň suratynda bir but ýasamagy buýurdý” Bu sözler kanun çykaryjy häkimiýetiň halkyň elinde bolan dolandyryş formasyny görkezýär. Bu bolsa, pygamberlikde gürrüňi edilýän döwletiň Birleşen Ştatlar bolup durýandygynyň aklyňy haýran ediji şaýatlygy bolup durýandygyny görkezýär.BG 358.2

    Ýöne “janawaryň suraty” näme? Ol nähili emele getirilýär? Bu suraty iki şahly janawar birinji janawaryň keşbinden göçürip taýýarlaýar. Bu obrazyň düýp özenine we onuň nähili emele gelýändigine düşünmek üçin bize janawaryň, ýagny papalygyň özüniň aýratynlygyny gowy bilmelidiris.BG 358.3

    Ilki Ýygnak butparaz däpleri hem dessurlaryny kabul etmek bilen Hoş Habaryň arassalygyny hem ýönekeýligini ýitirende, Ruhdan hem Hudaýyň güýjünden mahrum boldyda, adamlaryň wyždanynyň üstünden hökümdarlyk etmäge dyrjaşyp, dünýewi häkimiýetden goldaw gözläp başlady. Netijede papalyk - döwlet häkimiýetine gözegçilik edýän we ony şahsy bähbitleri, aýratynam, “ýeretiklerden” öç almak üçin ulanan Ybadathana emele geldi. Birleşen Ştatlar janawaryň suratyny emele getirer ýaly, ybadathana iýerarhiýasy öz maksadyna ýetmekde ygtyýaryny ulanmak üçin raýatlyk häkimiýetini güýçli derejede gol astynda saklamalydy.BG 358.4

    Ybadathana hemişe-de, dünýewi häkimiýeti ele almak bilen ony öz taglymatyny kabul etmedikleri jezalandyrmakda ulandy. Rimiň göreldesineeýerenprotestantýygnaklar wyždan azatlygyny çäklendirmek üçin dünýewi häkimiýetler bilen birleşme baglaşdylar. Biz muny uzak wagtyň dowamynda başgaça pikir edýänleri yzarlan Angliýa Ýygnagynyň mysalynda görýäris. XVI we XVII asyrlaryň dowamynda döwlet dinini kabul etmedik müňlerçe ýygnak gullukçylary özleriniň ýygnaklaryny terk etmeli boldular. Köp ruhy çopanlar bilen adaty agzalar bolsa, jerimelere, türme tussaglygyna, gynamalara we görgi görüp ölmeküge duçar edildiler.BG 359.1

    Ýygnagyň imandan dänmegi ony döwlet häkimiýetinden goldaw gözlemäge mejbur etdi. Şeýlelikde, papalygyň - janawaryň - emele gelmegi üçin şertler döredildi. Pawlus: “Çünki imandan dönme gelýänçä, bikanun adam, heläkçilik ogly peýda bolýança, ol gün gelmez” (2 Selanikliler 2:3). Şoňa göräde, Ýygnagyň imandan dänmesi janawaryň keşbini döretmek üçin ýol taýýarlady.BG 359.2

    Mukaddes Kitap birinji ýüzýyllyklarda bolşy ýaly, Mesihiň gelmeziniň öň ýanynda-da, ruhy pese düşmäniň boljakdygyny aýdýar. “Şuny bil, soňky giinlerde kyn pursatlar bolar. Çünki adamlar öziini söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, küpür gürleýji, ene-ata boýun egmeýän, gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum, doňýürek, barlyşyksyz, myjabatçy, nebsine buýurmazak, zalym we ýagşytyga duşman bolar. Dönük, ätiýaçsyz, gopbamsy lezzeti Hudaýdan köp söýýän, Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýänler çykar. Beýle adamlardan arany aç” (2 Timoteos 3:1-5). “Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner” (I Timoteos 4:1). Şeýtan “her hili ýalan gudrat, alamat we mugjyza bilen, heläk bolýanlary aldawa salýan her hili ýamanlyk bilen” hereket eder. Şonuň üçin “hakykaty söýmegi, şeýdip hem gutulmagy ret edenler” öz - özleriniň ygtyýaryna berler. “Ine, şu sebäpden hem, ýalana ynansynlar diýip, Hudaý olara bir aldawçy güýç ýollaýar” (2 Selanikl iler 2:9-11). Şunuň ýaly erbetlikler bolanda, munuň netijesi edil birinji ýüzýyllyklardaky ýaly bolar.BG 359.3

    Köpler protestant ýygnaklaryndaky taglymatlaryň giň köpdürlüligi taglymatdaky köpdürlülige güýç bilen ýetmegiň mümkin däldiginiň aýgytly subutnamasydyr diýip hasaplaýarlar. Ýöne köp ýyllaryň dowamynda umumy taglymat düzgünleriniň esasynda protestant ýygnaklarynda ynam taglymatyndaky birlige gelmäge dyrjaşmalar gitdigiçe güýçlenýär. Şunuň ýaly birligi üpjün etmek Liçin ýygnaklar Mukaddes Kitap nukdaýnazarynda her neneň wajyp bolsa-da, bir pikire gelip bolmaýan soraglaryň gürrüňini etmekden ýüz öwürmelidirler.BG 359.4

    Çarlz Biçer 1846-njy ýyida wagyz bilen çykyş edende, “hoşhabar - protestant ýygnak gullukçylary hemme zady adam gorkusynyň akla sygmajak basyşy bilen edýärler. Olar iň azgyn atmosferalarda ýaşaýarlar, hereket edýärler we dem alýarlar hem-de öz tebigatynyň iň üýtgewsiz instinktlerine ýol berip, hakykat hakda dymýarlar we imandan dänen häkimiýetiň öňünde dyza çökýärler. Eýsem, Rimdäki işler şeýle dälmidi? Biz onuň yzy bilen gidemsokmy? Biz öňde näme görýäris? Yene bir Bütindünýä soboryny! Bütindünýä ylalaşygyny! Mesihilik birleşmesi we ýekeje ählumumy taglymaty!” Bu ylalaşyga ýetilende, şol wagtda, güýç ulanma çenli ýekeje ädim galýar, sebäbi bu doly birligi saklamagy talap eder.BG 360.1

    Birleşen Ştatlaryň öňde baryjy ýygnaklaryň hemmesiniň ylalaşýan taglymatlarynyň daşynda birigende, öz kararlaryny hem guramalaryny goldatmany durmuşa omaşdyrmak maksady bilen döwlete täsirini ýetirip başlarlar. Şonda protestant Amerikasynda rim iýerarhiýasynyň keşbiniň (suratynyň) emele gelendigini, munuň netijesiniň gutulgysyz ýagdaýda başga dürli pikir edýän adamlary jezalandyrmakda raýatlyk çärelerini ulanyp başlamaklyk boljakdygyny aýtmak mümkin bolar.BG 360.2

    Iki şahly janawar hemmeleri - ululary hem kiçileri, baýlaiy hem garyplary, azat adamlary hem gullary - “sag eline ýa maňlaýyna tagma basmaga mejbur edýärdi. Bu tagma janawaryň ady ýa adynyň sany özünde bolmadyklara hiç bir zat satyn aldyrmaýardy hem-de satdyrmaýardy” (Ylham 13:16-17). Üçünji perişdäniň duýduryşynda: uEger biri janawara we onuň suratyndaky buta sežde etse, maňlaýyna ýa eline onuň tagmasyny kabul etse, Hudaýyň gahar käsesinde hiç bir goşantsyz taýýarlanan Huday gazabynyň şerabyndan içer” (Ylham 14:9-10) diýilýär. Bu habarda gürrüňi edilýän “janawar” iki şahly janawaryň tagzym etmäge mejbur edýän janawarydyr - bu birinji ýada barsa meňzeş janawardyr (Ylham 13) - papalykdyr. “Janawaryň suraty” imandan dänen protestantizmiň taryhy arena çykýan görnüşini alamatlandyrýar. Şonda protestant ýygnaklary özleriniň taglymatlaryny mejbury ýaýratmak üçin raýatlyk häkimiýetine kömek sorap ýüz tutarlar. “Janawaryň suratyny” düşündirme meselesi galýar. Janawara hem onuň suratyna tagzym etmeli däldigi baradaky duýduryşdan soň, pygamberlikde: “Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa sadyk galanlaryň çydamy şu ýerde gerekdir” diýilýär. Hudaýyň tabşyryklaryny saklaýanlaryň şeýle etmek bilen janawara we onuň suratyna tagzym edýänlere, onuň şekilini alýanlara garşy goýulýandyklary sebäpli, munda Hudaýyň Kanunyny saklamaklyk, bir tarapdan, ony bozmaklyk bolup durýar, başga bir tarapdan, Hudaýa tagzym edýänleri janawara tagzym edýänlerden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýär.BG 360.3

    Janawaryň esasy aýratynlygy, ondan soňam, onuň keşbiniň aýratynlygy, Hudaýyň tabşyryklaryny bozmakda jemlenilýär. Danyýel kiçijik şah, ýagny papalyk barada:BG 361.1

    Baýramçylyk senelerini we kaminyny üýtgetmäge dyrjaşar” (Danyýel 7:25) diýýär. Resul Pawlusam, şu ygtyýary özüni Hudaýdan ýokary galdyrjak “günä adamy” diýip atlandyrýar. Bir pygamberlik beýlekisiniň üstüni doldurýar.BG 361.2

    Papalyk Hudaýyň Kanunyny üýtgeden badyna, özüni Hudaýdan ýokary tutup bildi. Şol ýoýulan kanuny bilip ýerine ýetirjek adam şol üýtgeşmeleri girizen ygtyýara iň ýokary hormaty goýýandyr. Papanyň kanunlaryna tabyn bolýan adam şeýle etmek bilen Hudaýyň ygtyýarynyň deregine, papanyň ygtyýaryny ykrar edýär.BG 361.3

    Papalyk Hudaýyň Kanuny üýtgetmäge jan etdi. Şekillere tagzym etmäni gadagan edýän ikinji tabşyryk Kanundan aýryldy, ýedinji - sabat - gününi baýramçylyk etmäniň deregine, hepdäniň birinji gününi baýram etmekligi kanunlaşdyrjak bolup, dördünji tabşyryk ýoýuldy. Şonda papaçylar ikinji tabşyrygyň birinjiniň içindedigini, özleriniň Kanuny Hudaý tarapyndan başda berlişi ýaly görnüşde beýan edýändiklerini aýdýarlar. Ýöne pygamber munuň ýaly üýtgeşme barada gürrüň etmeýär. Gürrüň öňden taýýarlanylan, bilip edilýän, oýlanyşykly edilýän üýtgeşme barada barýar:BG 361.4

    “Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar”. Üýtgemä duçar edilen dördünji tabşyryk pygamberligiň göni berjaý bolmasy bolup durýar, sebäbi şu ýagdaýda Rim katolik ybadathanasy özüni Hudaýdan ýokary tutup, diňe Hudaýa degişli bolan ygtyýara dalaş etdi.BG 361.5

    Hudaýyň hakyky çagalaryny dördünji tabşyryga bolan aýratyn hormat hemişe-detapawutlandyi-ýardy, sebäbi ol Hudaýyň döredijilikli güýjüniň alamaty bolup, Onuň adamlar tarapyndan hormatlanylmaga we tagzym edilmäge hukugynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Janawara tagzym edýänleri Ýaradanyň ýatlama gününi ýok edip, Rimiň kararlaryny beýgeltmäge jan etmeleri hemişe tapawutlandyrar. Ölümden direlme barada gürrüň gidende, papaçylar birinji gezek özleriniň tekepbir garşy çykmasyny öňe sürdüler-de, adamlary bu güne “Rebbiň güni” hökmünde hormat goýmaga mejbur etmäge döwlet häkimiýetiden kömek sorady. Ýöne Mukaddes Kitap Rebbiň gününiň hepdäniň birinji güni däl-de, ýedinji günüdigini görkezýär. Mesih: “Şonuň üçin, Ynsan Ogly Sabat gününiň-de Rebbidir” (Markus 2:28) diýdi.BG 361.6

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents