Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents

Beýik Göreş

 - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    8—Nji Bap.
    Lýuter Seýmiň Öňünde

    Germaniýadaky tagta imperator Karl V çykdy. Rimiň ilçilerem, ony gutlamaga we derrew Reformasiýany jezalandyrmaga ynandyrmaga howlukdylar. Ýöne kurfýurst Saksonskiý Lýuteri diňlemezinden ozal oňa garşy hiç hili çäre görmezligi ondan haýyş etdi, sebäbi Karl V özüniň tagta çykmasynda Saksonskä köp zatda borçludy. Bu imperatory kyn ýagdaýa saldy. Papaçylary diňe reformatora ölüm jezasyny bermeklik kanagatlandyryp bilýärdi. Kurfýurs bolsa, “öňünden gorag hatyny alan doktor Lýuteriň habarly bolan, takwa hem ýüz görmeýän kazylaryň öňünde onuň aly hezretleri imperatoram, başga hiç bir adamam Lýuteriň düzmelerini inkär edip bilmez ýaly edip, çykyş edip biljekdigini” bimäçe gezek aýgytly talap etdi.BG 120.1

    Indi hemmeleriň ünsi Karl V tagta çykandan soň tizara çagyrylan ähli german knýazlyklarynyň Wormsda geçjek seýmine gönükdirildi. Bu umumydöwlet ýygnagy iň wajyp syýasy meseleleri çözmelidi. Ol ýerde german knýazlaryna ýaş monah bilen birinji gezek duşuşmaklyk garaşýardy. Döwlet seýmine imperiýanyň ähli künjeklerinden dünýewi hem dini ýolbaşçylar geldiler. Borsda özleriniň nesilden - nesle geçip gelýän we ýokary gelip çykyşyna guwanýan han - begler, özleriniň derejelerine we ygtyýarlaryna buýsanýan dini wekiller, özleriniň ýarag göterijileriniň goragy astynda gelen köşk emeldarlary, uzak ýurtlaryň ilçileri ýygnanyşdylar. Seýmiň öňünde duran wezipeleriň juda dürlüligine garamazdan. bu ullakan ýygnagyň iň çuň gyzyklanmasyny sakson reformatory döredýärdi.BG 120.2

    Assambleýanyň başlanmagyna az wagt galanda, Karl V sakson kurfýurstyna seýme Lýuteri alyp gelmegini tabşyrdy-da, ony gorajakdygyna söz berdi we jedelleri meseleleriň hemmesinde baş çykarýan adamlar bilen açyk gürrüň etmäge mümkinçilik berjekdigine kepil geçdi.BG 120.3

    Lýuter özüniň imperatoryň öňünde durjak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Şol wagtda onuň saglygy yraň atyp başlapdy, ýöne ol kurfýursta: “Eger men ol ýere sagdyn baryp bilmesem, onda meni keselleigimede alyp barmagyňyzy haýyş edýärin. Sebäbi, eger meni imperator çagyiýan bolsa, onda munuň Rebbiň islegidigine men şübhelenmeýärin. Eger olar maňa güýç ulansalar - muňa garaşaýmaly (sebäbi olar meni öz nesihatlarymy kabul etmek üçin çagyranoklar) - onda men hemme zady Hudaýyň ellerine tabşyrýaryn. Üç ýigidi otly pejiň içinde aman saklan Reb entegem Öz tagtynda höküm sürüp otyr. Eger Ol meni halas etmese, diýmek meniň durmuşymyň manysy ýokdur. Diňe Hoş Habaryň betkärlere gülki bolmazlygynyň aladasyny edeliň hem-de ony goramak üçin gan dökmäge taýýar bolalyň. Eýsem, men adamlaryň halas bolmagy üçin nämäniň - meniň ölümimiňmi ýa-da ýaşaýşymyň - peýdalydygyny çözüp bilýärinmi? ... Siz menden gaçmak bilen ideýamdan ýüz öwürmekden başga hemme zada garaşyp bilersiňiz. Men gaçyp bilmeýärin, ýüz öwürmegi asla-da edip bilmerin” diýip hat ýazdy.BG 120.4

    Lýuteriň seýme gelendigi baradaky habar tolgunma döretdi. Papanyň bu iş tabşyrylan wekili bolan Aleandr tolgundy we aljyrady. Ol bu zatlaryň netijesiniň papa üçin pajygaly boljakdygyny bilýärdi. Papanyň eýýäm aýyplaýjy hökümi çykaran işine gaýtadan seretmek bolsa, gudratygüýçli baş ruhanynyň ygtyýaryny şübhe astynda salmagy aňladýardy. Mundan başga-da, Aleandr Lýuteriň dilewar hem inkär edip bolmajak subutnamalarynyň köp knýazlary papalykdan ýüz öwürmäge mejbur etmeginiň mümkinliginden heder edýärdi. Şonuň üçin ol Karl V Lýuteriň Wormsdaky seýme gelmegine garşylyk görkezýändigini aýgytly yglan etdi. Şol bir wagtyň özünde Lýuteriň Ybadathanadan çykarylandygy baradaky bulla yglan edildi, şonuň üçin papalyk dekretiniň basyşy we wekiller tarapyndan bildirilýän garşylyklar astynda imperator eglişik etdi. Ol kurfýursta eger Lýuter ideýasyndan ýüz öwürmese, onda onuň Wittenbergde galmagynyň gerekdigini ýazdy.BG 121.1

    Bu ýeňiş bilen kanagatlanmadyk Aleandr Lýuteriň ýasgarylmasyny gazanjak bolup, özüniň ähli mekirligini hem ygtyýaryny ugruna goýberdi. Gowy ulanyşa mynasyp bolan adaty bolmadyk tutanýerlilik bilen ol bu meseläni knýazlaryň, ýolbaşçy ruhanylaryň we seýmiň beýleki agzalarynyň dykgatyna ýetirip, reformatory “gozgalaňa öjükdirmekde, sylaşyksyzlykda, kanunsyzlykda we Hudaýa dil ýetirmede” aýyplady. Yöne ýolbaşçy ruhanynyň göze gömüp duran meýliniň we aşa ganygyzgynlygynyň onuň nähili ruha esaslanýandygy hakda gürrüň berdi. “Ony, has dogrusy, yhlaslylyk bilen hudaýhonluk däl-de, ýigrenç bilen ar alyjylyk herekete getirýär” - ine, ählumumy gelnen netije şeýle boldy. Seýme gatnaşyjylaryň köpüsi Lýuteriň işine ozal görlüp - eşidilmedik hoşamaýlyk bilen garamaga meýillidirler.BG 121.2

    Iki esse gaýrat bilen Aleandr imperatoryň papalyk dekretini ýerine ýetirmegini talap etdi durdy ýöne german kanunyna laýyklykda knýazlaryň razylygy bolmasa, beýle edip bolmaýardy, şonuň üçin Karl V ahyrsoňy ýüregedüşgünç wekile eglişik edip, bu işi seýme tabşyrmaga buýruk berdi. “Bu gün papalyk nunsiýasy üçin dabalary gün boldy. Bu ýere juda wajyp şahsyýetler ýygnanypdy, ýöne olaryň garamagyna berlen iş ondan-da wajypdy. Aleandr - ähli ybadathanalaryň enesi hem hökümdary bolan-Rimiň ygtyýaryny hem hökümdarlygyny goramalydy” Ol papanyň mesihilik dünýsiniň iň ýokary adamlarynyň öňünde Petrusdan hukuk alandygyny subut etmelidi. “Dilewarlyk zehini bolandygy üçin ol gaty gowy täsir galdyrdy. Hudaýyň ygtyýary iň beýik tribunalyň öňlinde Rimiň iň ajaýyp oratorlarynyň biriniň Ybadathanany gorap çykyş etmegine ýol berdi”. Reformatora duýgudaşlyk bildirýänleriň käbirleri Aleandry hederliräk diňlediler. Sakson kurfýursti seýme gatnaşmadyda, öz maslahatçylaryna nunsiýanyň çykyşyny öz üçin ýazmagy tabşyrdy.BG 121.3

    Aleandr hakykata ýeňliş getirjek bolup, özüniň bar aklyny we bütin dilewarlygyny kömege çagyrdy. Ol Ybadathananyň hem döwletiň, ölüleriň hem dirileriň, dindarlaryň hem dünýewi adamlaryň, ähli imanlylaryň hem aýratynlykda her bir mesihiniň duşmany kimin görkezmek bilen Lýuteriň üstüne aýyplama yzyna aýyplama inderdi. Ol: “Yüzmüňlerçe ýeretikleri ýakmak üçin Lýuteriň ýalňyşlygy ýeterlikdir” diýdi.BG 122.1

    Sözüniň ahyrynda ol reformat ynamyna ynanýanlara ýigrenç kölegesini düşürmäge çalyşdy: “Bu lýuteranlar özlerini kimler öýdýärler? Olar gödek nadan mugallymlaryň, satylan ruhanylaryň, ýoldan çykan monahlaryň, düşünjesiz ýuristleriň, ahlaksyz han—begleriň we olaryň azdyryp ýoldan çykaran ýönekeý adamlarynyň toparydyr. Eýsem, olary şeýle köp sanly, zehinli hem kuwwatly bolan katolikler bilen deňeşdirip bolarmy? Goý, bu ajaýyp ýokary suduň biragyzdan çykaran karary ýönekeý adamlara aň - bilim bersin, paýhassyzlara duýduryş bolup hyzmat etsin, ikirjiňlenýänleri berkitsin we ejizleri daýandyrsyn”.BG 122.2

    Hakykaty goraýjylara garşy hemme asyrlarda-da. şuňa meňzeş ýaraglar ulanyldy. Şol bir subutnamalar şu güne çenli-de, ählumumy azaşmanyň garşysyna gidip, Hudaýyň Sözüniň aýdyň hakykatlaryny wagyz etmäge het edip bilýänleriň hemmesine-de garşy öňe sürülýär. Umumy kabul edilen diniň tarapdarlary: “Täze taglymatlaryň wagyzçylary kimler? Olar ýönekeý, bilimsiz adamlar, olar az sanlydyrlar. Olar nädip hakykata eýe bolma, Hudaýyň saýlanan halky bolma hukugyna nädip dalaş edip bilýärkäler? Olar nadan adamlar, şonuň üçin özlerini aldaýarlar! Biziň Ybadathanamyza serediň - köpsanly hem abraýly adamlar. Biziň aramyzda beýik hem alym adamlar şeýle köp! Biz has güýçlüdiris!” diýýärler. Elbetde, bu deliller dünýädäkilere täsirini ýetirýär, ýöne ol deliller edil Lýuteriň günlerindäkisi ýaly, häzirem, ynandyryjy däldir.BG 122.3

    Lýuteriň ölümi bilen reformasiýa köpleriň pikir edişi ýaly, gutarmady. Ol taryh gutarýança dowam etmelidir. Lýuter özüne Hudaýyň sowgat beren nuruny ýaýratmak bilen beýik işleri etdi, ýöne bu dünýäniň mätäç bolan ähli nury däldi. Şol döwürlerden başlap, biziň gtinlerimizde-de, Mukaddes Yazgynyň sahypalaryndan hemişe hakykaty açmaga kömek edýän nur çykyp dur.BG 123.1

    Wekiliň sözleri seýmde uly täsir galdyrdy. Ol ýerde Hudaýyň Sözüniň aýdyň hem ynandyrryjy hakykatlary bilen papanyň goragçysy kül - peýekun etjek Lýuter ýokdy. Hiç kim reformatory hüjümlerden goramaga synanyşygam etmedi. Hemmeler Lýuteriň taglymatyny diňe bir ýazgarman, eýsem, ony ýeres hökmünde köki - damary bilen ýok etmäge taýýar ýaly bolup göründi. Rim özüni goramak üçin amatly mümkinçilikden peýdalandy. Goranmak üçin aýtmasy mümkin bolan zatlaryň hemmesi aýdyldy. Yöne bu ýeňiş ýaly bolup görnen zat diňe ýeňlişiň öňden berlen alamaty boldy. lki kuwwatly güýje açyk göreşde duşuşmak garaşýardy. Bu göreşde hakykat bilen azaşmanyň arasyndaky göze gömüp duran tapawudyň üsti açylmalydy. Bu açyk çaknyşykdan soň, Rim eýýäm hiç haçan özüni öňküsi ýaly howpsuzlykda duýup bilmedi.BG 123.2

    Seýmiň agzalarynyň köpüsi Lýuteri Rimiň hökümine bermäge taýýar bolsa-da, köpler Ybadathananyň ahlak taýdan çüýreýändigini görüp hem-de muny ýazgaryp, zaýa hem öz bähbidini araýan dini ýolbaşçylaryň ähli hyýanatçylyklaiynyň hemmesiniň soňuna çykmagy islediler, sebäbi edil şunuň ýaly zaýalykdan german halky-da ejir çekýärdi. Wekil papalygy iň özüne çekiji hem amatly görnüşde suratlandyrdy. Şonda Reb seýmiň agzalarynyň birini papalygyň zalymlygynyň netijelerine adalatly baha bermäge ruhlandyrdy. Knýaz ýygnagynyň içinden gersog Georg Saksonskiý ýerinden turdy-da, takwa aýgytlylyk, haýran ediji takyklyk bilen papalygyň aldawçylygyny we nejisliklerini hem-de onuň Germaniýadaky hökümdariygynyň eýmenç netijelerini görkezdi. Ol sözüniň ahyrynda: uBu olaryň Rime garşy nalyş edýän hyýanatçylyklarynyň diňe bir bölegidir. Ruhanylar bar utanjy unutdylar, olaryň ýeke-täk maksady... bu pul, pul we pul.... halka hakykaty öwretmeli bolanlar, oňa ýalany öwredýärler, şonuň üçin olara diňe bir çydam etmän, eýsem, näçe köp aldap, köp gazanç edendikleri üçin olary sylaglaýarlar. Hut şu ýürekbulandyryjy çeşmeden hem, zäherli suw akýar. Azgynlylyk nebsewürlik bilen egin - egne berip gidýär. Gynansak-da, dini ýolbaşçylaryň bu masgaraçylykly hereketi köp betbagt janlary ebedi ölüme alyp barýar. Ählumumy reforma wajypdyr!” diýdi.BG 123.3

    Lýuteriň özi papanyň edýän hyýanatçylyklaryny mundane başamykly we hemme zady içine alyjy edip suratlandyryp bilmezdi. Gersogyň reformatoryň duşmany bolandygy baradaky fakt bolsa, onuň sözlerine has uly ynandyryjylygy berdi.BG 123.4

    Eger ol ýere gatnaşyjylaryň gözleri açylan bolsa, onda özleriniň töwereginde ýalňyşlyk garaňkylygyny dargadyp ýören we adamlaryň aňlary bilen ýüreklerini hakykaty kabul etmek üçin açyp ýören Hudaýyň perişdelerini görerdiler. Akyldar hem hak Hudaý beýik işi ýerine ýetirmek üçin şeýle usulda ýol taýýarlanda, hatda Reformasiýanyň duşmanlaryna-da täsirini ýetirdi. Mertin Lýuter ýygnaga gatnaşmady, ýöne ol ýerde Lýuterden uly bolan Biriniň sesi ýaňlandy.BG 124.1

    Şol sebäpdenem, seým komitet döretdi-de, papanyň eden hyýanatçylyklarynyň, ýagny german halkynyň egninde beýle agyr ýük bolup ýatan hyýanatçylyk faktlarynyň hemmesini görkezmegi oňa tabşyrdy. Dürli aýyplamalaryň 101 bölegini öz içine alýan bu sanaw ýüze çykan ýagdaýy düzetmek üçin gyssagly çäre görmegi haýyş edip, imperatora berildi. Bu haýyşnamany berenler: “Nähili köp mesihileriň janlary ýitirildi, nähili talaňçylyk, mesihiligiň başynda duranlar gorkuzma ýoly bilen nähili gazanç edipdirler! Halkyň talanylmagyny we betnam edilmegini aradan aýyrmak biziň borjumyzdyr. Bu zatlaryň hemmesine esaslanyp, biz sadyklyk, şol bir wagtyň özündede, tutanýerlilik bilen ählumumy reformany tassyklamagyňyzy we ony geçirmäge başlamagy Sizden haýyş edýäris” diýip ýazdylar.BG 124.2

    Indi seým reformatoryň gelmegini talap etdi. Aleandryň haýyşyna hem haýbatyna garamazdan, imperator ahyr razy boldy. Şeýdip, Lýuter seýme çagyryldy. Çakylyk bilen bilelikde oňa gorag haty - sag - aman gaýdyp barmagynyň girewi—goýberildi. Bu zatlary Wittenberge çapar alyp gitdi. Şol çapara Wermse çenli Lýuteri alyp gelmekligem tabşyryldy.BG 124.3

    Lýuteriň dostlary gorkdular. Olar reformatora öňden duşmançylykly gatnaşyklaryň bardygyny bilýändikleri liçin Lýuteri hatda gorag hatynyňam gorap bilmezliginden howatyr edip, Lýuterden özüni howp astyna salmazlygy haýyş etdiler. Ol muňa: “Papaçylar meniň Wermse barmagymy islemeýärler, olar diňe meniň ýazgarylmagyma we ölümime teşne. Bu zatlaryň hiç biriniň ähmiýeti ýokdur. Meniň üçin däl-de, Hudaýyň Sözi üçin doga ediň... Yalanyň gullukçylarynyň üstünden ýeňiş gazanarym ýaly, Mesih meni Öz Ruhy bilen berkider. Men dirikäm, olary ýigrenýärin, öz ölümim bilen bolsa, olary ýeňerin. Olar Wormsda meni ideýamdan ýüz öwiirtmegiň aladasyny ederler, meniň ýüz öwürmäm bolsa, ine, şudur: ozal men papanyň Mesihiň ýerdäki ilçisidigini aýdýardym, indi bolsa, onuň Rebbimiziň duşmanydygyny hem şeýtanyň resulydygyny yglan edýärin”.BG 124.4

    Lýuter bu howply syýahata ýeke gitmedi. Imperatoryň çaparyndan başga-da, onuň ýanynda gitmek çin wepaly dostlarynyň üçüsi çagyryldy. Melanhton hem olar bilen gitmek isledi. O1 Lýutere şeýle bir ysnyşypdy welin, hatda onuň yzy bilen zyndanada, ölüme-de gitmäge taýýardy. Yöne onuň haýyşlarynyň hemmesi biderek boldy: Melanhtony Wittenbergde galdyrdylar. Lýuter öläýen ýagdaýda ol Reformasiýanyň işini dowam etdirmelidi. Melanhton bilen hoşlaşyp durşuna reformator: “Eger gaýdyp gelmesem, eger duşmanlarym meni öldürseler, hakykaty wagyz etmäňi bes etdirme-de, berk dur. Meniň deregime zähmet çek... eger sen ýaşamak üçin galsaň, onda meniň ölümimiň ähmiýeti bolmaz” diýdi. Lýuteri ugratmaga gelen talyplar hem şäher ýaşaýjylary gaty tolgunýardylar. Hoş Habar hakykatynyň öz ýüreklerine täsirini ýetirenleriň köpiisi onuň bilen möňňürip aglap hoşlaşdy. Şeýdip, reformator öz dostlary bilen bilelikde Wittenbergden gaýtdy.BG 124.5

    Ýolda ýolagçylar adamlary gaýgyly duýgularyň ezýändigini gördüler. Käbir şäherlerde olara gowy hezzet etdiler. Olar ýüzugra bir ruhanynyň öýünde gije ýatmak üçin düşlänlerinde, ruhany Lýutere duýgudaşlyk bilen özüniň howatyrlanmasyny beýan etdide, oňa ezýet çekip ölen bir italýan reformatorynyň suratyny görkezdi. Ertesi gün Lýuteriň düzmeleriniň Wormsda ýazgarylandygy olara belli boldy. Imperatoryň çaparlary bu dekreti hemme ýere ýaýradyp hem halky reformatoryň ähli düzmelerini ýerli häkimiýete bermäge çagyryp ýördi. Lýuteri alyp barýan çapar onuň seýmdäki howpsuzlygy üçin birahat bolup, ol mundan aňra gitmek islemez öýdüp, ondan ýoly dowam etdirmek isleýändigini ýa islemeýändigini soraýar. Lýuter oňa: “Goý, her şäherde meniň Ybadathanadan çykarylanymy yglan edibersinler, men ýoly dowam etdirmäge taýýar” diýip jogap berýär.BG 125.1

    Erfurtda Lýuteri hormat bilen garşy aldylar. Begenýän mähelle bilen daşy gabalan Lýuter birwagtlar garypja torbasy bilen aýlanan şäher köçelerinde haýallyk bilen ýöredi. Ol özüniň monahlyk hüjresine seredende, häzir bütin Germaniýa ýaýraýan nur öz kalbyny nurlandyrmazdan ozal gören görgüleriniň, başdan geçiren ähli içki göreşleriniň bary ýadyna düşdi. Bu ýerde ondan tutanýerlilik bilen wagyz etmegini haýyş etdiler. Onuň beýle etmäge haky ýokdy, ýöne korolyň çapary oňa gadaganlygy bozmaga rugsat berdi, şol sebäpdenem, birwagtlar monastyrda iň gara işi eden monah münbere çykdy.BG 125.2

    Ol ýygnananlara Mesihiň: “Size parahatlyk!” diýen sözleri bilen salam berdi. Ol: “Filosoflar, ylahyýetçiler we ýazyjylar adamlara ebedi ýaşaýşa nädip ýetmelidigini şowsuz öwredýärler. Men size şeýle diýýärin: “Hudaý ölümi ýok etmegi, günäni kül etmegi w-e dowzahyň gapylaryny ýapmagy üçin Birini, Rebbimiz Isa Mesihi, ölümden direltdi. Bu gutulyş işinde... Mesih ýeňdi! Bu habary eşitmeklik şatlykly zatdyr! Şoňa göräde, biz öz hyzmatymyz bilen däl-de, Onuň hyzmaty bilen halas edildik... Rebbimiz Isa Mesih: “Size parahatlyk! Meniň ellerime serediň...” diýdi. Başga sözler bilen aýtsak: “Eý, adam, seret! Seniň günäleriňi men aýyrdym we ýeke Özüm seni halas etdim, şonuň üçin indi sen parahatlyk alyp bilersiň” diýip, Reb aýdýar.BG 125.3

    Mundan soň, ol hakyky imanyň dogruçyl durmuşda görünmelidigi hakda gürrüň etdi. “Rebbiň bizi halas edendigi üçin biz öz işlerimiziň Onuň göwnünden turmagy üçin jan etmelidiris. Sen baýmyň? Onda, goý, seniň baýlygyň garyplara kömek etsin. Sen garypmy? Onda, goý, seniň hyzmatlaryň baýlar tarapyndan kabul edilsin. Eger sen diňe öz bähbidiň üçin işleýän bolsaň, onda seniň Hudaýa ýaraýar diýip hasaplaýan gullugyň, ýasamalykdan başga hiç zadam däldir”.BG 126.1

    Halk jadylanan ýaly bolup, Lýuteri diňledi. Bu ajygan kalplar Yaşaýyş Çöregini aldylar. Olaryň nazarynda Mesih beýgeldildi, Ol papalardan, ruhanylardan, imperatorlardan we korollardan beýik boldy. Lýuter özüniň agyr ýagdaýy hakda hiç zat aýtmady. Ol özüni duýgudaşlygyň predmeti etmegi niýet edinmeýärdi. O1 Mesihe seredip, özüni ýatdan çykardy. Ol adamlar günäkärleriň Halasgäri hökmünde diňe Isany görer ýaly, Golgotanyň Rebbiniň kölegesinde durdy.BG 126.2

    Olaryň syýahaty dowam etdi, reformatory-da, hemme ýerde uly gyzyklanma bilen garşy aldylar. Bilesigeliji halkyň giden toparlary oňa tarap akym bilen gelýärdi, dostlukly sesler bolsa, oňa Rimiň tarapdarlary ny ň niýetlerini duýdurýardy. Käbirleri: “Olar sizi ýakyp, külüňizi pytradyp goýberelier. Yan Gusa edenlerini ýada salyň” diýdiler. Lýuter: “Eger olar Wittenbergden Wormsa çenli tüsseläp duran ody ýaksalar-da, men şonuň arasy bilenem Rebbiň ady bilen geçerdim. Men duşmanyň öňüne barmaly. Men ol wagşynyň agzyna girip, Isa Mesihe şaýatlyk etmek bilen onuň dişlerini owradaryn” diýdi.BG 126.3

    Lýuteriň Wolmsa ýakynlaşyp gelýändigi baradaky habar uly tolgunma döretdi: dostlary onuň gaýgysyny edýärdiler, duşmanlary bolsa, işiň şowiy bolaryndan heder edýärdiler. Ony şähere girmezlige gaty uly güýç bilen ynandyrdylar. Palanyň pula satyn alan adamlary ony özüne dostlukly garaýşy bolan rysaryň galasynda gizlenmäge yrjak boldularda, şeýle etse, ähli kynçylyklaryň düzeljegini aýtdylar. Dostlary bolsa, özüne garaşýan howpy dilewarlyk bilen suratlandyryp, reformatory gorkuzjak boldular. Ýöne olaryň ikisem biderek ýerejan etdiler. Lýuter: “Wormsdaky erbet ruhlaryň sany jaýlaryň üstlerindäki çerepisalardan köp bolsa-da, men bu şähere girerin” diýip, yranmazlygyna galdy.BG 126.4

    Lýuter Wormsa gelende, şäher derwezesiniň öňüne ylgap baran ullakan märeke ony garşy aldy. Munuň ýaly köp adam hatda imperatoryň özüni garşy almaga-da ýygnanyşmandy. Tolgunyşyk adaty däldi. Birden märekäniň içinden kimdir biriniň çirkin sesi merhumy jaýlanda aýdylýan aýdymy aýdyp, Lýutere garaşýan ykbaly duýdurdy. Ol ekipaždan çykyp durşuna: “Reb meniň goragym bolar” diýdi.BG 126.5

    Lýuteriň, dogrudanam, Wormsa gelmäge het edip bilendigine papaçylar ynanmadylar. Onuň bu ýere gelmegi olary doňduryp taşlan gorkudan doldurdy. Mundan beýläkki hereketleriň planyny bellemek üçin imperator derrew öz maslahatçylaryny çagyrdy. Yranmaz papaçy bolan ýepiskoplaryň biri: “Biz bu meseläniň gürrüňini juda uzaga çekýäris, siziň aly hezretleriňiz imperator bu adamdan elini bir gezek salgamat bilen dynyp bilýär ahyry. Eýsem, Sigizmund Yan Gusy öliime höküm etmänmidi? Biz pyrryldakça berlen gorag hatyna hormat goýmaga borçly däldiris” diýdi. Imperator: “Yok, biz öz beren wadamyzda durmalydyrys” diýdi. Şeýdip, reformatory diňlemeklik karar edildi.BG 127.1

    Bütin şäher bu ajaýyp adamy görmäge jan etdi, şonuň üçin onuň ýerleşen jaýy gelen adamlardan hyryn - dykyn boldy. Lýuter ýaňy - ýakynda agyr keseli geçiripdi, üstesine-de, ol iki hepdelik ýolda gaty gynanypdy. Oňa seýmiň agzalary bilen duşuşyga taýýarlanmek gerekdi, şol sebäbe görä-de, ol rahatlyga hem dynç almaga, gürrüňsiz, mätäçdi. Emma adamlaryň ony görme islegi juda güýçli bolany sebäpli, oňa bary - ýogy birnäçe sagatlyk dynç almak başartdy. Ine, eýýäm ony joşgunly hem göçgünli dworýanlar, rysarlar, ruhanylar hem şäher ýaşaýjylary gurşap alypdy. Olaryň arasynda ybadathana hyýanatçylygyny görüp, imperatordan batyrgaýlyk bilen gyssagly reformany talap eden görnükli adamlaram, ýagny Lýuteriň aýdyşy ýaly, “Isanyň Hoş Habary bilen azat edilenlerem” bardy.BG 127.2

    Dostlary bilen bilelikde gaýduwsyz monahy görjek bolup, duşmanlaryda geldi. Yöne Lýuter olary asudalyk bilen kabul edip, olaryň soraglaryna abraý hem akyldarlyk bilen jogap berdi. Onuň hereketleri berk hem batyrgaýdy; ýaňy - ýakyndaky keseliň hem ýadawlygyň yzlary galan solgun hem hor ýüzi rehimi, hatda şatlyk bilen nur saçýardy. Onuň sözleriniň dabaralylygy hem ýasama bolmadyk ak göwünliligi oňa hatda öz duşmanlarynyňam garşy durup bilmedik güýji berdi. Ony görenlerinde, hemmeler haýran galdylar. Käbirleri oňa Hudaýyň güýjüniň berlendigine ynandylar, käbirleri-de, mesihi aýyplan fariseýler kimin: “Onda jyn bar” diýdi.BG 127.3

    Ertesi güni Lýuteri seýme çagyrdy lar. Ony döwlet ýolbaşçylarynyň biri audens - zala alyp geldi, ýöne ol binanyň ýanyna gaty kynçylyk bilen geldi. Ähli köçeler papanyň özüne garşy çykmaga het edip bilen monahy görmäge dyrjaşýan halkdan ýaňa hyň berýärdi.BG 127.4

    O1 öz kazylarynyň öňüne barmazdan öň, garry general, köp söweşleriň gahrymany oňa mylakatlylyk bilen: “Görgüli monah! Görgüli monah! Men köp söweşlere gatnaşyp gördüm, , şonuň üçin men seniň iň gazaply hüjümleriň birini yza serpikdirmäge barýanyňy bilýärin. Yöne eger hakykat seniň tarapyňda bolsa, senem muňa ynanýan bolsaň, hiç zatdan gorkmada, Hudaýyň ady bilen öňe ýöre. Reb seni terk etmez” diýdi.BG 127.5

    Ahyrsoňy, Lýuter seýmiň öňüne çykdy. Imperator tagta çykdy, imperiýanyň iň ýokary derejeli adamlary hem onuň daşyny gurşady. Entek munuň ýaly derejedäki ýygnaga ýönekeý adam gelip görmändi. Lýuter bolsa, şol ýygnagyň öňünde öz ynamy üçin jogap bermelidi. “Onuň bu ýerde barlygynyň özi eýýäm papalygyň üstünden gazanylan ajaýyp ýeňiş bolupdy. Papa bu adamy günäkär hökmünde yglan edipdi, ýöne ol bu hereketiniň özi bilen özüni papadan ýokary goýan sudunyň öňünde durdy. Papa Lýuteri Ybadathanadan çykarypdyr we jemgyýetden kowupdy, şeýle-de bolsa, ol aşa hormat goýlup, dünýädäki iň beýik ýygnaklaryň birine çagyryldy. Papa ony ebedi dymmaklyga höküm edipdi, oňa bolsa, mesihilik dünýäsiniň iň uzakdaky künjeklerindenem, bu ýere gelen müňlerçe ünsli diňleýjileriň öňünde çykyş etmäge mümkinçilik berdiler. Lýuter iň beýik rewolýusiýany amala aşyrdy. Rim yraň atdy, bu ýönekeý monahyň garşylygy rim tagtyny yrandyrdy”.BG 128.1

    Munuň ýaly ýokary derejedäki hem-de wekilli ýygnaga gelende, pes gelip çykyşly bolan reformator özlini gowuşgynsyz duýdy. Onuň ýagdaýyna düşünen knýazlaryň käbirleri ony ruhlandyrdylar. Olaryň biri Lýutere: “Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň...” diýdi, beýlekisi-de: “Men sebäpli hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna eltileniňizde... gepleýän Ataňyzyň Ruhudyr” (Matta 19:28, 18-20) diýdi. Şeýdip, synag wagtynda, Hudaýyň hyzmatkäriniň imanyny berkidip, oňa Mesihiň sözlerini ýatlatdylar.BG 128.2

    Lýutere edil imperatoryň tagtynyň öňünde durmagy teklipetdiler. Hyryndykynzalda imi-salalyk höküm sürdi. Imperatoryň ýolbaşçy işgärleriniň biri ýerinden turup, Lýuteriň düzmelerini görkezip, reformatordan iki soraga jogap bermegini talap etdi: ol bu işleriň özüniňkidigini boýun alýarmy we olarda beýan edilen garaýyşlardan ýüz öwürmäge taýynmydygyny sorady. Mundan soň, kitaplaryň atlaryny sesli okanlaryndan soň, Lýuter olaryň awtorynyň özüdigini aýdyp jogap berdi. Reformator sözüni dowam etdirip: “Ikinji sorag barada aýtsam, onda ol imana we gutulyşa degişlidir. 01 gökde bolşy ýaly, ýerde-de iň beýik hem iň gymmat hazynalaryň biri bolan Hudaýyň Sözüne degip geçýär, şonuň üçin öňünden pikirlenmezden, oňa jogap bermeklik men tarapdan paýhassyzlyk bolar. Ýogsam, men hakykatyň talap edýän zatlarynyň hemmesini aýdyp bilmezligim mümkin. Şonda birwagtlarky Mesihiň: “Kim Meni adamlarym öňünde inkär etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde inkär ederiri” (Matta 10:33) diýen sözleri göni maňa degişli bolar. Şonuň üçin Siziň imperator hezretleriňizden Hudaýyň Sözüne garşy çykmaýan jogaby berip bilerim ýaly, maňa oýlanmaga wagt bermegiňizi soraýaryn” diýdi.BG 128.3

    Lýuter imperatora beýle ýüzlenme bilen ýüzlenip, juda paýhasly hereket etdi. Lýuteriň özüni alyp barşy onuň hereketlerinde howul - haralyga hem oýlanyşyksyzlyga ornuň ýokdugyna ýygnagy ynandyrdy. Bu batyr hem barlyşyksyz adamdaky hiç kimiň garaşmadyk asudalygy hem özerkliligi öz sözlerine ynandyryjylyk berdi, şol sebäpli hem, indiki gezek ol şeýle paýhaslylyk, aýgytlylyk, akyldarlyk hem abraý bilen jogap berdi. Onuň beren jogaplary onuň garşydaşlaryny haýran galdyrdy hem sustuny basdy, olaryň tekepbirligini gowşatdy.BG 128.4

    Ertesi gün ol gutarnykly jogap bermelidi. Hakykata garşy nähili güýçleriň birigenini görende, Lýuter gysga wagtlaýyn bolsa-da, juda ýiti duýdy. Onuň ynamy yrandy, kalbyny gorky gaplap aldy. Ol gitdigiçe ösýän howpy anyk gördi, duşmanlary eýýäm ýeňşi dabaralandyrmaga taýýar, garaňkylygyň güýçleri söweşde ýeňiş gazanan ýaly bolup göründi. Gara bulutlar ony edil Hudaýdan aýyrýan ýaly, has-da berk gurşady. Ol goşunlar Rebbiniň özi bilen boljagyna ynandyrma almaga juda mätäçdi. Köňül hasraty içinde ol ýere ýüzinligine düşdi. Onuň paralanan ýüreginden kalbyňy tike - tike edýän, diňe rehimli hem hemme zady girýän Rebbe belli bolan nala atylyp çykdy.BG 129.1

    Ol: “Eý, Gudratygüýçli hem Ebedi Hudaý, bu dünýä nähili gorkunç! Ol meni ýuwutjak bolup, agzyny açdy, menbolsa, Saňa şeýleazbilbaglaýaryn. Eger maňa diňe bu dünýäniň güýjüne daýanmak galsa, onda hemme zadyň biderek boldugydyr... Onda meniň soňky sagadymyň gelip, höküme gol çekildigidir... Eý, Hudaýym! Bu dünýäniň bar akyldarlygyna garşy durup bilmäge maňa kömek et! Şeýle et... Sen ýekejesiň... çünki bu meniň däl-de, Seniň işiň. Meniň olara, bu dünýäniň beýiklerine, hiç hili garşylygym ýok... Bu Seniň işiň, şonuň üçin bu adalatly hem ebedi işdir. Eý, Taňrym, maňa kömek et! Wepaly hem üýtgewsiz Hudaý, men ýekeje adama-da, umyt baglap bilmeýärin... Adamdan bolan zatlaryň hemmesi ygtybarsyz hem berk däldir... Meni bu iş üçin Sen saýladyň... Meniň goragym, galkanym hem gaýam bolan Öz söýgüli Ogluň Isa Mesihiňadyndan soraýaryn, meniň bilen bol”.BG 129.2

    Hudaýyň akyldar gudraty Lýuteriň öz üstüne howpuň abanýandygyna düşünmegine we öz güýjüne daýanman, betbagtlyga uçramazlygyna akyl ýetirmegine ýol berdi. Yöne ony birden güýçden gaçyran gorky görgüleriň, hasratlaryň we şol wagtda şeýle ýakyn bolup duran ölümiň öňündäki gorky sebäpli döremändi. Ýok. onuň ykbalynyň öwrülişik pursaty geldi, şonuň üçin ol özüni doly güýçsüz duýdy. Lýuter öz ejizligi zerarly, hakykatyň işi ýeňler öýdüp gorkýardy. Ol Hudaý bilen öz howpsuzlygy üçin däl-de, Hoş Habaryň dabaralanmagy üçin “göreşdi”. Onuň tapdan düşen kalbynda Ysraýylyň Ýabok derýasynyň kenarynda bolan gijesinde başdan geçiren göreşi ýaly göreş turýardy. OI doly ejizlik içinde Mesihe, kuwwatly Halasgäre, ýüzlenmek bilen Ysraýyl ýaly, ýeňiji bolup çykdy. Şeýdip, seýmde onuň ýeke bolmajakdygyna ynam peýda boldy. Onuň kalbyna rahatlyk geldi şol sebäpdenem, ol atly şahsyýetleriň öňünde Hudaýyň Sözüni beýgeltmäge özüne rugsat berlendigine begendi.BG 129.3

    Hudaýa bolan berk ynam bilen Lýuter öňde duran göreşe taýýarlandy. Ol öz aýtjak zatlaryny ölçerip dökdi, öz düzmelerinden göçürmeler aldy, sözlerini tassyklamak üçin Mukaddes Ýazgydan laýyk gelýän subutnamalary ýygnady. Soň çep elini öz öňünde açyk duran Mukaddes Ýazga goýup, sag elini hem göge galdyryp, “eger şaýatlygy öz gany bilen möhürlenmä çagyrylan bolsa-da, Hoş Habara wepaly galjakdygyna hem-de imanyny açyk wagyz etjekdigine” söz berdi.BG 130.1

    Ol indi seýme gelende, onuň ýüzünde gorkynyň ýa-da çekinjeňligiň kölegesem ýokdy. Asuda hem parahatçylyk söýüji, gorky döretmeýän paýhas hem batyrlyk bilen Lýuter - Hudaýyň şaýady - dünýäniň beýik şahsyýetleriniň öňlerinde durdy. lmperatoryň ýokary wezipeli işgäri ondan aýgytly jogaby talap edip, ondan öz taglymatyndan ýüz öwürmäge taýýardygyny ýa däldigini soraýar. Lýuter kiçigöwünlilik hem asudalyk bilen jogap berdi. Onuň sesinde gaharlylygyň ýa ganygyzgynlygyň nyşanam ýokdy. Ol özüni edepli, hatda utanjaň alyp bardy, ýöne munuň bilen bilelikde onuň ynamlylygy bilen ýüzüniň şatlykly keşbi tutuş ýygnagy haýran etdi.BG 130.2

    Ol söze başlanda: “Siziň aly - hezretleriňiz imperatop, hormatly knýazlar, merhemetli hökümdarlar. Men bu gün siziň öňüňize düýnki buýruga laýyklykda geldim hemde siziň aly - hezretleriňizden we beýik hezretlerden adalatly hem hakykydygyna ynanýan işimi takat edip diňlemegiňizi Hudaýyň merhemetiniň adyndan haýyş edýärin. Eger haýsydyr bir zatda köşgüň etiketini ýa adatyny bozsam, onda meni bagyşlamagyňyzy Sizden haýyş edýärin, sebäbi men köşkde däl-de, ýeke ýerdäki monastyrda terbiýelendim” diýdi.BG 130.3

    Soňolözüniňçapedilendüzmeleriniň hemmesiniň häsiýeti boýunça biri - birinden tapawutlanýandygyny belledi. Hatda duşmanlary tarapyndanam, diňe bir zelelsiz hasaplanylman, eýsem, peýdaly hem diýlip ykrar edilen işlerinde ol iman hem ahlak hakda ýazýar. Olardan ýüz öwürmeklik hemmeler tarapyndan aýgytlylyk bilen ykrar edilen hakykaty ýazgarmak bolardy. Beýleki kitaplarda papalygyň nogsanlyklary bilen hyýanatçylyklary paş edilýärdi. Bu işleri peýdasyz diýip ykrar etmeklik Rimiň zalymlygyny goldamak we köp sanly hem gorkunç kanunsyzlyklara gapyny giňden açmaklyk bolardy. Ahyrynda, ol bu kitaplaryň bir bölegini jemgyýetde höküm sürýän erbetligi goran aýratyn şahsyýetleri tankytlamaklyga bagyşlanylýardy. Soňky kitaplar babatda ol kä-te juda gödek gepländigini açyk boýun aldy. Özüni ýalňyşlyklardan we nädogrulyklardan azat hasap etmesede, Lýuter hatda bu kitaplary-da, inkär edip bilmejekdigini, sebäbi olary inkär etmekligiň hakykatyň garşydaşlaryna täze güýç berjekdigini, Hudaýyň halkyny öňküsindende, gazaply ezmek üçin bulardan peýdalanjakdygyny belleýär.BG 130.4

    Ol sözüni dowam etdirip: “Men Hudaý däl-de, baiy - ýogy ölümli bir adam, şonuň üçin Mesihiň edişi ýaly edip, özümi gorajak: “Eger erbet zat eden bolsam, onda nämäniň erbetdigini görkez”... Siziň aly - hezretleriňiz imperatordan we aly hezretleriňiz knýazlardan hem ähli beýik derejedäki adamlardan Yazgynyň esasynda meniň günä edendigimi subut etmegi haýyş edip soraýaryn. Şonda men öz günäme göz ýetiren badyma, öz ýalňyşlyklarymy boýun alyp, öz kitaplarymy özüm ilki bolup oda taşlaryn” diýdi.BG 131.1

    “Meniň sözlerim özümi nähili howpuň astyna salýandygyma anyk düşünýändigimi subut edýändir. Yöne meniň kalbymda gorky ýok, gaýtam, biziň günlerimizde-de Hoş Habaryň öňküleri ýaly, pikirleriň çaknyşmasyny döredýändigine we göreşiň predmeti bolýandygyna begenýärin. Sebäbi Hudaýyň Sözi hiç kimi perwaýsyz galdyrýan däldir. Isa Mesih: “Men dünýä parahatlyk däl-de, gylyç alyp geldim” diýdi. Reb Öz duýduryşlarynda hem hökümlerinde beýik hem rehimsizdir, şonuň üçin seresap boluň, agzalalyklaryň soňuna çykjak bolup. Hudaýyň mukaddes Sözüni yzarlaýjy lar bolaýmaň, şeýdibem, öz üstiiňize ýeňip geçip bolmaýan betbagtçylyklaryň, bela - beterleriň hem ebedi ölümiň akymyny inderäýmäň... Men Hudaýyň Sözünden köp mysallar getirip biljek. Men özleriniň döwletini berkitmäge dyrjaşmak bilen ýeke—täk akylly hem paýhasly bolup görnen maslahatlary ýerine ýetirenlerinde, özleriniň ölümini tizleşdiren fyrown, babyl hem ysraýyl patyşalary hakda gürrüň berip biljek”.BG 131.2

    Lýuter nemes dilinde gepleýärdi, soň ondan aýdan zatlaryny latyn dilinde gaýtalamagyny haýyş etdiler. Ýadaw bolsa-da, ol barybir razy bolup, öz sözüni öňki aýdyňlygy hem güýji bilen dowam etdirdi. Bolýan zatlaryň hemmesine, gürriiňsiz, Hudaýyň gudraty ýolbaşçylyk edýärdi. Köp knýazlar özleriniň ters pikirliliklerinden ýaňa Lýuteri ilki diňlänlerinde onuň subutnamalarynyň logikasyna düşünmediler. Onuň logikasy Lýuter aýdan zatlarynyň hemmesini gaýtalanynda hemmeler üçin düşnükli boldy.BG 131.3

    Nurdan daşda durýanlar we hakykata düşünmekden aýgytly ýüz öwiirýänler Lýuteriň sözleriniň ynandyryjylygyna gaty gaharlandylar. Lýuter çykyşyny gutaranda, seýmiň başlygy gynanyp: “Sen özüňe berlen soraga jogap bermediň... sen kesgitli hem göni jogap bermeli... Sen garaýyşlaryňdan ýüz öwürýärsiňmi ýa-da ýok?” diýdi.BG 131.4

    Reformator: “Siziň aly hezretleriňiz hem siziň hormatly knýazlaryňyz menden kesgitli, ýönekeý hem göni jogap talap edýändigiňiz üçin men jogaby berýärin. Eger men Yazgynyň şaýatlyklary hem düşnükli anyk deliller bilen ynandyrylmasam, onda inkär etmeýärin, sebäbi papa ýa-da sobora ynanyp bilmeýärin, çünki olar ýygy - ýygydan ýalňyşdylar we öz - özlerine garşy çykdylar. Mesihi üçin öz ynsabynyň garşysyna hereket etmeklik howpsuz däldir. Şu aýdanymda durýaryn, başgaça edip bilmeýärin. Goý, maňa Hudaý kömek etsin! Omyn”.BG 131.5

    Bu takwa adam Hudaýyň Sözüniň fubdamentine daýanyp, şeýle söweşdi. Gögüň nury onuň ýüzüni şöhlelendirdi. Ol ýalňyşlyklary paş edip, diinýäni ýeňýän imanyň artykmaçlygyna, onuň beýikligine we arassalygyna şaýatlyk edende, onuň şatlykly asudalygy hemmelere göründi.BG 132.1

    Ýygnananlar haýran galmadan ýaňa birazrak wagtlyk dilleri tutulan ýaly bolup oturdylar. Ilki Lýuter juda assa hem sylaşykly gürledi, muňa bolsa, tabynlyk hökmünde baha berildi. Papaçylar onuň batyrlygy yraň atyp başlady öýtdüler. Lýuteriň özüne oýlanmak üçin wagt berilmegini haýyş etmegini olar özleriçe garaýşyndan ýüz öwürmäniň alamaty hökmünde düşündirdiler. Lýuteriň ýadaw keşbini, ýönekeý köýnegini we ussatsyzlykly sözlerini ýigrenç bilen bellän Karl V: “Bu monah meni hiç haçanam ýeretik edip bilmez’ diýdi. Emma soň welin, Lýuteriň berkligi, onuň batyrgaý hereketleri, güýji hem subutnamalarynyň aýdyňlygy hemmeleri aňk etdi. Soň hyjuwlanan imperator: “Bu monah nähili gaýduwsyzlyk hem nähili mizemez batyrlykbilengürleýär!”diýipýüzlendi. Köp german knýazlary özleriniň watandaşyna buýsanç bilen seretdiler we onuň üstünligine begendiler. BG 132.2

    Rimiň tarapdarlary ýeňildiler. Olaryň hereketleri örän gelşiksiz görnüşde göründi. Olar özleriniň ygtyýaryny Mukaddes Ýazga salgylanmak bilen däl-de, haýbatlar, Rimiň bu üýtgewsiz delilleri bilen saklamaga çalyşýardylar. Seýmiň başlygy Lýutere ýüzlenip: “Eger sen garaýyşlaryňy inkär etmeseň, onda imperator bilen döwlet işgärleri düzedip bolmaýan ýeretigiň garşysyna nähili çäre görmek bolar diýip maslahatlaşarlar” diýdi.BG 132.3

    Lýuteriň takwalyk bilen goranyşyny ruhlanma bilen diňläp oturan dostlai^ bu sözleri eşidenlerinde sandyradylar, emma reformator: “Men inkär edip biljek däl, goý, maňa Hudaý kömek etsin” diýdi.BG 132.4

    Knýazlar maslahatlaşan wagtynda, Lýutere seýmden gitmeklik buýruk berildi. Aýgytly pursatyň gelendigi duýulýardy. Lýuteriň sobora tabyn bolmakdan sarsman boýun towlamasy Ybadathananyňgeljekki bütintaryhyna uly täsirini ýetirip biljekdi. Şonuň üçin hemmeler oňa garaýşyny inkär etmäge ýene bir mümkinçilik bermegi wajyp hasapladylar. Ony seýme soňky gezek getirdiler. Onuň inkär etjekdigi ýa etmejekdigi hakdaky sorag ýene ýaňlandy. Ol: “Men size eýýäm jogap berdim. Siz menden başga hili jogap eşidip bilmersiňiz” diýip jogap berdi. Wadalaryňam, haýbatlaryňam, ony Rimiň talaplaryna tabyn bolmaga mejbur edip bilmejekdigi anyk boldy.BG 132.5

    Papalygyň ýolbaşçylary aňry ýanyna çenli gynandylar, sebäbi olaryň kuwwatynyň öňünde monarhlaram, han - beglerem sandyraýardy, emma bu ýönekeý monah oňa ýigrenç bilen seredýärdi. Olarda gaýnap duran gaharyny diňe Lýuteriň görgi görüp ölmegi köşeşdirip biljekdi. Yöne özüne nähili howpuň abanýandygyna doly akyl ýetirýän Lýuter mesihilik abraýy hem asudalygy bilen durdy. Ony tekepbirlikde-de, gyzmalykdada, faktlary bilgeşleýin ýoýmakdada aýyplap bolmaýardy. Ol özüni, töweregini gurşap alan ýokary derejeli şahsyýetleriň hemmesini düýbünden unudyp, papalardan, ruhanylardan, korollardan, imperatorlardan deňeşdirip bolmajak derejede ýokary Bolanyň barlygyny duýdy. Lýuteriň dili bilen Isa Mesih gürledi. Özem şeýle güýç hem beýiklik bilen gürledi welin, Reformasiýanyň dostlaram, duşmanlaram hormatdan hem geň galmadan doldular. Ýygnananlaryň arasynda göze görünmän bar bolan Hudaýyň Ruhy imperiýanyň beýik adamlarynyň ýüreklerine täsir etdi. Knýazlaryň birnäçesi Lýuteriň aýdýanlarynyň dogrudygyny batyrlyk bilen boýun aldylar. Köpler hakykata göz ýetirdiler, başgalary bolsa, başda ünsüni böleni üçin öňki garaýyşlaryna gaýdyp geldiler. Şol wagtda hiç hili garaýyşlary bolman, soňy bilen Ýazgyny öwrenenlerinden soň, Reformasiýanyň gaýduwsyz tarapdarlary bolanlaram boldy.BG 132.6

    Lýuteriň gelerine uly tolgunma bilen garaşan kurfýurst Fridrih onuň çykyşyny uly üns bilen diňledi. Ol öz raýatynyň batyrlygyny, ýanbermezligini we özüne erk edişini şatlyk hem buýsanç bilen belläp, ony gorama kararynda berkedi. Kurfýurst göreşýän taraplary deňeşdirende, paplaryň, ýolbaşçy ruhanylaryň we korollaryň akyldarlygynyň hakykatyň kuwwatynyň öňiinde guma öwrülýändigini gördi. Papalyk ýeňildi. Bu ýeňlişiň ýaňlaryu indiki asyrlaryň dowamyndaky halklaryň hemmesinde ýaňlandy durdy.BG 133.1

    Papanyň wekili Lýuteriň eden çykyşynyň nähili täsir edendigini görende, ilkinji gezek papalyk häkim liginiň berkliginden howatyrlanyp başlady, şol sebäpdenem, näme etmeli bolsada edip, reformatoryň ýeňlişini gazanmagy karar etdi. Şeýdip, ol özüni şöhratlandyran bar dilewarlygyny, diplomatik ussatlygyny ugruna kowup, haýsydyr bir bolgusyzja monah zerarly, kuwwatly Rimiň dostlugyny hem goragyny ýitirmäniň nähili erbet howplary abandyrýandygy ýaş imperatora suratlandyryp görkezdi.BG 133.2

    Onuň sözleri hereket etdi. Lýuteriň çykyş eden gününiň ertesi Karl seýmde özünden öňki imperatorlaryň kararlaryny mundan beýlägem dowam etdirip, katolik ynamy gorajakdygyny hem goldajakdygyny yglan etdi. Lýuteriň öz garaýyşlaryny inkär etmändigiüçinoňaweonuňýaranlaryna iň berk çäreleriň görüljekdigini aýtdy. “Öz pähimsizliginden ýaňa kellesi dumanlap duran ýalňyz monah bütin mesihilik dünýäsiniň garşysyna baş galdyrmaga het edip bildi. Men öz emlägimi, gaznamy, dostlarymy, özümi, bar ömrümi pida ederin, ýöne bu sylaşyksyzlygyň soňuna çykaryn. Goý, bu awgustin monahy öýüne gidibersin, ýöne halky azdyrmaga het etmesin. Men bolsa, oňa we onuň tutanýerli egindeşlerine garşy iň aýgytly göreşe başlaryn. Olary Ybdathanadan çykararyn, jemgyýetden kowaryn, ýok edýänçäm, olar bilen islendik serişdeleri ulanyp göreşerin. Men ähli ýerleriň wekillerini özlerini wepaly mesihiler hökmünde görkezmeklige çagyrýaryn”. Şeýle-de bolsa, imperator Lýutere berlen gorag hatynyň el degirmesizdigini belledi, şonuň üçinem, oňa garşy islendik çäreler görülmezinden ozal ol doly howpsuzlykda öýüne barmalydy.BG 133.3

    Indi seým iki sany garşydaş lagere bölündi. Papalygyň wekilleri Lýuteri gorag hatyndan mahrum etmekligi talap edýärdiler. Olar: “Reýn ýüz ýyl mundan ozal Ýan Gusuň külüni kabul edişi ýaly, Lýuteriňem külüni kabul etmelidir” diýdiler. Ýöne özlerem papalygyň tarapdarlary hem Lýuteriň aç - açan duşmanlary bolan germaniýaly knýazlar halkyň abraýyna ysnat getirýän munuň ýaly ähtiýalanlygyň bolmagyna garşy çykdylar. Olar Gusuň ölüminden soň ýüze çykan betbagtçylyklary görkezdiler we ýene-de Germaniýanyň hem-de ýaş imperatoryň başyna şoňa meňzeş bela—beteriň inmegine ýol bermejekdiklerini yglan etdiler.BG 134.1

    Karlyň özi bu bolgusyz teklibi inkär edip: “Eger abraý hem iman bütin dünýäden kowulsa, onda olar knýazlaaryň ýüreklerinde gaçybatalga tapmalydyr” diýdi. Lýuteriň ganym duşmanlary imperatory reformatory Sigizmundyň Gusy edişi ýaly etmäge, ýagny ony Ybadathananyň merhemetine bermäge yrjak bolmagy dowam etdirdiler, ýöne açyk ýygnakda Gusuň elindäki zynjyrlary görkezip, monarha kasam edip beren sözüni ýatladanyny ýada salyp, Karl V: “Men Sigizmund ýaly gyzannak islemeýärin” diýdi.BG 134.2

    Şeýle-de bolsa, Karl Lýuteriň wagyz eden hakykatyny doly akyl ýetirip inkär etdi. Ol: “Men öz ata—babalarymyň yzy bilen gitmegi berk niýet edindim” diýip ýazdy. Karl hatda hakykatyň hem dogrulygyň hatyrasyna-da, köne adatlardan el çekmezligi karar edindi. Eger onuň ata—babalary şeýle eden bolsalar, onda olam, papalygy özüniň zalymlygy hem nogsanlyklary bilen bilelikde goldamaga taýýardy. Şeýdip, ol köre - körlük bilen atalarynyň göreldesine eýerme kararyna gelip, täze nury kabul etmek hem-de öz atalarynyň bilgeşleýin ýa-da nadanlykdan kabul etmedik borçlaryny ýerine ýetirmek islemedi.BG 134.3

    Biziň günlerimizde-de, atalarynyň adatlaryny hem rowaýatlaryny berk saklaýan adamlar az däl. Reb olara täze nur iberende, olar diňe atalarynyň bilmändikleri sebäpli, şol nurda gezmändigi üçin olar ony kabul etmekden boýun towlaýarlar. Ýöne biz öz atalarymyza garanda, başga ýagdaýdadyrys, şoňa görä-de, biziň borçlarymyz başga we wezipämiz başga. Eger biz Sözüň hakykatyna özbaşdak aky lýetirmegiň we onuň bilen öz borjumyzy hem jogapkärçiligimizi kesgitlemäniň deregine, yzymyza atalarymyza seretsek, onda Hudaý bizi ruhlandyrmaz. Biziň üstümizde atalarymyzyňka garanda köpräk jogapkärçilik bar: biziň kalplarymyzy atalarymyzdan alan nurumyzam nurlandyrýar, Hudaýyň Sözüniň sahypalaryndaky täze nuram nurlandyrýar.BG 134.4

    Mesih imansyz ýehudylar hakda: “Men gelip, olara aýtmadyk bolsadym, onda günäleri bolmazdy, ýöne indi günäleri üçin ötünçleri ýokdur” (Ýahýa 15:22) diýdi. Hudaýyň şol güýji Lýuteriň dili bilen german seými bilen gürleşdi. Hudaýyň Sözüniň hakykaty ýygnananlara nuruny saçanda, Hudaýyň Ruhy olaryň köpüsine soňky gezek imana gelmeklerini sorap ýalbardy. Birnäçe asyrlar mundan ozal tekepbirligiň we şöhrata teşneligiň dünýäniň Halasgäriniň öňünde öz ýüregini ýapmagyna ýol beren Pilatus kimin, hakykatyň habarçysyny: “Häzirlikçe git, pursat tapan mahalym seni çagyrdaryn” diýip kabul eden, gorkan Feliks kimin, “Meni az salymyň içinde yryp, mesihi etjek bolýarsyňmy?” diýen, ýöne barybir Gökden iberilen nury kabul etmedik tekepbir Agrippa kimin (Resullaryň işleri 24:25; 26:28), Karl V hem, ýerdäki hormatlaryň hatyrasyna hakykat nuruny inkär etdi.BG 135.1

    Lýutere howpuň abanýandygy hakdaky myş - myşlar şäherde ählumumy tolgunmalary döretdi. Reformatoryň Rimiň öz nogsanlyklaryny paş etmäge het edip bilenleriň hemmesine edýän ähtiýalanlygyny we zalymlygyny bilýän köp dostlary ony halas etmek islediler. Köpler imperatoryň kararyny Rimiň öňünde edilýän ýaranjaňlykdygyny aç - açan aýtdylar. Jaýlaryň derwezelerinde, j e mgyýetçilik binalarynda plakatlar peýda boldy. Olaryň käbirleri Lýuteri goraýardylar, käbirleri-de, ony ýazgarýardylar. Kä ýerlerde pähimli Süleýmanyň aýdan gysgajyk, emma çuň manyly sözlerini okamak bolýardy: “Eý, juwan şasy bolan... ýurt, dat günüňel” (Wagyz kitaby 10:16). Bütin Germaniýany gurşap alan Lutere bildirilýän ählumumy duýgudaş ly gyň part lam asy imperatory-da, seými-de, reformatora ediljek çalaja adalatsyzlygyňam, diňe bir imperiýany däl, eýsem, tagtyňam berkligini howp astyna saljakdygyna ynandyrdy.BG 135.2

    Fridrih Saksonskiý öziini örän seresap alyp bardy, reformatora bolan özüniň çyn gatnaşygyny gizledi, şol bir wagtyň öziinde-de, irkilmezek hüşgärlik bilen ony baran ýerinde we onuň duşmanlarynyň hereketlerini synlady ýördi. Ýöne Lýutere bolan gowy gatnaşyklaryny gizlemäge çalyşmadyk adamlaram bardy. Onuň ýanyna knýazlar, graflar, baronlar, dünýewi hem ybadathana işgärleri barýardylar. Spalatin: “Doktoryň kiçijik otagy onuň ýanyna gelýänleriň hemmesini içine sygdyryp bilmedi” diýip ýazýar. Halk oňa adamdan ýokary ynsan hökmünde garaýardy. Hatda onuň garaýşy bilen ylalaşmaýanlaram, reformatory öz wyždanynyň garşysyna gidenden, ölenini gowy görmäge ruhlandyrýan takwalygyna hem asyllylygyna haýran galman bilmeýärdiler.BG 135.3

    Lýuteri Rime eglişik etmäge mejbur etmäge janypkeşlik bilen dyrjaşdylar. Han - begler tutanýerliligini dowam etidirip, ony kejirlik edip, Rime hem seýme garşy gitmegini dowam etdirmek bilen özüniň diňe ýurtdan kowulmany gazanyp, goragsyz galjagyna ynandyrmaga jan etdiler. Muňa Lýuter: “Mesihiň Hoş Habary hemişe kimdir biriniň çetine degýär we garşydaşlyk döredýär... Näme üçin gorky hem howatyrlyk meni meni Rebbimden we Onuň ýeke—täk hakykat bolan Hudaýlyk Sözünden aýyrmalymyşyn? Ýok, men gowusy öz janyny bererin!” diýip jogap berdi.BG 136.1

    Yene-de ony imperatora tabyn bolmaga yrjak boldular we şonuň ýaly etse, özüne hiç zadyň howp salmajakdygyna ynandyrjak boldular. Lýuter: “Men çyn ýüregimden razy, imperatordan başlap, iň ýönekeý mesihä çenli meniň işlerimi okasynlarda tankytlasynlar, ýöne bir şert bilen, muny Hudaýyň Sözüniň esasynda etsinler. Adamlara Mukaddes Ýazga tabyn bolmakdan başga hiç zadam galmaýar. Meniň özüm durkum bilen oňa berlen, şonuň üçin meniň ynsabymy mejbur etjek bolmak peýdasyzdyr” diýip jogap berdi.BG 136.2

    Birazrak soňrak ol şuňa meňzeş gürrüňdeşlikde: “Men gorag hatyndan ýüz öwrüp, janymy imperatoryň eline bermäge taýýar, ýöne Hudaýyň Sözünden welin, hiç haçanam, ýüz öwürmerin!” diýdi. Lýuter Mukaddes Ýazga laýyk gelen ýagdaýynda seýmiň kararyna tabyn bolmaga taýýardygyny beýan etdi. Ol: “Hudaýyň Sözi we iman hakda aýtsak, onda bu zatlar hakda her bir mesihi-de, papa we onuň tükeniksiz soborlary bilen deň derejede höküm çykaryp biler” diýdi. Tizara hemmeler - dostlaram, duşmanlaram - Lýuteri Rim bilen ýaraşdyrmak üçin ediljek indiki synanyşyklaryň peýdasyzdygyna düşündi.BG 136.3

    Eger Lýuter hiç bolmanda ýekeje bölümçesinde eglişik eden bolsa, şeýtan bilen onuň bar goşuny ýeňşi dabaralandyrardylar. Yöne onuň yranmaz berkligi Ybadathanadan boşamanyň girewi boldy we täze, gowy eýýamyň başlangyjyny goýdy. Din ýaly ulgamda pikirlenmäge we hereket etmäge het edip bilen ýekeje adamyň täsiri Ybadathana we dünýä täsirini ýetirmän bilmedi. Onda-da bu täsir onuň öz döwri bilen çäklenmän, geljekki nesilleriňem hemmesine ýaýrady. Taryhyň ahyryna çenli Lýuteriň berkligi bilen wepalylygy şunuň ýaly ýagdaýa düşenleriň hemmesini gorar.BG 136.4

    Tizara imperatoryň permany bilen Lýuteri öýüne ugratdylar, ýöne ol munuň yzyndan özüniň tussag edilmesiniň boljakdygyny bilýärdi. Onuň ýokarsynda gümmürdi döretjek bulutlar asylyp durdy, ýöne onuň özi Wormsdan şatlykly ýürek bilen çykdy. 01: “Papanyň galasyny şeýtanyň özi gorady, Mesih diwardan deşik deşende, şeýtan Rebbiň özünden güýçlüdigini boýun almaga mejbur boldy” diýýär.BG 136.5

    Lýuter ol ýerden gaýdandan soň öz berkligin ýoýup düşündirmeklerini islemändigi üçin imperatora: “Goý, hemmeleriň ýüreklerini görýän Reb meniň Şaýadym bolup, özümiň hormatda we hormatsyzlykda, ýaşaýyşda hem ölümde Siziň aly hezretleriňize bar tabynlyk içinde tabyn bolmaga taýýardygymy tassyklasyn, ýöne men hiç bir ýagdaýda-da, Hudaýyň Sözüne garşy gidip bilmeýärin, adam şol söz bilen ýaşaýandyr. Dünýewi zatlaryň hemmesi barada aýtsam, meniň Size bolan wepalylygym üýtgewsizligine galar, sebäbi gutulyş meniň bu durmuşda bir zat aljagyma ýa ýitirjegime bagly däldir. Yöne gepiň ebedilik hakda barýan ýerinde Hudaý bir adamyň başga bir adama tabyn bolmagyny islemeýär. Sebäbi munuň ýaly boýun bolma ruhy meselelerde hakyky tagzym etme bolýar, tagzymy bolsa, diňe Yaradana etmelidir!” diýip hat ýazdy.BG 137.1

    Lýuteri yza gaýdyş ýolunda has şatlykly hem gyzgyn garşy aldylar. Ýokary dini ýolbaşçylar Ybadathanadan çykarylan monahy mylakatly kabul etdi, imperatoryň ýazgaran adamyny raýatlyk häkimiýetleri hormat bilen garşy aldylar. Ondan wagyz etmegi haýyş etdiler, şol sebäpdenem, imperatoryň gadagan etmesine gulak asman, ol münbere çykyp: “Men hiç haçanam, Hudaýyň Sözüni gandallamagy söz bermändim, beýle etmerinem” diýdi.BG 137.2

    Lýuter Wormsdan çykan badyna, papaçylar imperatory oňa garşy perman çykarmaga mejbur etdiler. Bu dekretde Lýuter “monah eşigini geýen adam keşbindäki şeýtan” diýip atlandyrylýardy. Gorag hatynyň möhleti geçen badyna, onuň işini bes etdirmek üçin iň aýgytly çäreleri görmeklik buýruk berildi. Hiç kimiň oňa myhmansöýerlik etmäge, iýmitini we suwuny onuň bilen paýlaşmaga haky ýokdy; söz bilenen, iş bilenem, oňa goldaw sözlerini ýa duýgudaşlyk sözlerini aýtmaga haky ýokdy. Ol nirede bolsa-da, islendik ýerde ony tussag edip, häkimiýetiň eline berip bilýärdiler. Onuň ýaranlaram tussaga, emlägi bolsa döwlet haýryna geçirilmäge degişlidi. Onuň düzmeleri ýok edilmelidi, şonuň üçin bu dekreti bozmaga het edip bilen her bir adama hem şuňa meňzeş jeza garaşýardy. Kurfýurst Saksonskiý we Lýutere gowy garaýyşda bolan beýleki knýazlar reformator gidenden soň, Wermosdan ugradylar, seýmem şol wagtda imperatoryň buýrugyny tassyklady. Rimiň tarapdarlary heşelle kakdylar. Indi olaryň pikir edişine görä, reformasiýa dargamaga sezewar edilipdi.BG 137.3

    Ýöne Reb Öz guluny howpdan halas etmäni öňden taýýarlap goýupdy. Hüşgär göz Lýuteriň her bir hereketini synlaýardy, şonuň üçin takwa ýürekde ony halas etme karary ösüp ýetişdi. Rimiň diňe reformatoryň ölümi bilen kanagatlanma tapjakdygy göze göründi. Ölümden bolsa, diňe gizlin gaçybatalgada gizlenip halas bolup bolýardy. Hudaý Fridrih Saksanskä akyldarlyk berdi, şonuň üçin ol Lýuteri halas etmäniň planyny oýlap tapdy. Wepaly dostlarynyň kömegi bilen kurfyurstyň maksady amala aşyryldy. Reformatory hem dostlaryndan, hem duşmanlaryndan gizlediler. Öýüne gaýdyp gelýän Lýuteri birden tutup alyp, ýoldaşlaryndan aýra saldylarda, howlukmaçlyk bilen tokaýyň ýodasyndan Wartburg galasyna - geçip bolmaýan dagdaky gala - alyp geldiler. Lýuteriň ogurlanmagy şeýle bir ýiti gizlinlik bilen gurşaldy welin, hatda Fridrihiň özi-de, onuň niredegini uzak wagtlap bilip bilmedi. Kurfýursty bilgeşleýin edilen zadyň jikme - jikliklerinden habardar etmediler. Hiç zat bilmeýän adama syry gizlemek aňsat bolýar. Fridrih reformatoryň howpsuzlykdadygy baradaky habar bilen kanagatlandy.BG 137.4

    Ýaz geçdi, tomus, güýz geçdi, gyş geldi, Lýuter bolsa, öňkiisi ýaly ýesirlikdedi. Aleandr bilen onuň tarapdarlary Hoş Habaryň ýagtysy tizara doly söner öýdüp heşelle kakdylar. Ýöne olaryň tamasynyň garşysyna reformator öz çyrasyny hakykatyň hazynasyndan doldurdy, şonuň üçin onuň ýagtysy has-da ýiti şöhle saçmalydy.BG 138.1

    Wartburgyň dostl ukly atmosferasyndaLýutertolgunmalardan we gazaply söweşlerden soň, birnäçe wagtlap dynç aldy. Yöne ol asudalykdan hem imi - salalykdan uzak lezzet alyp bilmedi. Işjeň durmuşa we erjel göreşe endik edinen Lýuter mejbury hereketsizlige gaty kynlyk bilen döz gelýärdi. Ýekelikde bolanda, ol Ybadathananyň ýagdaýy hakda pikirlenmesini bes etmedi, şol sebäpdenem, ol sustupeslik bilen: “Wah, Onuň gaharynyň bu soňky günlerinde, Ysraýyly halas etmek üçin Rebbiň öňünde diwar kimin durar ýaly ýekeje adamam ýok!” diýip ýiizlendi. Käwagt Lýuteriň göwniine özüni, söweş meýdany taşlap gideni, gorkaklykda aýyplamaklary mümkin ýaly bolup göründi. Ol özüni bikärlikde we rahatlykda oturmakda aýyplady, ýöne şol bir wagtyň özünde ol, umuman, adamyň etmäge güýji ýetäýjek zatlaryndan uly işleri edýärdi. Onuň galamy hiç haçanam işsiz ýatmady. Özlerini Lýuteri sem etmäge mejbur edendikleri baradaky ýalan umyt bilen aldan duşmanlary tizara onuň dowam edýän işiniň subutnamasynyň göze görnüp durandygy sebäpli, howsala düşdüler we ýakymsyz haýran galdylar. Onuň galamynyň astyndan çykan kitapçalar bütin Germaniýa ýaýrady. Lýuteriň watandaşlarynyň öňünde eden hyzmaty bahasyna ýetip bolmazakdyr - Täze Ähti nemes diline şol terjime edipdi. Ol özüniň gaýaly Patmosyndan tutuş bir ýylyň dowamynda döwürdeşleriniň giinälerini hem azaşmalaryny ýazgaryp, Hoş Habary wagyz etmesini dowam etdirdi.BG 138.2

    Hudaý Öz guluny jemgyýetçilik durmuşynyň sahnasyndan diňe onuň janyny halas etmek üçin dälde, oňa has wajyp bolan iş bilen meşgullanmaga mümkinçilik bermek üçin aýyrdy. Ýok, Rebde has uzaklara gidýän we ýokarlara galdyrylan maksatlar bardy. Lýuter özüniň ýekelikdäki hem ümsümlikdäki gaçybatalgasynda adamlaryň ykrar etmesinden we ýaranjaňlyklaryndan mahrumdy. Ol üstünlikleriň köplenç alyp barýan tekepbirliginden hem özüne göwniýetmesinden saplanylypdy. Görgüler hem kaýyllyk ony ýene-de özüniň duýdansyz göterilip çykylan başyňy aýlaýjy belentliklerine howpsuz syýahat etmeklige taýýarlady.BG 138.3

    Adamlar hakykatyň sowgat berýän azatlygyna şatlananlarynda, olar Reb kimiň üsti bilen azaşma hem butparazlyk zynjyrlaryny gyran bolsa, şony hem şöhratlandyrmaga meýilli bolýarlar. Şeýtan adamlaryň pikirlerini we duýgularyny Hudaýdan sowup, olaryň ünslerini adam gurallaryna we araçylara gönükdirýär. Ol diňe guraly şöhratlandyrmaga we hemme zady dolandyran Rebbiň elini äsgermezçilik etmäge meýillendirýär. Dini ýolbaşçylaryň öwgüden we baş egmelerden gerk - gäbe bolup, özleriniň Hudaýa baglylygyny duýmany bes edýärler we özlerine ynamly bolýarlar. Şonda hem olar adamlary Hudaýyň Sözüne däl-de, özlerine köpräk ynanmaga mejbur etjek bolýarlar. Ybadathanadaky reforma öz tarapdarlarynyň özlerinde adamyň öňünde baş egme ruhuny aýnadandyklary sebäpli saklanyldy. Reb reformasiýanyň işini şunuň ýaly howpdan goramak isledi. Ol bu işiň ynsan möhüri bilen däl-de, Hudaýyň möhüri bilen berkidilmegini isledi. Adamlar Lýuterde hakykaty düşündirijini görüp başladylar, ine, şonda hemmeleriň nazary hakykatyň Awtoryna gönüger ýaly, Lýuter kölegä süýşürildi.BG 139.1

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents