Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents

Beýik Göreş

 - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    16—Njy Bap.
    Piligrim—Atalar

    Iňlisreformatorlary katolikynamdan ýüz öwren bolsalar-da, barybir onuň köp görnüşlerini saklaýardylar. Köp zatda papalygyň abraýyny hem ynam nyşanyny ret eden bolsalar-da, onuň köp däpleri bilen dessurlary iňlis Yygnagynyň ýygnanyşyklaryna girdi. Ol adatlaryň wyždan meselesi däldigi, Ýazgyda agzalmaýandygy sebäpli, ulanarlykly zat bolmasa-da, barybir gadagan edilmän, aslynda günäli däldigi bellenildi. Olary ýerine ýetirmeklik reformirlenen ýygnaklar bilen Rimiň arasyndaky uçudy aýryp, katolikleriň protestant ynamyny kabul etmegine ýardam edip biler.BG 234.1

    Konserwatorlar hem bu eglişige meýilli adamlar üçin bu subutnama logika doly laýyk gelýän ýaly bolup göründi. Ýöne başgaça pikir edýän adamlaram bardy. Bu däpleriň “Rim bilen Reformasiýanyň arasyna köpri geçirýändigi” baradaky fakt olaryň pikiriçe olary ýerine ýetirmä garşy iň ynandyryjy delil bolup durýar. Olar şol däplerde azat bolnan gulçulygyň we boýuntyrygyny gaýdayp dakmak islemeýän gulçulygynyň nyşanyny gördüler. Olar ýygnanyşyk prinsiplerini Rebbiň Öz Sözünde döredendigini, şol sebäpli-de, olara bir zat goşmaga ýa-da ondan bir zady aýyrmaga adamlaryň haklarynyň ýokdugyny görkezdiler. Hudaýyň abraýynyň üstüni Ybadathananyň abraýy bilen doldurmakdan hem beýik hudaýsyzlyk başlanylypdy. Ilki Rim Hudaýyň gadagan etmedik däplerini girizdi, ahyrynda bolsa, Rebbiň döreden zatlarynyň hemmesini gadagan etdi.BG 234.2

    Köpler irki mesihiligiň ýönekeýliklerine hem arassalygyna gaýdyp barmak islediler. Iňlis Yygnagynyň köp däpleri olara butparazlygyň ýadygärlikleri ýaly bolup göründi, şol sebäpli-de, munuň ýaly ýygnanyşyklara gatnaşmaga olaryň ynsaby ýol bermedi. Yöne Yygnak dünýewi häkimiýetiň goldawyndan peýdalanýandygy sebäpli, döredilen görnüşlerden başgasynyň bolmagyna ýol bermedi. Kanun hemmeleri resmi ýygnanyşyklara barmaga borçly etdi. Başga dini ýygnanyşyklara barmaklyk türmä salma, sürgün etme we öldürme howpy astynda gadagan edildi.BG 234.3

    XVII asyryň başynda iňlis tagtyna çykan monarh özüniň berk maksadynda: “pnritanlaryň hemmesi iňlis Ýygnagynyň abraýyny ykrar etmelidirler ýa-da eger has erbet güne düşmejek bolsalar, onda ýurtdan gitmelidirler” diýip aýtdy. Kowlan, yzarlanylan, türmelere taşlanylan adamlar özleriniň geljekki ýagdaýlarynyň gowulaşjagyna hiç hili umyt görmediler, şonuň üçin hem, köpüsi wyždanynyň emrine laýyklykda Hudaýa gulluk etmek isleýänleriň hemmesi üçin “Angliýa ýaşamaga ýaramly ýer bolmasyny bes etdi” diýen netijä geldiler. Birnäçeleri ahyrsoňunda Gollandiýadan gaçybatalga tapma kararyna geldiler, ýöne kynçylyklara, mahrum edilmelere duş geldiler, olara türme howpy abandy. Olaryň planlary bozuldy, duşmanlary olary duşmanlarynyň ellerine berdiler, ýöne ýeňip bolmajak tutanýerlilik barybir ýeňdi, şonuň üçin olar myhmansöýer Gollandiýanyň kenarlarynda özlerine gaçybatalga tapdylar.BG 235.1

    Gaçmak bilen halas bolandyklary sebäpli, olar özleriniň öýlerini, emläklerini we ýaşamak üçin gerek bolan zatlarynyň hemmesini taşlap gitdiler. Nätanyş dilli, nätanyş däpli adamlaryňarasynabarypdüşendensoň, olar bir döwüm çörek gazanmak üçin täze hem nätanyş hünärleri öwrenmeli boldular. Bütin ömrüne atyzlarda zähmet çeken gartaşan adamlar indi tehniki senetleri öwrenip başladylar. Ýöne olar özleriniň bagtyndan çykan zady gaýrat bilen kabul etdiler-de. ýekeje pursatynam hereketsizlikde hem arz edip geçirmediler. Köp gezekler ýiti mätäçlige duş gelselerde, Hudaýdan päsgelçiliksiz hem azat ruhy gatnaşykda iň beýik şatlygy almaga berýän ak patasy üçin Oňa minnetdarlyk bildirdiler. “Olar özlerine piligrimler hökmünde seredip, geçip gidýän zatlara üns bermedilerde, gözlerini göge, özleriniň mähriban watanyna seretdiler, şeýdibem, özleriniň ruhlaryny köşeşdirdiler”.BG 235.2

    Kowulma hem malirum edilmeler olaryň imanyny hem söýgüsini berkitdi. Olar Rebbiň wadalaryna bil bagladylar, şol sebäpli hem, Reb olary mätäçlikde galdyrmady. Hudaýyň perişdeleri hemişe jahankeşdeleriň ýanlarynda bolup, olary ruhlandyrdy we goldady. Şeýdip, Rebbiň eli olary okeandan aňra - öleriniň döwletini gurup, nesillerine iman azatlygynyň gymmatly mirasyny galdyryp biljek ýerine - ugrukdyranda, olar ikirjiňlenmän, adatdan daşary Güýjüň görkezen ýoly bilen gitdiler.BG 235.3

    Reb Öz halkyny Hudaýyň rehimini almaga taýýarlamak üçin onuň synaga düşmegine ýol berdi. Yygnak ýokarlandyrylmak üçin peseldildi. Özüne bil baglaýanlaryň hiç haýsysyny unutmaýandygyny görkezmek üçin Hudaý Ýygnagy goramaga taýýardy. Hudaý wakalaryň hemmesini şeýtanyň gahary bilen näletkerdeleriň dildüwşükleriniň Rebbiň adynyň beýgelmegine we Hudaýyň halkynyň howpsuzlygyna ýardam eder ýaly edip ugrukdyrdy. Yzarlamalar bilen kowuhnalar azatlyga tarap ýol açdy.BG 235.4

    Iňlis Ýygnagyndan aýrylmaga mejbur bolan puritanlar “Hudaýyň azat halky hökmünde “özlerine Onuň bireýýäm belli bolan ýa-da geljekde açyljak näbelli ýollaryndan ýörejekdiklerine” dabaraly wada berip, berk birikdiler. Munda reformanyň hakyky ruhy, protestantizmiň durmuş prinsipleri öz beýanyny tapdy. Şu niýet bilen hem, Täze Nurda watan edinmek üçin piligrimler Gollandiýadan gitdiler. Jon Robinson, olaryň ruhy çopany, Hudaýyň gudraty arkaly olar bilen gitmedi-de, kowlanlar bilen hoşlaşanda:BG 236.1

    “Doganlar! Biz tizara aýrylyşýarys. Indi sizi görjek - görmejekdigimi diňe Reb bilýär. Ýöne Reb bize görüşmäge rugsat berse-de, bermesede, Hudaýyň we Onuň mukaddes perişdeleriniň öňünde men size ýalbarýaryn, maňa özümiň Mesihe ökünişimden artyk öýkünmäň. Eger Hudaý size başga biriniň üsti bilen täze nur iberse, ony menden islendik hakykaty kabul edişiňiz ýaly, kabul etmäge taýýar boluň, çünki men Rebde Özüniň Mukaddes Kitabynyň sahypalaryndan ýalkym saçjak köp nuruň hem hakykatyň bardygyna berk ynanýaryn”.BG 236.2

    “Özüm babatda aýtsam, onda dini ösüşde belli bir etapa ýeten we hiç zatda Reformasiýanyň düýbüni tutujylardan aňra gitmek islemeýän reformirlenen ýygnaklaryň häzirki ýagdaýynyň agysyny aglamaga gözýaşym ýetmeýär... Lýuterianlar Lýuterden aňra gitmek islemeýärler... kalwinistler, özüňiziň görşüňiz ýaly, Hudaýyň beýik adamy bolsa-da, barybir hakykatyň bar dolulygyny bilmedik adamdan berk ýapyşyp otyrlar. Ýygnaklaryň beýle gözgyny ýagdaýa düşmegi gaty gynandyryjy zatdyr. Olary esaslandyryjylar özleriniň döwründe dünýä nur paýladylar, ýöne şeýle-de bolsa, olar Rebbiň öwütleriniň bar çuňlugyna ýetip bilmediler, şol sebäbe görä-de, eger olar häzir ýaşan bolsalar, onda nury täze nury birwagtlar nuruň ilkinji şhlelerini kabul edişleri ýaly kabul ederdiler”.BG 236.3

    “Özüňiziň ýygnakda - Onuň özüňize bireýýäm belli bolan ýa-da geljekde açyljak näbelli ýollaryndan ýörejekdigiňize - beren wadaňyzy ýatda saklaň. Kagyz ýüzüne çap edilen Hudaýyň Sözi arkaly özüňize açyljak islendik nuruny hem hakykatyny kabul etmeklige Hudaýa hem biri - biriňize beren wadaňyzy hem eden ähtiňizi ýatda saklaň. Ýöne size ýalbarýaryn, seresap boluň-da, hakykat hökmünde kabul etjek bolýan zadyňyzy jikme - jik barlaň; ölçerip döküň, täze nury Ýazgynyň beýleki ýerleri bilen deňeşdiriň, sebäbi antimesihi ligiň gözedürtme garaňkylygyndan ýaňy - ýakynda çykan mesihilik dünýäsiniň ruhy pikirlere derrew düşünmegi mümkin däl”.BG 236.4

    Wyždan azatlygyny gazanmaga dyrjaşmaklyk piligrimleri okeanyň üsti bilen dowamly syýahat etmäniň kynçylyklarynyň hemmesine, ýaşalmaýan ülkelerdäki külpetleriň we ýaşaýyş howpunyň baryna batyrlyk bilen döz gelmäge hem-de Amerikanyň kenarlarynda Hudaýyň ak patasy bilen kuwwatly milleti esaslandyrmaga ruhlandyrdy. Ýöne özleriniň dogruçyllygyna we Hudaýdan gorkýandyklaryna garamazdan, piligrimler entegem, dini azatlygyň beýik prinsipiniň manysyna düşünmeýärdiler. Olar özleriniň şeýle gymmat pidalaryň bahasy bilen gazanan azatlygyny başgalar bilen paýlaşmaga taýýar däldiler. “Hatda XVII asyiyň meşhur akyldarlarynyň hem moralistlerini arasyndakylaiyňam örän az sanlysy Täze Ähtiň Hudaýy adamzat ynamynyň ýeke - täk Kazysy hökmünde ykrar edýän iň beýik prinsipi hakyndadogry pikirlidi”.BG 236.5

    Hudaýyň Ybadathana wyždanyň üstünden hökümdarlyk etmäge, ýeresi ýüze çykarmaga we jezalandyrmaga hukuk berendigi baradaky taglymat - papalygyň köküni çuň uran ýalňyşiyklarynyň biridir. Katolikynam taglymatyndan ýüz öwürselerem, reformatorlar onuň dine çydam etme ruhundan doly azat däldiler. XVII asyrda - da, papalygyň bütin mesihiligi ýüzýyllyklaryň dowamynda gurşap alan tüm garaňkylygy entek doly aýrylmandy. Massaçusets ştatynyň koloniýasyndaky wagyzçylaryň biri: uBu dine çydam etme dünýäni antimesihilik dünýäsi etdi, şonuň üçin Ybadathananyň ýeretikleri jezalandyrmasynda hiç hili betbagtçylyk ýokdur” diýipdir. Kolonistleriň kabul eden permanyna laýyklykda diňe ybadathana agzalarynyň döwlet häkimiýetiniň guramalarynda ses bermäge hukugy bar. Özbaşyna bir döwlet Ybadathanasy dörediIdi. Adamlaryň hemmesi-de, dini ýolbaşçylary material taýdan goldamaga borçludylar, şäher häkimiýeti bolsa, islendik ýeresiň öňüni almaga ygtyýar aldylar. Şeýlelikde, dünýewi ygtyýar Ybadathananyň elinde boldy. Şunuň ýaly çäreler tizara gutulgysyz netijä - yzarlamalara - alyp bardy.BG 237.1

    Ilkinji koloniýanyň döredilenine on bir ýyl geçenden soň, Täze Nura Rojer Uilýams gelýär. Ilkinji piligrimler ýaly, ol bu ýere azatlyk almak üçin gelýär, ýöne olardan tapawutlylykda, ol azatlygyň ynamyna garamazdan hemme adamlaryňam aýrylmaz hukugy bolup durýandygyna düşünýär. Ol hakykaty çyn ýürekden gözleýji bolýar. Uilýams Robinsonyň Hudaýyň Sözüniň nuruna bar dolulygynda dünýäniň entek düşünmändigi baradaky pikiri bilen ylalaşýar. Uilýams “häzirki zaman mesihiliginde raýatlyk dolandyryşynyň esasyna wyždan azatlygy we kanunyň öňünde ähli garaýyşlaryň deňligi prinsipini salan ilkinji adamdyr”. O1 häkimiýetiň jenaýatyň öňüni almalydygyny, ýöne wyždan azatlygyna hiç haçan kast etmeli däldigini görkezdi. O1: “Jemgyýet ýa-da häkimiýetiň wekilleri adamlaryň biri - birine nähili garamalydygyny çözüp biler. ýöne olar adamyň Hudaýa nähili garamalydygyny aýdyp, şoňa hem mejbur etmäge synanyşjak bolsa, onda ygtyýaryny ýokarlandyryp, howply ýagdaý döredýär, sebäbi eger kimdir biri ygtyýara eýe bolsa, onda onuň bu gün bir dini, ertir düýbünden başgasyny öňe sürüp biler. Angliýada köp korollar hem zenan korollar şeýle etdiler, şoňa meňzeş kararlary rim Ybadathanasynyň papalary we soborlary kabul edýärdiler. Netijede, ynanç meselesinde köp sanly düşünişmezlikler ýüze çykdy”.BG 237.2

    Resmi Ybadathananyň gullugyna jerime salynmagy ýa-da türmä salynmagy howpy astynda barmaklyk talap edilýärdi. Uilýams bu kanuny ýazgardy. Iňlis kanunçylygynyň iň erbet düzgünleriniň biri-de, ybadathana hökman barmagy talap etmeklikdi. Adamlary başga ynamy wagyz edýänler bilen birikmeklige mejbur etmeklige Uilýams olaryň tebigy hukuklaryny aç - açan hem göni bozmaklyk, olary imansyzlaryň hem dinden uzakda bolan adamlaryň ýygnanyşygyna barmaga mejbur etmeklige ikiýüzlüligi goldamak hökmünde baha berdi. Ol: “Ybadathana gullugyna barmaga hemde ybadathana material taýdan kömek bermäge hiç kimi mejburetmeli däldir” diýdi. Onuň garşydaşlary: “Nädip, eýsem, zähmet çekýän ryskyna mynasyp dälmidir?” diýip soradylar. Uilýams hem: “Hawa, mynasyp, ýöne gullukçyny kim hakyka tutan bolsa, onuň hakyny hem şol tölemelidir” diýip jogap berdi.BG 238.1

    Rijer Uilýamsa wepaly gullukçy, seýrek duş gelýän zehinli, satyn alyp bolmajak dogruçyl hem-de giň ýürekli adam hökmünde gowy görýärdiler hem-de ony sylaýardylar, ýöne onuň dünýewi häkimiýetiň Ybadathana ýolbaşçylyk etmäge tutanýerlilik bilen garşy çykmasy bilen dini azatlygy talap etmesi kanun çykaryjylary gaharlandyrýardy. Onuň ideýalaryny durmuşa geçirmekligiň “döwletiň esaslaryny weýran edip. häkimiýeti agdarmagyndan” heder eden hökümet ýolbaşçylary Uilýamsy kolonnadan kowmagy karar edindiler. Tussaglykdan gaçmak üçin ol içiňden geçip barýan sowukda tokaýyň jümmüşinde gizlenmeli boldy.BG 238.2

    Ol soň: “Men on dört hepdäniň dowamynda bu gazaply pasylda sümelgesiz hem ýekeje döwüm çöreksiz sergezdançylyk çekdim. Ýöne çola ýerlerde gargalar meni iýmitlendirdiler, köwekli agaçlaram gaçybatalga bolup maňa hyzmat etdiler” diýip ýatlaýar. Ol gar basyp ýatan, geçmesi mümkin däl diýen ýaly tokaýyň içi bilen özüniň külpetli ýoluny dowam etdirdi. Ahyrsoňunda bir indeý taýpasyna baryp ýetýärde, şolardan pena tapýar. Ol tizara Hoş Habar hakykatlaryny öwredip, olaryňam hormatyna hem söýgüsine mynasyp bolýar.BG 238.3

    Köp aýlaryň dowamynda sergezdançylyk çekenden soň, ol Naragenset çaýynyň kenaryna baryp ýetýär. Şol ýerde hem, ol sözüň doly manysynda dini azatlygyň hukugynyň ykrar edilen ýeri bolan ilkinji ştatyny esaslandyrýar. Rojer Uilýamsyň fundamental prinsipi: “Her bir adam öz wyždanynyň buýruşyna laýyklykda Hudaýa gulluk etmekde azatdyr” diýen düzgün boldy. Onuň kiçiräk Rod - Aýlend ştaty yzarlanýanlaryň hemmesi üçin gaçybatalga bolup hyzmat etdi. Bu ştat özüniň fundamental prinsipleri - raýatlyk hem dini azatlyk - Amerika respublikasynyň burç daşy bolýança, ulaldy hem gülläp ösdi.BG 238.4

    Biziň ata - babalarymyzyň hukuklar baradaky kanun proýekti hökmünde öňe süren wajyp dokumentinde - garaşsyzlyk baradaky Deklarasiýada - olar şeýle diýdiler: uBiz aşaky hakykatlar göze görnüp durandyr diýip hasaplaýarys: adamlaryň hemmesi deň derejede ýaradylypdyrlar, olaryň hemmesineÝ aradan tarapyndan aýrylmajak hukuklar berlipdir, şol hukuklaryň içine ýaşamaga, azatlyga hem bagta eýe bolma hukugy hem girýändir’\ Konstitusiýa iň kesgitli jümlelerde wyždanyň el deginnesizligine kepil geçýär: “Dini garaýyşlar Birleşen Ştatlarda jogapkärçilikli döwlet wezipelerini almaga esas ýa-da päsgelçilik bolup bilmez”. “Kongress kanun bilen haýsydyr bir dini wagyz etmä mejbur edip ýa-da onuň azat wagyz edilmesini gadagan edip bilmezu.BG 239.1

    “Konstitusiýanyň awtorlary bu prinsipleriň mizemezligini, şol prinsiplere lakyklykda-da. adamyň Hudaý bilen gatnaşyklarynyň ynsan kanunlarynyň ygtyýarynda däldigini, wyždan azatlygy hukugynyň bolsa, el degrihnesizdigini ykrar etdiler. Bu hakykat subutnamalara mätäç däldir - ol biziň kalbymyzda ýaşaýar. Hut şol hakykat hem, yndan kanunlarynyň garşysyna gidip, köp ejir çekenlere gynamalara hem otda ýanmalara döz gelmeklige kömek etdi. Olar adamyň wyždanyň üstünden höküm sürüp bilmeýändigine akyl ýetirdiler. Bu dogabitdi prinsipi köki - damary bilen aýryp taşlamak mümkin däldir”.BG 239.2

    Ýewropa ýurtlarynda bir döwletiň bardygy, şol döwletde her bir adamyň öz zähmetiniň hasylyndan lezzet alyp bilýändigi we öz wyždanynyň sesine gulak asyp bilýändigi hakdaky myş - myşlar ýaýranda, müňlerçe adamlar Täze Nuruň kenarlaryna tarap ugradylar. Kolonniýalar tiz ösdi. “Massaçusets ştaty aýratyn kanun bilen “uruşdan, açlykdan hem yzarlamalardan gaçyp”, okeanyň üsti bilen geljek islendik milletden bolan mesihilere gaçybatalga hem şertsiz kömegi teklip etdi. Şeýdip, gaçan hem kowlan adamlar kanun boýunça respublikanyň myhmanlary boldular”. Ilkinji gäminiň Plimutda öz labyryny taşlanyna ýigrimi ýyl geçenden soň, köp müňlerçe piligrimler Täze Angliýada mesgen tutdular.BG 239.3

    Olar arzyly azatlygyň hatyrasyna “sadaja we özüňi pida edij ilikli durmuşda ýaşamaga razydylar. Olar ýerden diňe özleriniň zähmeti üçin hak almaga tama etdiler. Olary baý bolmanyň hiç hili azdyryjy pikirleri alyna salmady... Olar döwlet esaslarynyň haýal bolsa-da, dogry kämilleşişine begenýärdiler”.BG 239.4

    Mukaddes Kitap olar üçin imanyň esasy, akyldarlygyň çeşmesi hem azatlygyň ustawy boldy. Mukaddes Kitabyň prinsipleri öýlerde, mekdeplerde we ýygnaklarda ürç edilip öwrenildi, şol sebäpdenem, aýawlylyk. sagdyn pikir, paýhaslylyk hem özüňe erk etme munuň miwesi boldy. Puritan koloniýalarynda ýyllap ýaşasaňam, “ýekeje serhoş adama duş gelmeýärdiň, ýekeje paýyş sözem eşitmeýärdiň, ýejeke garyp adamy-da görmeýärdiň”. Bu Mukaddes Kitap prinsipleriniň - milli beýikligiň dogry kepilidigine diri şaýatlyk bolupdy. Ejiz, gurbatdan düşen ilatly ýerler kuwwatly ştatlaryň konfederasiýasyna öwürdi, şonuň üçin dünýä “ybadathanasyzam, korolsyz döwlet bolubam”, gülläp ösmäniň we asuda ýaşamanyň mümkindigini geň galma bilen aýtdylar.BG 239.5

    Yöne Amerikanyň kenarlaryna ilkinji piligrimleriň niýetlerine hiç hili dahyly bolmadyk adamlar hemişe gelýärdiler. Başdaky iman bilen arassalyk özgerdiji täsirini ýetiren bolsa-da, bu ýerde diňe material bähbitleri gözleýänleriň sany artdygyça, ol täsiriň gowşaýandygy bildirip başlady.BG 240.1

    Ilkinji kolonistleriň diňe Ýygnak agzalarynyň ses bermäge, şeýle hem, häkimiýetiň raýatlyk organlarynda jogapkärçilikli wezipeleri eýelemäge hakynyň bardygy barada kabul eden kararlary heläkçilikli netijelere alyp bardy. Bu çäreler döwleti saklamak üçin geçirilipdi, emma olar Yygnagyň ahlak taýdan dargamagyna alyp bardy. Imanyň saýlawa hem jemgyýetçilik işine gatnaşmakdaky ýeke - täk şerti bolandygy üçin köpler iman edip, täzeden doglan adam bolmasalar-da, Ýygnaga merkantil pikirler (merkantillik - öz peýdaňy gözlemeklik) bilen, karýeranyň hatyrasyna goşulypdylar. Şeýdip, ýygnaklar esasan hem, dünýewi, ruhy däl adamlardan ybarat boldy, hatda ýygnak gullukçylarynyň arasynda diňe bir azgyn ideýalary wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, Mukaddes Ruhuň üýtgediji güýji hakda hiç zady bilmeýän adamlar bardy. Munuň netijesi gaty erbet boldy. Munuň ýaly ýagdaýlar Ýygnagyň taryhynda Konstantiniň döwründen başlap, biziň günlerimize çenli-de, ýagny: “Meniň Patyşalygym bu dünýäden däldir” (Ýahýa 18:36) Diýeniň Hoş Habaryny goldamagyny sorap, döwlete ýüz tutmak bilen Yygnagy abatlajak bolan wagtyna çenli-de dowam etdi. Dünýäni Ýygnaga ýakynlaşdyrma maksady bilen Ýygnagyň döwlete birikmegi, aslyýetinde diňe Yygnagy dünýä ýakynlaşdyrýar.BG 240.2

    Hakykat hemişe açylýar, mesihileriň hemmesi Hudaýyň Mukaddes Sözüniň sahypalaryndan öwşün atjak nury kabul etmäge taýýar bolmalydyrlar - Robinson hem Rojer Uilýamslaryň takwalyk bilen öňe süren bu beýik prinsipini olaryň nesilleri ýitirdi.BG 240.3

    Amerikanyň we Yewropanyň Reformasiýanyň beýik ak patalaryny alan protestant ýygnaklary öňe reformanyň ýoly bilen gitmediler. Wagtal - wagtal täze hakykaty yglan edip, uzak höküm süren ýalňyşlyklary paş eden wepaly adamlaryň peýda bolandygyna garamazdan, adamlaryň köpüsi Mesihiň günlerindäki ýehudylar ýa-da Lýuteriň günlerindäki papaçylar ýaly, öz ata - babalarynyň ynamy hem ýaşaýyş normasy bilen kanagatlandylar. Şonuň üçin din ýene-de, formalizme, güýç bilen çykarylan öňki ýalňyşlyklara hem -de butparazlyga tarap eňdi. Eger Ýygnak Hudaýyň Sözüniň “nurunda ýörmegini” dowam etdiren bolsa, beýle bolmazdy. Protestant ýygnaklarynda Lýuteriň döwründäki rim Ybadathanasynda reforma juda uly talabyň gerek bolşy ýaly, talap ösüp ýetişýänçä, Reformasiýa ruhy söndi. O1 ýerde-de, dünýewilik we ruhy küteklik, adam pikirlerini hormatlamaklyk hem-de Hudaýyň Sözüniň taglymatyny adam teoriýalary bilen çalyşmaklyk höküm sürdi.BG 240.4

    XIX asyryň birinji ýarymynda Mukaddes Kitabyň hemme ýere ýaýradylmagy hem-de dünýäniň üstünden şöhlesini saçan beýik nur hakykaty bilmekde we ruhy tejribäni edinmekde bolmalysy ýaly üstünlik gazanmady. Indi şeýtan öňküleri ýaly, halkdan Hudaýyň Sözüni gizläp bilmedi. sebäbi ol hemmelere elýeter bolupdy, ýöne şeýtan öz maksadyna ýetmek üçin adamlara Mukaddes Kitaba bolan perwaýsyz garaýşy berdi. Ýazgyny öwrenme mümkinçiligini äsgermezçilik edip, adamlar öňküleri ýaly, ýalan düşündirişleri Kabul etdiler we Mukaddes Kitapda hiç hili esaslanma tapmadyk taglymatlara eýerdiler.BG 241.1

    Yzarlamalaryň kömegi bilen hakykaty ýok etjek bolup eden synanyşyklarynyň şowsuz bolandygyny görende, şeýtan ýene-de ylalaşma prinsipine dolandy. Bu bolsa, öz wagtynda imandan dänmä we rim Ybadathanasynyň döredilmegine alyp bardy. Indi ol mesihileri butparazlar bilen birikmeklige däl-de, özleriniň ýerdäki abadançylyga wepalylygy bilen heýkellere we şekillere tagzym edýän adamlar ýaly, butparaz bolanlar bilen birikmeklige çekdi. Bu birleşmäniň netijesi geçmişdäkiden az derejede heläkçilikli bolmady. Din nikabynyň astynda tekepbirlik, kaşaňlyk terbiýelendi, şeýdibem, ýygnak çüýredi. Şeýtan Mukaddes Kitap hakykatlaryny ýoýmagy dowam etdirdi. Millionlarça janlary heläk eden ybadathana rowaýatlary köklerini çuňdan goýberdi. Ýygnak “mukaddeslere berlen wepalylyk” ugrunda göreşmegiň deregine, şol däpleri kabul etdi we gorady. Reformatorlaryň göreşip hem ugrunda ejirler çeken prinsipleri, şeýdip, ýok edildi.BG 241.2

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents