Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents

Beýik Göreş

 - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    Hudaýyň Kanüny

    Köne Äht

    Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn.BG 362.1

    Özliň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýerasty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.BG 362.2

    Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.BG 362.3

    Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline tükeniksiz söýgimi görkezerin.BG 362.4

    Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz.BG 362.5

    Sabat gününi ýerine ýetirip, ony mukaddes sakla.BG 362.6

    Alty günde ähli işleriňi edersiň.BG 362.7

    Emmaýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin.BG 362.8

    Çünki Reb Ýeri, Gögi, deňzi we olardaky ähli zatlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat glinüni alkyşlap, ony mukaddes etdi.BG 362.9

    Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň öziiňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.BG 362.10

    Adam öldürme.
    Zyna etme.
    Ogurlyk etme.
    BG 362.11

    Başga adamyň garşysyna ýalan şaýatlyk etme.BG 362.12

    Ýakynyňyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme»BG 362.13

    Täze Äht

    “Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et” Matta 4:10.BG 363.1

    “Eý balalar, özüňizi butlardan goraň!”.“Biz indi Hudaýyň zlirýadydygymyza görä, Hudaýyň tebigaty adam sungaty we hünäri bilen suratlandyrylan gyzyla, kümşe ýa-da daşa meňzeşdir öýtmeli däldiris” 1 Ýahýa 5:21;BG 363.2

    Resullaryň işleri 17:29.BG 363.3

    “Hudaýyň adyna, taglymatyna dil ýetmez ýaly...” 1 Timoteos 6:1.BG 363.4

    “Gaça-gaçlygyňyz gyş ýa Sabat güni bolmasyn diýip doga ediň” Matta 24:20.BG 363.5

    uAdam Sabat güni üçin däl, eýsem, Sabat güni adam üçin döredildi. Şonuň üçin, Ynsan Ogly Sabat gününiň-de Rebbidir” Markus 2:27-28.BG 363.6

    “Çünki bir ýerde ýedinji gün hakda: «Ýedilenji gün Hudaý ähli işini tamamlady we şol gün dynç aldy» diýipdir... Şeýlelikde, Hudaýyň halky üçin ýene bir sabat gününiň dynçlygy galýar. Hudaý Öz işlerinden nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlygyna giren hem öz işlerinden şeýle dynç alandyr” Ýewreýler 4:4, 9-10.BG 363.7

    “Her zat Ol arkaly we Onuň iiçin ýaradyldy” Koloseliler 1:16.BG 363.8

    “Ene-ataňy syla” Matta 19:19.BG 363.9

    “Adam öldürme” Rimliler 13:9.BG 363.10

    “Zyna etme” Matta 19:18.BG 363.11

    “Ogurlyk etme” Rimliler 13:9.BG 363.12

    “Ýalan şaýatlyk etme” Rimliler 13:9.BG 363.13

    “Açgöz bolma” Rimliler 7:7.BG 363.14

    Hudaýyň Adam Tarapyndan Üýtgedilen Kanuny

    I “Men seniň Rebbiň. Goý, Meniň öňiirnde seniň başga hudaýlaryň bolmasyn”.BG 364.1

    (Ikinji tabşyryk aýrylan)BG 364.2

    II (Aslynda üçiinji tabşyryk)BG 364.3

    “Rebbiň Hudaýyň adyny boş agzama”.BG 364.4

    III (IV) “Sabat gününi mukaddeslemek üçin ony ýatda sakla”BG 364.5

    (Sabat baradaky tabşyryk düýbünden üýtgedilen).BG 364.6

    IV (V) “Ene - ataňy syla”.BG 364.7

    V (VI) “Adam öldürme”.BG 364.8

    VI (VII)“Zyna etme.BG 364.9

    VII (VIII) “Ogurlyk etme”.BG 364.10

    VII (IX)“Ýakynyňa garşy ýalan şaýatlyk etme”.BG 364.11

    IX (Aslyýetinde bu tabşyrygyň birinji bölümi) “Ýakynyň adamyňBG 364.12

    aýalyna göz dikme”BG 364.13

    X (Aslyýetinde bu tabşyrygyň ikinji bölümi) “Ýakynyňyň emlägineBG 364.14

    göz dikme”.BG 364.15

    Umumy katolik katehizisi.BG 364.16

    Dördünji tabşyrykda: “...ýedinji gün Hudaýyh Rebbe bagyşlanan gündür” diýilýär. Reb Işaýa pygamberiň üsti bilenem, sabat gününi: “Menih mukaddes günüm” diýip atlandyrýar.BG 364.17

    Mesihiňsabatgününi ýatyrandygyna salgylanmalar Onuň Öz sözi bilen inkär edilýär. Isa Dagdaky wagzynda: “Meni Mukaddes Kanuny ýa pygamberlerih ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäh. Men bozmaga dälde, olary berjaý etmäge geldim. Çünki size dogrusyny aýdýaryn, Gök bilen ýer geçip gidýänçä, ähli zat berjaý bolýança, Kammyh bir harpy-da, bir nokady-da kemelmez. Muha görä, kim şu ih kiçi tabşyryklardan birini bozsa we şeýle etmegi öwretse, Gögüň... Patyşalygywda ih kiçi saýydar. Emma kim bulary berjaý etse we öwretse, ol Gögüh Patyşalygymda uly saýylar” (Matta 5:17-19) diýýär.BG 364.18

    Protestantlar, umuman, Mukaddes Ýazgynyň sabat gününi üýtgetmäge esas bermeýändigini ykrar edýärler. Bu Amerikanyň meşhur neşirleri jemgyýetiniň makalalarynda we Amerikan ýekşenbe mekdepleri birleşmesinde aýdyň beýan edilendir. Şol makalalaryň birinde “Täze Ähtiň sabat giinüni saklama tabşyrygy baradaky meselede doly dymýandygy” aýdylýar.BG 365.1

    “Mesih ölmezinden öň bu gün üýtgewsizligine galdy. Täze Ähtden görnüşi ýaly, resullaram ýedinji günüň - sabat gününiň - ýatyrylýandygy ýa-da onuň deregine hepdäniň birinji gününi berjaý etmelidigi barada hiç hili görkezme galdyrmandyrlar’ diýen ýaly pikirlerem aýdylýar.BG 365.2

    Rim katolik ybadathanasynyň tarapdarlary Rebbiň gününiň üýtgedilmesini özleriniň Ybadathanasynyň edendigine garşy çykmaýarlar. Yöne muny boýun alanlarynda, protestantlar sabat gününi saklasalar-da, barybir katolikleriň ygtyýaryny ykrar edýändiklerini aýdýarlar. “Dördünji tabşyryga laýyklykda biz haýsy güni berjaý etmeli?” diýen soraga “Katolik mesihilik katehizisinde”: “Köne Äht döwründe sabat mukaddes edilen gün bolupdyr, ýöne Isa Mesihiň nesihatlaryny alan we Hudaýyň Ruhy tarapyndan ýolbaşçylyk edilen Yygnak sabady ýekşenbe gününe çalyşdy. Şeýlelikde, biz ýedinji däl-de, birinji güni berjaý edýäris. Indi ýekşenbe güni Rebbiň gününi aňladýar” diýlip jogap berilýär.BG 365.3

    Papaçylar “protestantlaryň ylalaşýan akty bolan sabat gününiň ýekşenbe gününe üýtgedilme aktynyň özi” katolik Ybadathananyň abraýlydygynyň nyşany hasaplaýarlar, “sebäbi, olar ýekşenbe gününi berjaý etmek bilen ýygnagyň baýramçylyklary bellemäge we olary ýerine ýetirmäge mejbur etmäge hakynyň bardygyny ykrar edýärler” diýýärler. Munuň ýaly bolsa, eger rim Ybadathanasynyň hökümdarynyň nyşany“janawaryň suraty” - bilen bolmasa, onda sabadyň üýtgedilmesi näme bolup durýar?BG 365.4

    Rim Ybadathanasy özüniň ýokary ygtyýara dalaş edendigine garşy bolup durmady. Bütin dünýä hem protestant ýygnaklary Mukaddes Kitap sabat gününi ret edip, onuň döreden sabat gününi kabul etmek bilen şol dalaşgärligi ykrar etdiler. Bolup geçen iiýtgeşmeleri rowaýatlaryň hem Ybadathana atalarynyň abraýy bilen düşündirmek bolar, ýöne protestantlar olary kabul etmek bilen özlerini Rimden tapawutlandyrýan, has takygy: “Mukaddes Kitap, diňe Mukaddes Kitap protestantlaryň dini bolup durýar” diýen prinsipinden el çekýärler. Göze görnüp duran faktlara gözlerini ýummak bilen protestantlaryň öz - özlerini aldaýandyklaryna papaçylar düşünýärler. Olar ýekşenbe gününi bellemekligiň her gün öwrenilmeginiň hasabyna hereketiň tiz güýç alýandygyny görenlerinde begenýärler. Bu olara ahyrsoňunda protestant dünýäsiniň Rimiň baýdagy astynda boljakdygyna ynam berýär.BG 365.5

    Papaçylar “protestantlar özleriniň isleginiň garşysyna gidip, ýekşenbe gününi bellänlerinde, katolik ybadathanasynyň ygtyýaryny ykrar edýärler” diýýärler. Protestant ýygnaklarynyň ýekşenbe gününi ýerine ýetirmekleri papalyga, ýagny janawara, tagzym etmekden başga zat däldir. Dördünji tabşyrygyň talaplaryny kabul edibem, hakyky sabadyň deregine, ýalan sabady berjaý edip, şol üýtgeşmäni girizen ygtyýara hormat goýýar. Döwlet ygtyýarynyň kömegi bilen adamlary dini talaplary ýerine ýetirmäge mejbur etmek bilen ýygnaklar janawaryň keşbini özleri döredýärler. Şoňa görä-de, ýekşenbe gününi ýerine ýetirmäge adamlary mejbur etmeklik ABŞ-da “janawara hem onuň suratyna sežde etmegi” aňladar.BG 366.1

    Yönegeçmişdäkimesihilerýekşenbe gününi ýerine ýetirenlerinde, özleriniň Mukaddes Kitap sabat gününi ýerine ýetirýändiklerine ynamly bolupdyrlar, şonuň üçin bu günem, her bir ýygnakda, şol sanda Rim katolik ybadathanasynda-da, ýekşenbäniň Hudaý tarapyndan bellenilen sabat giini bolup durýandygyna ynanýan hakyky mesihiler bar. Hudaýam olaryň hakyky gullugyny hem bu meseläbolan dogry gatnaşygyny kabul edýär. Yöne ýekşenbäni ýerine ýetirmeklik kanun tarapyndan talap edilende, dünýä-de hakyky sabat barada düşündirilenden soňam, Rimiň kararynyň hatyrasyna Hudaýyň tabşyrygyny bozan her bir adam papalygy Hudaýdan köp sylar. Ol Rime we öz kararlaryny ýerine ýetirmeklige öziini mejbur edýän ygtyýara hormat goýar. 01 “janawara we onuň suratyna tagzym eder”. Hudaýyň Öz ygtyýarynyň möhüri bolan tabşyryklaryny inkär etmek, Rimiň ýokary ygtyýarynyň alamaty bolup durýan kararlaryny hormatlamak bilen Rime - “janawaryň suratyna” - wepalylyk alamatyny kabul edýärler. Yöne diňe bu mesele adamlara doly düşündirilende we olar Hudaýyň tabşyryklary bilen adam tabşyryklarynyň arasynda gutarnykly saýlaw etme wajyplygynyň öňünde goýlanda - diňe şonda, özleriniň hudaýsyzlygynda tutanýerlilik edýänler “janawaryň suratyny” kabul ederler.BG 366.2

    Üçünji perişde şu wagta çenli ölümli adamlara gönükdirilen duýduryşlaryň iň gazaplysyny adamlara yglan edýär. Gep günäkäriň başyndan Hudaýyň Öz rehimi bilen ýumşadylmadyk gazabyny inderjek eýmenç günä hakda barýar. Adamlaram, elbetde, beýle wajyp mesele babatda habarsyz galmaly däldirler. Hudaý hökümleri bilen ýere gelmezinden öň, dünýä bu günä hakda duýdurylmalydyr. Geljekk günäler hiç kimiň üstünden duýdansyz inmez ýaly, hemmelerde halas bolma mümkinçiligi galar ýaly, şol hökümleriň öz başyndan nämeleri inderjekdigini her kim bilmelidir. Birinji perişdäniň öz habary bilen “halklara, märekelere, milletlere hem dillere” (Ylham 17:15) ýiizlenendigini pygamberlik aýdýar. Üç gezek aýdylan habaryň bir bölegi bolup duiýan üçünji perişdäniň duýduryşy az ýaýbaňlanma bilen tapawutlanmaýar. Pygamberlikde bu habary gögüň ortasynda uçup ýören perişdäniň gaty ses bilen yglan edendigi, munuň bütin dünýäniň ünsüni özüne çekjekdiigi aýdylýar.BG 366.3

    Göreşiň ahyrynda mesihileriň hemmesi iki topara - Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirýänlere we Isa bolan imany bar bolanlara hemde janawara we onuň suratyna sežde edip, onuň keşbini kabul edenlere - bölünýär. Ybadathana bilen döwlet “kiçi hem ululary, baý hem garyplary, azat hem gullary” janawaryň suratyny kabul etmäge mejbur etjek bolup güýçlerini birikdirse-de, barybir Hudaýyň halky ony kabul etmez. Patmos adasyndaky pygamber “janawary, onuň suratyndaky buty, onuň adynyň sanyny” ýeňenleri eýýäm gördi. Olar “arfalaryny ellerine alyp, çüýşeden bolan deňziň üstünde durup” Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar.BG 367.1

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents