Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents

Beýik Göreş

 - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    34—Nji Bap.
    Ölen Adamlar Biziň Bilen Gepleşip Bilýärlermi?

    (Spiritizm)

    Mukaddes Ýazgyda gürrüňi edilýän mukaddes perişdeleriň gullugy Mesihiň yzyna eýerijileriň her biri üçin iň teselli beriji hem gymmatly hakykatlaryň biri bolup durýar. Ýöne Mukaddes Kitabyň öwredýän zady meşhur teologiýanyň mesihi gybatlary tarapyndan ýoýulypdyr we garaňkyradylypdyr. Butparaz filosofiýasyndan alnyp, beýik imandan dänme wagtyndaky garaňkylyk döwürlerinde mesihilik ynamyna girizilen janyň tebigy ölümsizligi baradaky düşünje Mukaddes Ýazgynyň sahypalarynda, has takygy: “ölüler özlerimň ölüminden soň hiç zady bilmeýärler” diýen sözlerde, kesgitli hem düşnükli beýan edilen hakykatyň ýerini eýeledi. Şol sebäpli-de, köpler “gutulyşy miras alanlara gulluk etmek üçin iberilen hyzmatkär ruhlaryň” ölüleriň ruhudygyna ynandylar. Munuň ýaly garaýyş Mukaddes Kitabyň gökdäki perişdeleriň bardygy we olaryň adamzat taryhyna birinji adam ölmezden öň gatnaşyp başlandygy baradaky anyk şaýatlygynyň garşysyna gidilip tassyklanyldy.BG 449.1

    Ölenden soň adamyň aňynda bolýandygy, ylaýta-da, ölenleriň ruhlarynyň dirilere gulluk etmek üçin gelýändikleri baraky taglymat häzirki zaman spiritizmine tarap ýol taýýarlady. Eger ölüler Reb hem mukaddes perişdeler bilen gepleşmeklige goýberilen bolsa, öňküsinden has ýokary bolan bilimi alan bolsa, onda olar näme üçin ýaşap ýörenlereaň-bilimhemnesihatbermek üçin ýere gaýdyp gelmeli dälmişinler? Eger meşhur ylahyýetçileriň öwredişi ýaly, ölüleriň ruhlary öz dostlarynyň üstünde uçup ýören bolsa, onda olara olar bilen gepleşmäge näme iiçin ýol bermeli dälmişin, olara betbagtlygy duýduryp, hasratda teselli bermeli dälmişin. Adamyň ölümden soň, aňly ýagdaýynyň bolýandygyna adamlar nädip ynanyp, özlerine şöhratlandyrylan ruhlaryň üsti bilen Hudaýyň nury hökmünde berilýän zady inkär edip bilýärler? Umumy pikir boýunça şol mukaddes ýol bilenem, şeýtan öz niýetini amala aşyrýar. Şeýtanyň buýrugyny ýerine ýetirýän günäli perişdeler adamlaryň ýanyna edil ruhy dünýäniň habarçylary kimin bolup gelýärler. Adamlary ölüler bilen gepleşmegiň mümkindigine ynandyrmak bilen erbetligiň patyşasy aňa jadylaýjy, gipnotik täsiri ýetirýärler.BG 449.2

    Günäli perişdeler ölen dostlaryň keşbine girip bilýärler. Olar haýran galdyryjy takyklyk bilen diňe daşky keşbi döretmän, eýsem, gözleriň, sesiň hem gepleýşiň özboluşlylygyny-da döredýärler. Şeýdip, köplerem, öz ýakynlarynyň gökde bagtlydyklaryna begenýärler we howp abanýandyr öýtmänem, “ýalançy ruhlar we jynlaryň taglymatlaryna” üns berýärler.BG 450.1

    Olar ölüleriň, dogrudanam, özleri bilen gepleşmek üçin gaýdyp gelýändiklerine ynanyp başlanlarynda, şeýtan gabra taýýarlyksyz gidenleriň keşbini adamlaryň öňünde peýda bolar ýaly edýär. Ol keşpler görnenlerinde, özleriniň gökdäki bagtly durmuşy, ol ýerde eýeleýän ýokary derejesi hakda gürrüň berýärler. Şunuň ýaly ýol bilenem, ölümden soň, dogry adam bilen dogry däl adamyň arasynda hiç hili tapawudyň ýoklugy baradaky nädogry pikir hemme ýerde giňden ýaýraýar. Ruhlar dünýäsinden bir pursatlyk gelenler özleriniň ýakynlaryna duýdurýarlar we habardar edýärler welin, olaryň duýduryşlary soň dogry bolup çykýar. Ol ruhlar ynama girenlerinden soň, Mukaddes Ýazga bolan imany üzýän pikirleri öňe sürüp başlaýarlar. Bu ruhlar özleriniň ýerdäki dostlarynyň abadançylygy üçin biynjalyk edýändigini görkezmek bilen olary iň ýokary derejeli howplara ynandyrmaga çalyşýarlar. Olaryň käwagt hakykaty gürleýändikleri we geljegi aýtmaga ukyplylygy özleriniň aýdan zatlaryna ynam döredýär, şonuň üçin ýalan taglymatlary köpler, edil olar Mukaddes Kitabyň iň mukaddes hakykatlary bolup durýan ýaly, höwes bilen we gürrüňsiz kabul edýärler. Ine, şeýdip, Hudaýyň Kanuny unudyldy, merhemet Ruhy ret edildi, äht Gany indi ol adamlaryň nazarynda indi mukaddes zat hasaplanylmaýar. Spiritler (spirit—ölüleriň ruhy bilen habarlaşyp bolýar diýen ýalan dini ynama ynanýan adam) Mesihiň Hudaýlygyna garşy çykýarlar, hatda Ýaradany-da, özleri bilen deň tutýarlar. Täze maskanyň astynda şeýle gizlenmek bilen beýik gozgalaňçy özüniň gökde başlan, ine, indi, takmynan, alty müň ýyldan bäri ýerde dowam edip gelýän Hudaýa garşy göreşini dowam edýär.BG 450.2

    Dürli spiritik hadysalary ençeler diňe kezzaplygyň we mediumyň elleriniň çalasynlygynyň netijesi hökmünde düşündirýärler (medium - spiritleriň dini düşünjelerine görä, adamlar bilen arwahlaryň araçysy). Dogrudanam, gözbagçylygyň netijesi köplenç real zat ýaly bolup görünýär. Şeýle-de bolsa, adatdan daşary güýjüň aýdyň goşulýandygy bildirýär. Syrly tyrkyldylar - häzirki zaman spiritizmi özüniň bar bolmasy hakda hut şeýle yglan etdi - çalasyn oýunlar ýa-da kezzapçylyk bolman, eýsem, adam janlaryny has üstünlikli heläk edýän nädogrulyklaryň biriniň başyny başýan arwahlaryň goşulmasynyň netijesidir. Başda ençe adamlar spiritizme adaty kezzaplyk hökmünde garaýarlar, ýöne adatdan daşary güýjüň aýan bolmasyndan başga hiç hili baha berip bolmaýan hadysalar bilen ýüzbe - ýüz bolanlarynda, olar ýalana ýan berýärler-de, olara Hudaýyň beýik güýji hökmünde garaýarlar.BG 450.3

    Munuň ýaly adamlar Mukaddes Ýazgynyň şeýtanyň we onuň ýaranlarynyň görkezýän gudratlary baradaky duýduryşlaryny gözden salýarlar. Hut şeýtanyň goşulmasy bilen fyrownyň jadygöýleri Hudaýyň işine öýkünip bildiler. Resul Pawlus Mesihiň Ikinji gezek gelmesiniň öň ýanynda şeýtanyň güýjüniň şunuň ýaly aýan bolmasynyň görünjekdigini aýdýar. Rebbiň gelmesiniň öň ýanynda şeýtan “güýji boýunça, her hili ýalan gudrat, alamat we mugjyza bilen, heläk bolýanlary aldawa salýan her hili ýamanlyk bilen gelet” (1 Selanikliler 2:9-10). Resul Ýahýa soňky günlerde aýan boljak gudrat bilen täsir ediji güýji suratlandyranda: “Ol uly alamatlar görkezip, ynsanlaryň gözleriniň alnynda Gökden Yere ot hem ýagdyrýardy Ol öňki janawaryň adyndan döretmegine rugsat edilen alamatlary bilen Ýer ýüzünde ýaşaýanlary azdyrdy” (Ylham 13:1314) diýýär. Resul bu hadysalary ýönekeý aldaw hasaplamaýar. Arwahlar adamlary diňe bir görnüş bilen däl-de, hakyky gudratlar bilen aldaýarlar.BG 451.1

    Adamy aldama işinde şunça wagtlap öz ukyplaryny çarhlap ýören garaňkylygyň patyşasy, her neneň derejäni eýeleýän bolsalar-da, ähli gatlaklaryň adamlaryny ussatlyk bilen synaga salýar. Bilimli hem medeniýetli adamlara ol spiritizmi şeýle inçe hem paýhasly görnüşde getirýär welin, köpler gurlan duzaga derrew düşýärler. Spiritizmiň akyldarlygyny resul Ýakup: “dünýä, tebigata, iblise degişli akyldarlyk” (Ý akup 3:15) diýip atlandyrýar. Syry ýüztutaryk edinip, öz planlaryny has gowy amala aşyrmak üçin beýik ýalançy muny gizleýär. Çölde Mesihiň ýanyna öwşün atyp duran seraf görnüşinde gelen şeýtan adamlara has özüne çekiji görnüşde - nur perişdesiniň görnüşinde - görünýär. Adam bilen ýokarlandyrylan temalarda gürrüň etmek bilen ol onuň aňyny ýesir edýär, mümkin bolan gyzyklandyryjy şekillendirmeler bilen onuň pikirini öjükdirýär we söýgi hem sahylygyň öwadan suratlandyrmalary bilen duýgusyna täsir edýär. Ol adam aklyny ajaýyp obrazlar bilen ganatlandyrýar-da, adam öz ýüreginde ebedi Bolany inkär eder ýaly, olara ägirt özüne göwni ýetme, öz akyldarlygyna ynamlylyk duýgusyny berýär. Dünýäniň Halasgärini adaty daglardan-da, belent bolan dagyň üstüne çykaryp, ol ýerde Oňa ýer ýüzündäki patyşalyklaryň hemmesini we olaryň şöhratyny görkezen kuwwatly duşman Hudaýyň güýji bilen goralmaýanlaryň hemmesiniň aklyny dumanlaşdyrmak üçin gerek bolan ýollaryň we serişdeleriň hemmesini tapýar.BG 451.2

    Biziň döwrümizde-de, edil öz wagtynda, Erem bagynda How enäni synaga salşy ýaly - ýaranjaňlygy ulanmak, gadagan bilimlere teşneligi oýarmak we özüňi ýokary tutmany höweslendirmek bilen—adamlary synaga salýar. Hut şu yhlaslar hem, onuň özüni kowulmaga alyp bardy, şonuň üçin ol hut şolaryň üsti bilenem. adamzady heläk etmäge bil baglaýar. Ol: “Hudaý kimin bolsyň hem-de ýagşy-ýamany saýgararsyňyz” (Gelip çykyş 3:5) diýdi. Spiritizm “adamyň öz tebigaty boýunça döredi jilikli şahsyýetdigini, onuň wezipesiniň Hudaý bilen bir derejä ýetmek üçin saklap bolmajak derejede ebedi özüňi kämilleşdirmä dyrjaşmakda jemlenendigini” öwredýär. Mundan soňam, “Her kim başga birini dälde, diňe özüni sud etmeli”. “Bu aýyplama adalatly bolar, sebäbi ol öz - özüňi sud etmeklik bolýar”. “Tagt siziň içiňizdedir”. Spiritizmiň halypalarynyň biri özünde “ruhy düşünje” açylan wagtynda: “Meniň adam doganlarymyň hemmesi günä etmedik ýarymhudaýlardylar” diýýär. Başga biri bolsa: “Islendik adalatly hem kämil jandar Mesihdir” diýýär.BG 452.1

    Şeýlelikde, seždä hem hormata ýeke Özi mynasyp bolan Tükeniksiz Hudaýyň dogrulygynyň hem kämilliginiň deregine, Onuň - adam ymtylyşlarynyň hakyky ölçeg birligi bolan - Kanunynyň kämil dogrulygynyň deregine şeýtan adam tebigatyny ýeke - täk düzgün hem häsiýetiň ölçeg birligi hasaplap, adamyň günäli, nogsanlykly tebigatyna sežde etmekligi teklip edýär. Bu, aslyýetinde, ýokary-da, aşagam däl-de, ösüşdir.BG 452.2

    Akyl hem ruhy ösüşiň esas bolup durýan kanunynda: “Adam nämä seredýän bolsa, şoňa-da, meňzeş bolýar. Adam haýsy predmetiň üstünde oýlanýan bolsa, kem - kemden şoňa uýgunlaşýar, söýýän hem tagzym edýän zadyna meňzeş bolýar. Adam özüniň arassalyk, takwalyk hem hakykat nusgasyndan ýokary hiç haçanam galyp biiýän däidir. Eger “men” iň ýokary ideal boisa, onda adam öz ejizliklerinden hiç haçanam ýokary gidip bilmez. Gaýtam, ol haýaljakdan bolsa-da, göni gitdigiçe pese düşer. Adamy ýokary galdyrmaga diňe Hudaýyň merhemeti ukyplydyr. Öz - özümize tabşyrylan biz gutulgysyz ýagdaýda aşak ineris.BG 452.3

    Ähli lezzetleri gowy görýän, ten höwesli we giň duýguly adamlara spiritizm aňrybaş akly bolan adamlara garanyňda, juda bir nepis lybasda görkezilip durulmaýar, sebäbi olar onuň has haýasyz görnüşinde özleriniň höweslerine gabat gelýän zady tapýarlar. Şeýtan adam tebigatynyň her bir ejizligini öwrenýär, ol her bir adamyň meýilli bolan günäsini belleýär, soň erbet meýilleriň ýüze çykmagyna ýardam edýän ýagdaýlaryň özüne uzak garaşdyrmazy ýaly, tagalla baryny edýär. Ol adamlary özüne erk etmezligi bilen fiziki, ahlak hem akyl taýdan güýjüni gowşatmaga mejbur edip, tebigy talabyny azdyrýar-da, öte geçmä ýüz urma düşürmek bilen synaga salýar. Adamlary özleriniň höweslerine geçirimlilik etmekde we özüni haýwanlyk ýagdaýyna alyp barmakda synaga salyp, ol müňlerçe janlary heläk etdi we heläk etmesini dowam etdirýär. Bar işini tamamlanma alyp barmak üçin ol spiritleriň üsti bilen “hakyky bilimiň adamy ähli kanunlardan ýokary galdyrýandygyny”, “bolup geçýän zatlaryň hemmesiniň bähbidedigini”, “Hudaýyň ýazgarmaýandygyny”, “edilýän günäleriň hiç haýsysynyň ýazyksyzdygyny” aýdýar. Adamlar öz islegleriniň ýokary kanundygyna, azatlygyň islendik islegiňi ýerine ýetirmäge berlen hukukdygyna, adamyň diňe öz öňünde jogapkärçilik çekýändigine ynanyp başlaýarlar. Onda hemme ýerde ahlaksyzlyk bilen nogsanlyklaryň höküm sürýändigine haýran galasy zat barmy? Ençe adamlar ten höwesli ýüregiň islegine eýermäge azatlyk berýän taglymatlary höwes bilen kabul edýärler. Şeýdip, aýgyr höwesleriň hatyrasyna erk etmäni pida edýärler. Adamyň akyl hem ruhy güýçleri bolsa, üýtgewsiz instinktlere tabyn bolýar. Şeýdip, şeýtan özlerini Mesihiň yzyna eýeriji hasaplaýan müňlerçe pidalaryny öz duzagyna düşürýär.BG 452.4

    Ýöne spiritizmiň galp talaplaryna aldanmak gerek däldir. Adamlar şeýtanyň duzaklaryny görmäge ukyply bolar ýaly, Hudaý dünýä ýeterlik derejede nur goýberdi. Eýýäm görkezilip geçilişi ýaly, özüniň düýp esasynda Mukaddes Ýazgynyň kesgitli hem aýdyň taglymatyna çürt—kesik garşydyr. Mukaddes Kitap öliileriň hiç zat bilmeýändiklerini we hiç zat hakda pikir etmeýändiklerini, gün astynda edilýän zatlarda indi olaryň paýynyň ýokdugyny hemde birwagtlar ýerde bolan wagtynda özüne gymmatly bolan adamlaryň şatlygy ýa-da gaýgysy hakda olara hiç zadyň mälim däldigini aýdýar.BG 453.1

    Mundan başga-da, Hudaý ölüleriň ruhlary bilen pursatlaýyn gepleşikleriň ählisini gadagan etdi. Yehudylardada, edil häzirki zaman spiritlerinde bolşy ýaly, özleriniň ölüler bilen gatnaşyk saklaýandygyny aýdýan adamlar bardy. Ýöne “dost ruhlar” diýlip atlandyrylýan başga dünýäden gelen munuň ýaly gelmişekler hakda Mukaddes Kitap “jynlaryň ruhlary” diýýär (Sanlar 25:1-8; Zebur 106:28;BG 453.2

    1 Korintoslylar 10:20; Ylham 16:14 serediň). Şonuň ýaly ruhlar bilen edilýän her bir gatnaşyk Hudaýyň öňünde ýigrenji hasaplanyldy we ölüm jezasynyň gorkusy astynda gadagan edildi (Lewiler 19:31; 20:27 serediň). “Jadygöýlük” sözüniň özi biziň günlerimizde ýakymsyz duýgulary döredýär. Adamlaryň erbet ruhlar bilen gatnaşyk saklap bilýändigi baradaky söze ortasyr toslamasy hökmünde garalýar. Emma ýüz müňlerçe, hatda millionlarça adamlary öz içine alýan spiritizm ylmy töwereklere, ýygnaga, kanun çykaryjy organlara, hatda patyşa köşklerine-de aralaşdy. Bu ägirt uly aldaw baryp, gadymda gadagan edilen we ýazgarylan jadygöýlügiň täzeden ýasama dikelişinden başga hiç zat däldir.BG 453.3

    Spiritizmiň çyn häsiýetiniň başga hiç hili subutnamasy bolmadyk ýagdaýynda-da, spiritleriň dogrulyk bilen günäniň, Mesihiň iň takwa hem arassa resullary bilen şeýtanyň iň azgyn hyzmatkärleriniň arasynda hiç hili tapawut goýmaýandygynyň özi mesihi üçin ýeterlik bolmalydyr. iň günäli adamlaryň gökde bolup, ol ýerde ýokary derejeleri eýeleýändigini aýtmak bilen şeýtan dünýä: “Siziň näderejede günälidigiňiziň, Hudaýa hem Mukaddes Kitaba ynanýandygyňyzyň ýa ýokdugyňyzyň hiç hili ähmiýeti ýok. göwntiňiziň isleýşi ýaly ýaşaň, siziň öýüňiz - jennetdir” diýýär. Aslyýetinde spiritizmiň wagyzçylary: “Yamanlyk edýän her bir adam Rebbiň nazarynda gowudyr we Reb olardan hoşaldyr» ýa-da «Hany, adalat Hudaýy nirede? ”‘ (Malaky 2:17) diýýärler. Ýöne Hudaýyň Sözi: “Ýamana ýagşy, ýagşa ýaman diýýänleriň, zulmaty nur, nury zulmat saýýanlaryň, aja süýji, süýjä ajy diýýänleriň dat gününe! ” (Işaýa 5:2) diýýär.BG 454.1

    Ýalanyň bu ruhlary özlerini resullar kimin görkezip, soňkularyň Mukaddes Ruhuň täsiri astynda ýazan zatlarynyň hemmesine garşy çykýarlar. Olar Mukaddes Kitabyň Hudaýdan gelip çykanyna garşy çykýarlar. Şeýle etmek bilen mesihilik umydynyň düýbüni gutamykly weýran edýärler we göge barýan ýoly ýagtyldýan nury aýyrýarlar. Şeýtan adamlary Mukaddes Kitabyň bary - ýogy toslamadygyna, gowy bolaýanda-da, adamzat nesliniň taryhynyň bäbeklik döwrüne gabat gelýän kitapdygyna, ýöne oňa indi çynlakaý garamagyň gerek däldigine, belki-de, ony könelen kitap hökmünde asla ýatdan çykarmagyň gerekdigine ynanmaga mejbur edýär. Hudaýyň Sözüniň deregine bolsa, ol her hili spiritik hadysalary teklip edýär. Ine, durşy bilen şeýtanyň gözegçiligi astynda bolan akaba. Onuň kömegi bilen ol dünýäni islendik zada ynanmaga mejbur edip bilýär. Şeýtany hem onuň yzyna eýerenleri sud etmeli bolan kitaby ol süýşürip, ony nirede görmek islese, şol ýerde hem goýýar. Dünýäniň Halasgärini bolsa, ol ýönekeý adam hökmünde görkezýär. Isanyň mazaryny garawullar rim garawullarynyň özlerine ruhanylaryň hem ýaşulularyň aýdan we Mesihiň direlendigini inkär edýän ýalany ýaýradyşlary ýaly, spirit hadysalara ynanýanlaram, Halasgäriň durmuşynda hiç hili gudratly zatlaryň bolmandygyny subut etmäge çalyşýarlar. Şeýle etmek bilen Isany soňky orunlara geçirip, özleriniň sözi boýunça, Mesihiň işlerinden gaty artykmaç bolan öz gudratlaryna ünsi çekýärler.BG 454.2

    Häzirki zaman spiritizminiň gömüşiniň üýtgedilýändigi, onuň kiçiräk garşy çykmalary döredýän zatlaryny gizläp, mesihilik lybasyny geýýändigi hakdyr. Yöne onuň taglymatynyň prinsipleri eýýäm köp ýyllardan bäri wagyz edilýär we meşhurlaşýar, şonuň üçin onuň hakyky häsiýetini hiç zat gizläp bilmeýär. Bu taglymatlara maska geýdirmezlik, garşy çykmazlyk mümkin däl.BG 454.3

    Ýöne ol häzirki görnüşinde has-da howpludyr, sebäbi ol has ezber hem mekir lybasy geýnen, şonuň üçin hiç bir ýagdaýda-da, eglişik edilmegine mynasyp däldir. Eger geçmişde spiritizm Mesihi hem Mukaddes Kitaby inkär eden bolsa, indi ol häzirki döwürde olaryň ikisinem kabul edýän ýaly bolup görünýär. Yöne Mukaddes Kitap täzeden dogulmadyk ýürege ýarar ýaly edilip düşündirilýär, şol bir wagtyň özünde onuň dabaraly hem derwaýys hakykatlary ünsden düşürilýär. Hudaýyň esasy häsiýetleriniň biri bolan söýgi ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasynda hiç hili tapawut goýmaýan diýen ýaly, sypaýyçylykly sentimentalizmiň derejesine çenli pese düşürildi. Rebbiň adalaty, günä babatdaky duýduryş, Onuň mukaddes Kanunyny saklama talaby - bu zatlaryň hemmesi adamlardan gizlenilýär. Halky On Tabşyryga öli harpa ynanan ýaly ynanmaklygy öwredýärler. Ýakymly, maýyl ediji ertekiler akly ýesir edýär we adamlary öz imanynyň esasy hökmünde Mukaddes Kitaby inkär etmäge höweslendirýär. Edil öňküleri ýaly, Mesihe garşy çykylýar, ýöne şeýtan adamy şeýle bir kör edipdir welin, ol asla aldawy görenok.BG 455.1

    Spiritizmiň mekir güýji we onuň täsiriniň howpy barada diňe az adamda dogry düşünje bar. Adatça bu taglymat bilen tötänden, diňe bilesigelijilikden gyzyklanýarlar. Adamlarda oňa bolan real ynam ýok, şonuň üçin spiritleriň ygtyýaryna tabyn bolma pikiriniň özi olary gorkudan doldurýar. Ýöne kuwwatly heläkleýjiniň gadagan edilen territoriýasyna geçmäge gaýrat etmek bilen olar onuň ygtyýary astyna düşýärler, şonuň üçin şeýtan olary özleriniň islegine garamazdan özüne gulluk etmäge mejbur edýär. Olar bir gezek özleriniň aklyny şeýtanyň ygtyýaryna bermek bilen onuň gullary bolýarlar, şonuň üçin jadynyň ýesirliginden özleriniň güýji bilen azat bolup bilmeýärler. Çyn ýürekden güýçli edilen doga sowgat hökmünde berlen Hudaýyň güýjünden başga hiç zat ol aldanylan janlary halas edip bilmeýär.BG 455.2

    Häsiýetiniň günäli taraplary bilen göreşmeýän ýa-da gowy görýän günäsini meýletin aýnadýan adamlar özlerini şeýtanyň synagyna alyp barýarlar-da, oňagapyny açýarlar. Olar özlerini Hudaýdan daşlaşdyrýarlar, özlerini Onuň goragyndan mahrum edýärler, şol sebäpdenem, şeýtan ýanlaryna öz azdyryjylygy bilen gelende, olar aňsatlyk bilen onuň oljasy bolýarlar. Özlerini şeýtanyň ygtyýaryna berýänler bu zatlaryň hemmesiniň näme bilen gutarjakdygy barada hiç hili düşünjeleri ýokdur. Şolary özüne tabyn etmek bilen şeýtan olary başga adamlary azdyrmakda ulanýar.BG 455.3

    Işaýa pygamber: “adamlar size: “Ölüleri çagyrýanlara we jadygöýlere , pyşyrdap we samyrdap ruh çagyrýanlara ýüz tutuh” diýseler: “Halk öz Hudaýyna ýüzlenmeli.. dälmi näme? ölülerden diriler hakda saralýanmydyr? ” diýip jogap heriň. Kanuna we ylhama ýüzleniň. Eger olar bu söz kimin gürlemese, onda olarda nur ýokdur! ” (Işaýa 8:1920) diýýär. Eger adamlar Mukaddes Yazgynyň sahypalarynda şeýle aýdyň beýan edilen adamyň tebigaty we ölüleriň ýagdaýy babatdaky hakykaty kabul etmek islän bolsalar, onda spiritizmiň öz talaplary bilen bilelikde şeýtanyň bar güýji, alamatlary, ýalan gudraty bilen hereket edýän gizlin hereketleridigini görerdiler. Yöne ten höwesli ýürege şeýle ýakymly zady berýän başyna gidenlikden ýüz öwürmäniň we söýgüli günäleri taşlamanyň deregine köpler nurdan ýüz öwürýärler-de, şeýtanyň toruna çolaşyp, onuň oljasy bolýançalar hiç hili duýduryşlara-da bakman, gös - göni gidýärler. “Olar hakykaty söýmegi, şeýdip hem gutulmagy ret edendikleri üçin ... ýalana ynansynlar diýip, Hudaý olara bir aldawçy güýç ýollaýar” (2 Selanikliler 2:10-11).BG 455.4

    Spiritizmiň taglymatyna garşylyk görkezýänler diňe zor adamlar bilen däl-de, eýsem, şeýtan hem onuň perişdeleri bilenem göreş alyp barýandyr. Olar “gök astyndaky erbetlikjleriň ýolbaşçylaryna, ygtyýarlyklaryna we ruhlaryna” garşy göreşe girýändirler. Eger gögüň habarçylarynyň güýji bien alnyp taşlanylaýmasa, şeýtan ýekeje daban ýerem bermez. Hudaýyň halky ony, edil Halasgär ýaly: “Şeýle ýazylandyr” diýen söz bilen garşy almalydyr. Edil Mesihiň günlerindäki ýaly, şeýtan häzirem, Mukaddes Yazgydan getirip biler. Şeýle hem, ol öz ýalanyny goldamak üçin Mukaddes Kitap taglymatlaryny ýoýar. Şol howply wagtda berk durmak isleýänler Mukaddes Ýazgynyň şaýatlyklaryna düşünmelidirler.BG 456.1

    Erbet ruhlar köp adamlara ölen garyndaşlarynyň ýa-da dostlarynyň görnüşinde görünýärler-de, olary iň mekir nädogrulyga ynandyrýar. Olar biziň iň näzik duýgularymyzy oýaryp, öz talaplaryny tassyklamak üçin gudratlar görkezer. Biz olary ölüleriň hiç zat bilmeýändiklerini, olaryň keşbinde görünýänleriň arwah ruhlardygyny nygtaýan Mukaddes Kitap hakykaty bilen garşy almalydyrys.BG 456.2

    Bize “ýer ýüzünde ýaşaýanlary synama maksady bilen, bütin dünýäniň üstüne injek synag sagady” (Ylham 3:10) garaşýar. Imany Hudaýyň Sözüniň berk fundamentine esaslanmaýanlar aldawa düşerler we ýeňlerler. Şeýtan ýeriň çagalaryny özüne tabyn etmek üçin “mekir aldaw” bilen hereket edýär, şonuň üçin onuň aladawynyň güýji dynman öser. Yöne ol diňe adamlar onuň synaglaryna meýletin ýan berenlerinde öz maksadyna ýetip bilýär. Çyn ýürekden hakykaty bilmäge ymtylýanlar we tabynlyk bilen öz kalbyny arassalaýanlar, şeýle etmek bilen öňde duran göreşe taýýarlanman iiçin mümkin bolan zatlaryň hemmesini edýänler Huudaýda hem hakykatda ygtybarly daýanjy taparlar. “Sözümi berjaý edip, sabyr bilen çydanyň. üçin... Men seni gorarym” (Ylham 3:10). 01 Özüne iman eden ýekeje jany şeýtanyň ygtyýarynda galdyrandan, gögüň perişdeleriniň hemmesini Öz halkyny goramak üçin iberer.BG 456.3

    Hudaýyň hökümi öz başyndan inmez öýdýän hudaýsyzlaryň gaty gorkunç ýalňyşýandyklaryny Işaýa aýdýar. Olar: BG 457.1

    Biz ölüm bilen äht edişdik,
    ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen;
    uly betbagtçylyk inende ýurda.
    geçip gider, bize ýetmez,
    çünki biz ýalançylygy pena edindik,
    galplyk içinde gizlendik”
    BG 457.2

    (Işaýa 28:15) diýýärler.

    Şu ýerde suratlandyrylýanlara günäsinde tutanýerlilik edip, özüni günäkär üçin hiç hili jeza ýok, her neneň zaýalanan bolsalar-da, göge alnyp, Hudaýyň perişdelerine meňzeş bolýarlar diýen umyt bilen aldajaklar hem degişlidirler. Gögüň kyýamat gününde dogruçyly goramak üçin teklip edýän hakykatyny inkär edip. onuň deregine şeýtanyň teklip edýän ýalanyny - spiritizmiň aldawçy talaplaryny - kabul edýänler ölüm bilen has aýgytly birleşik we dowzah bilen şertnama baglaşýarlar.BG 457.3

    Biziň neslimiziň körlügi, hakykatdanam, haýran galdyryjydyr. Ynanmaga mynasyp däl zat hökmünde ençeme adamlar Hudaýyň Sözüni ret edýärler-de, köre - kör ynamly lyk bilen şeýtanyň mistifikasyny kabul edýärler. Şübheçil hem ýaňsylaýjy adamlar pygamberleriň hem resullaryň imany ugrunda göreş alyp barýanlaryň “kör fanatizmini” ýazgarýarlar, Mukaddes Kitabyň Mesih, gutulyş plany hem hudaýsyzlaryň jezasy hakdaky dabaraly jümleleriniň üstünden gülýärler. Olar özleriniň pikiriçe, şeýle çäkli, yza galak pikirli, kellesi bulaşan, şol sebäpdenem, Hudaýyň talaplaryny ykrar edýän we Onuň Kanunynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirýän adamlara öz nebsagyryjylygyny görkezmekden ýadamaýarlar. Olar, dogrudanam, edil ölüm bilen äht baglaşan we dowzah bilen şertnama baglaşan ýaly, edil özlerini Hudaýyň jezasyndan goraýan geçip bolmazak gala guran ýaly, şeýle ynamlylyk bilen hereket edýärler. Hiç zat olarda gorky döredip bilmeýär. Olar aldawça özlerini şeýle dolulyk bilen berdiler, onuň bilen şeýle berk birikdiler, ruhy bilen oňa şeýle aralaşdylar welin, hatda onuň torlaryndan saplanmaga olarda güýjem, islegem ýok.BG 457.4

    Şeýtan özüniň dünýäni aldajak bolup etjek soňky synanyşygyna bireýýämden bäri taýýarlanyp ýör. Onuň işiniň başy How enäni: “Yok, ýok! Ölmersiňiz. Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hemde ýagşy-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär” (Gelip çykyş 3:4-5) aldan ýeri bolan Eremde başlanypdy. 01 aldawyň iň ýokary derejesine - spiritizme - tarap kem - kemden süýşdi. Entek öz niýetlerini doly derejesinde amala aşyrmak oňa başartmady, ýöne ol niýete galan wagtda ýetilmeli. Pygamber: “Onsoň aždarhanyň agzyndan, janawaryň agzyndan we ýalan pygamberiň agzyndan gurbaga meňzeş üç murdar ruhuň çykanyny gördüm. Bular alamatlar döredip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweş üçin, bütin dünýäniň patyşalaryny iiýşürmäge barýar ” (Ylham 16:13-14). Hudaýyň güýjüniň we Onuň Sözüne bolan imanyň goraýan adamlaryndan başga bütin dünýä bu aldawa çekiler. Onuň aýnadan adamlaiy erbet bolan howpsuzlyk duýgusyna berlerler, şonuň üçin olary diňe Hudaýyň gazabynyň guýulmasy oýarar.BG 457.5

    Reb:BG 458.1

    Adalaty ölçeg ýüpi,
    dogruçyllygy terezi ederin;
    doly ýalançylyk penasyny süpürip äkider,
    suwlar basar gaçybatalgany.
    Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar,
    Şeol bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar;
    uly betbagtçylyk gelende,
    ýer bilen ýegsan bolarsyňyz
    BG 458.2

    (Işaýa 28:17-18) diýýär.

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents