Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents

Beýik Göreş

 - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    Surat

    Çadyryň howlusy Mukaddes ýer Mukaddesleriň Mukaddesi
    Çöldäki mukaddes ýer Musanyň ýolbaşçylygynda özüne dagda görkezilen nusga boýunça guruldy (Müsürden çykyş 25:7-8, 40; Ýewreýler 8:5).Çöldäki bu çadyryň töwereginde (käwagt “daşky howly” diýlip atlandyrylan) howly bardy. Mepis zygyrdan edilip, syryklara berkidilen ak tutular onuň serhedini emele getirip durdular (Müsürden çykyş 27:918). Onuň uzynlygy takmynan 45 metr, ini 23 metrdi. Howlynyň içinde ýakma gurbanlyk üçin sypa, legen we çadyryň özi bardy. Bu sypa “mis sypa” diýlibem atlandyrylýardy, sebäbi çadyryň içinde ikinji - altyn sypa bardy. Çadyryň howlusyndaky gurbanlyk sypasynyň içi boşdy (Müsürden çykyş 27:1-9), tagtadandy we mis aýlanylandy. Onuň beýikligi takmynan 1,4 metrini hem uzyny 2,3 metrdi. Bu sypanyň üstünde ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen mallary goýýardylar. Onuň aňyrsynda mis legen durdy (Müsürden çykyş 30:1821). Ol ýerde ruhanylar çadyra girmezinden öň ýuwunma däbini 1 geçirýärdiler Ýerdäki mukaddes ýer (Müsürden çykyş 26:1-37) agaç diwarly çadyrdy. Dört sany örtgi üçek bolup gulluk edýärdi. Ajaýyp zerli tutular içki bölegi bezäp durdy. Bu mukaddes ýeriň ölçegi takmynan, 5,5 x 16,8 metrdi. Ol göçürip bolýan çadyrdy. Ony ýygnap, ysraýyl halkynyň çölde syýahat eden islendik ýerine alyp gidip bolýardy. Içki tuty bilen iki jaýa ýada bölüme bölünen çadyr ýer ýüzündäki iň mukaddes ýerdi. Ruhany birinji bölüme her gün gan bilen girýärdi-de, ýedi şemli altyn şemdanyň (25:31-40) Rebbiň öňünde bagyş edilen hödür çörek goýlan hantagtanyň (25:2330) ýanyndan ýakymly yslar sypasynyň ýa-da altyn sypanyň (30:1 - 10) ýanyna geçýärdi. OI ýerden aýtayn atyr ysly serişdeden tüsse ýokary galyp, üçege ýetmänräk duran tutulardan mukaddesleriň Mukaddesine geçýärdi. Ruhany gurbanlyk malynyň ganyny tutynyň öňüne we atyr ysly tütetgi sypasynyň şahyna sepýärdi (Lewiler 4). Munuň bölekleýin suratlandyrylmasyny Ýewreýler 9:l-17-den tapmak bolar. Birinji hem ikinji bölümleriň predmetleriniň hemmesi sap altyndandy ýa-da altyn çaýylandy. Ikinji bölümde ýada mukaddesleriň M ukaddes inde (26:33) äht sandygy bardy. (26:1722). Iki kerubyň arasynda Hudaýyň barlygynyň şöhraty bolýardy. (25:22; 40:34). Aşagrakda sandygyň gapagy - içinde Hudaýyň dolandyryşynyň esasy - daş sahypalaryň ýüzüne Hudaýyň eli bilen ýazylan, soň äht sandygyna salnan (Kanun taglymaty 10:2) On Tabşyrygyň Ahlak Kanuny(31:18) bolan sandygyň sap altyndan gapagy bardy. Bütin adamzat, hatda biziň günlerimize çenli-de, (Ylham 12:17; 14:12), ondan soňam, şol mukaddes tabşyryklara esaslanmalydyr (Ylham 22:14, Işaýa 66:22-23). Baş ruhany diňe ýylda ýekeje gezek ikinji bölüme mukaddes ýeri we halky günäden arassalamk üçin girýärdi (Lewiler 16, aýratynam, 3034 aýatlar; Danyýel 8-14).
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents