Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents

Beýik Göreş

 - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    Sözbaşy

    Gadyrly okyjy, bu kitap dünýäde günäniň, hasratyň we betbagtçylygyň bardygyna ynandyrmagy öz öňünde maksat edinip goýmaýar. Bu şeýle-de, hemmeleriň gözüne görnüp durandyr. Ol saňa nur bilen garaňkylygyň, dogrulyk bilen günäniň, hakykat bilen ýalanyň, ýaşaýyş bilen ölümiň arasyndaky barlyşyksyz göreş hakda gürrüň bermek üçin ýazylmady. Hemmelerem kalbynyň jümmüşinde özleriniň şol gapma - garşylyklara gatnaşyjy bolup durýandyklaryna düşünýärler.BG 8.1

    Ýöne biziň her birimizde-de, şol beýik göreş hada köpräk bilme islegi döreýär. Ol nämeden başlandy we näçe wagt bäri dowam edip gelýär? Oňa nähili güýçler gatnaşýar we onda maňa nähili orun berlipdir? Biz bu dünýä öz erkimiz boýunça inmeýäris. Bu ýerde bize näme garaşýar: ýagşylykmy ýada ýamanlyk?BG 8.2

    Her tarap näme üçin göreşýär? Ol göreş haçan gutarýar? Biziň planetamyza näme garaşýar? 01 bimäçe alymlaryň öňünden aýdyşy ýaly, garaňky, sowuk hem ebedi gijäniň ummanyna batarmyka ýa-da Hudaýyň söýgüsi bilen gyzdyrylan nurly eşigi geýermikä?BG 8.3

    Sorag has-da ýiti goýlupdyr: meniň ýüregimde çarpaýa galýan egoizm bilen söýginiň arasyndaky göreşiň soňy näme bolarka? Kim ýeňerkä: ýagşylykmy ýa-da ýamanlyk? Mukaddes Kitap her bir jan üçin ýaşaýyş derejesindäki wajyp ähmiýeti bolan bu sorag boýunça näme diýýär?BG 8.4

    Muňa meňzeş soraglar bizde her ädimde ýüze çykýar. Olar biziň ýüregimiziň gizlin ýerlerinden ýüzüp ýokary çykýar-da, tutanýerlilik bilen akla kakyp, kesgitli jogaby talap edýär.BG 8.5

    Ýüregimize iň gowy, beýik bir zada tarap ymtylmany, hakykaty bilmek üçin dyrjaşmany salan Hudaý bizden wajyp maglumaty gizlemeýär, sebäbi “Reb Hudaý Öz gullaryna, pygamberlere, Özüniň syryny açmazdan hiç zat edýän däldir”.BG 8.6

    Bu kitabyň maksady - birahat ýürege eşretli bil baglamada köşeşmäge kömek etmekdir. Bu kitaby Rebbiň nähili gowudygyny dadan adam ýazdy; bu kitap Hudaý bile gatnaşykdaky we Onuň Sözüni öwrenmekdäki şahsy tejribesinde “Rebbiň syrynyň Ondan gorkýanlara açylýandygyna, Onuň Öz ähtini olara açýandygyna” akyl ýetirýär.BG 8.7

    Bütin Älemiň durmuşyna degip geçýän beýik göreşiň prinsiplerine gowy düşünerimiz ýaly, awtor şol prinsipleri soňky ýigrimi ýüzýyllygy öz içine alýan takyk taryhy materiallaryň esasynda açýar.BG 8.8

    Kitap iýerusalimiň - Hudaýyň saýlan halkynyň paýtagtynyň - taryhyndaky jemleýji wakalaryň gaýgyly suratlandyrylmasyndan başlanýar. Bu şäher dünýäni günä lagnatyndan halas etmek üçin gelen Golgotadaky Görgülini inkär etdi. Soň kitap biziň eramyzyň birinji ýüzýyllyklarynda Hudaýyň Ýygnagynyň yzarlanşy, ondan soňky Hoş Habaryň esaslaryndan yza çekilmeler, bütindünýä galkynyşy, mesihilik dünýäsindäki Reformasiýalar, Fransiýadaky hakykaty inkär etmäniň aýylganç netijeleri, Mukaddes Ýazgynyň abraýynyň dikeldilişi we onuň dünýä gowy täsir edişi, soňky günlerdäki ruhy galkynyş, Hudaýyň heläk ediji imansyzlyk we aldaw garaňkylygyny ýok edýän ylhamlarynyň şöhle saçyp duran çeşmeleriniň açylyşy hakda gürrüň berýär.BG 9.1

    Mundan soň awtor ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasyndaky göreşiň şu güne çenli-de dowam edýändigini we geljekde diňe güýjejekdigini, bu göreşde hiç kimiň bitarap bolup galyp bilmejekdigini sadalyk bilen düşnükli edip aýdýar.BG 9.2

    Kitap ahyrynda ýagşylygyň ýamanlygy, hakykatyň ýalňyşlygy, çynyň ýalany, ýagtylygyň garaňkylygy, şatlygyň gaýgyny, umydyň çykgynsyzlygy, şöhratyň masgaraçylygy, ýaşaýşyň ölümi, ebedi hem sabyrly söýginiň ar alyjylygy hem ýigrenji şöhratly dabaralanma bilen ýeňjekdigine ynandyrýar.BG 9.3

    Neşirçiler

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents