Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents

Beýik Göreş

 - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    9—Njy Bap.
    Swingli We Şweýsariýadaky Reformasiýa

    Reb Reformasiýany amala aşyrmak üçin gural saýlanda, Yygnagy esaslandyrandaky düşünjelerine esaslandy. Gökdäki Mugallym hormat goýulmaga hem ýaranjaňlyk edilmegine öwrenen bu dünýäniň beýik, belli we baý adamlarynyň deňinden geçip gitdi. Özleriniň ýokary derejesinden we artykmaçlyklaryndan göwni dok bolan bu adamlar hiç haçanam, ýönekeý halkyň mätäçiliklerine düşünip, Nasyraly kiçigöwünli Adamyň işdeşleri bolup bilmezdiler. “Meniňyzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin” (Matta 4:19) diýlen sözler sowatsyz jelileli balykçylara aýdyldy. Olar ýönekeý hem bilesigeliji adamlardylar. Şol döwrüň ýalan taglymatlary olara näçe az gelip ýetse, Mesih olary Öz gullugy üçin şonça-da, üstünlikli taýýarlap bilýärdi. Beýik Reformasiýa günlerinde-de şeýle bolupdy. Onuň başynda dogruçyl, ýönekeý, şöhratparazlyk hem tekepbirlik bilen zäherlenmedik, fanatizmden we ybadathana pirimlerinde azat adamlar durdy. Hudaýyň plany hemişe beýik iş üçin ýönekeý adamlary ulanmadan ybaratdyr. Munuň ýaly ýagdaýda şöhrat hem üstünlik adama däl-de, “Öz isleýşine görä, isleg hem hereket ” döredýän Birine degişli bolýar.BG 140.1

    Sakson dag magdançysynyň kepbejiginde Lýuteriň dünýä inenine birnäçe hepde geçenden soň, bir çopanyň Alp daglarynyň arasynda ýerleşýän öýünde Ulrih Swingli dünýä indi. Swingliniň içinde ýaşan jemgyýeti hem alan başlangyç bilimi onuň geljekki işine taýýarlanylmagyna hemme zatdanda, köp kömek etdi. Ajaýyp hem gözel tebigatyň arasynda ulalan Swingli baryp, çagalykdan Hudaýyň beýikligine we gudratygüýçlüligine aralaşdy. Birwagtlarky edermen adamlaryň daglarda görkezen gahrymançylyklary ýaş pikiri heýjana saldy. Takwa ejesi oňa özüniň ýygnak rowaýatlaryndan we tymsallaryndan saýlap-seçip ýygnan Mukaddes Kitap taryhlarynyň wakalarynyň birnäçesini gürrüň beripdi. Ol nesilbaşylaryň hem pygamberleriň beýik gahrymançylyklary, Beýtullahamdan bolan Çaga hakdaky perişdelerden eşiden palestinaly çopanlar we Golgotada ejir çeken Adam hakdaky gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňieýärdi.BG 140.2

    Swingliniň kakasy hem, edil Martin Lýuteriň kakasy ýaly, öz oglunyň bilim almagyny diýseň ieleýärdi, şol sebäpdenem, oglanjyk kiçijikkä mäliriban daglary we jülgeleri bilen aýrylyşmaly boldy. On üç ýaşly oglanjygy Berne, Şweýsariýanyň iň gowy mekdepleriniň birine ugratdylar. Ol ýerde oňa howp garaşýardy. Şol howp hem, tas onuň bar ömrüni kül edipdi. Monahlar güýjünde baryny edip, Swinglini monastyra ginnäge yrjak boldular. Öz aralarynda basdaşlyk edýän dominikan hem fransiskan monastyrlary özlerine mümkin boldugyça köp adam çekmek isleýärdi. Ybadathanalaryň bezegleriň, ajaýyp dini däpler we umumy meşhurlykdan peýdalanýan keramatly zatlara tagzym etmeleriň hem gudratly ikonalara sežde etmeleriň bary bu maksada gulluk edýärdi.BG 141.1

    Dominikanslar Berne düşünýärdiler, Eger bu zehinli talyby özleriniň tarapyna çekip bilseler, onda olara hormatlar bilen pul akyp geljekdi. Ýaşlygyň gaýraty, tanymal oratorlyk ukyp, edebi, saz hem poetiki zehin monastyryň meşhur bolmagyna, şonuň üçinem, girdejiniň köpelmegine ýasama gözellikden has gowy ýardam etjekdi. Monahlar mekirlik hem ýaranjaňlyk bilen Swinglini özleriniň monastyryna girizmäge dyrjaşdylar. Lýuter talyplyk ýyllarynda özüni monastyryň binasynda jaýlapdy, şonuň üçin hem, eger Hudaýyň merhemeti kömek etmedik bolsa, onda ol dünýä üçin hemişelik ýitirilerdi. Swingli bu howpdan halas edilipdi. Monahlaryň maksady bu ýigidiň kakasyna baryp ýetdi. Ol öz oglunyň bikär hem peýdasyz monahlyk dunnuşynda ýaşamagyny asla islemeýärdi. 01 öz oglunyň bütin ömrüniň howp astyndadygyna düşünip, oňa derrew öýüne gaýdyp gelmegi buýruk berdi.BG 141.2

    Swingli tabyn boldy, ýöne mähriban obasynda uzak galyp bilmedi-de, okuwyny dowam etdirmek üçin Bezele gitdi. 01 ýerde ol birinji gezek Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habary eşitdi. Gadymy diller mugallymy bolan Wittembah grek hem ýewreý dillerini öwrenende, Mukaddes Yazgy bilenem tanşyşypdy. Onuň iisti bilen Hudaýyň nury talyplaryň arasynda-da ýaýradyldy. Ol ýigitlere filosoflaryň we ylahyýetçileriň taglymatyndan has gadymy hem beýik bolan hakykatyň bardygyny öwredýärdi. Bu gadymy hakykat Mesihiň ölüminiň günäkäri günäsinden halas edip bilýändiginde jemlenendi. Bu sözler Swingli üçin nuruň ilkinji şöhleleri, şapagyň öňden gelen habarçylary boldy.BG 141.3

    Tizara Swingli ilkinji wezipäni aldyda, Bazelden gitdi. Onuň ilkinji işi Alp daglaryndaky, özüniň mähriban obasynyň golaýyndaky obadady. Swingli ruhany derejesini alandan soň, “özüni Hudaýyň hakykatyny öwrenmäge doly bagyş etdi, sebäbi Mesihiň sürüsini bakmaklyk ynanylan adamyň gaty köp zady bilmelidigine gaty gowy düşünýärdi” diýip, onuň döwürdeşleriniň biri aýdypdyr. Ol Ýazga näçe çuň aralaşdygyça-da, Mukaddes Kitap hakykatlary bilen Rimiň ýalňyşlyklarynyň arasyndaky tapawudy şonça-da köp görýär. Şol sebäpli hem, ol özüni Hudaýyň Sözi - ýeke - täk halal hem ygtybarly gollanma - hökmünde - Mukaddes Kitaba tabyn etdi. Ol bu Kitabyň öz - özüne düşündiriş berýändigine düşündi. Ol bu Ýazgydan öňki formulirlenen tassyklamalary gözlemäge het edip bilmedi-de, hemme zada nähili ýazylan bolsa, şonuň ýaly hem düşünmegi öz borjy hasaplady. Mukaddes Kitaby öwrenme prosesinde ol Mukaddes Ruhuň kömeginden başga hiç kimiň kömegine ýüz tutmady, sebäbi Ruhuň Özüni ýürekden çykýan doga bilen gözleýänlere berilýändigine ynanýardy.BG 141.4

    Swingl: “Mukaddes Ýazgyny bize adam däl-de, Reb berdi, şonuň üçin hemmelere aň - bilim Berýän Özünden çykýan zatlaryň hemmesine düşünmäge saňa-da kömek eder. Hudaýyň Sözi... ýalňyşyp bilmez; ol özüni adamlara açýar, gutulyşyň hem merhemetiň bardolulygy bilen kalbyňy nurlandyrýar hem-de kalbyň hemme zady unudyp, Hudaýa tarap öwrüler ýaly, ony peseldýär” diýdi. Swingliniň durmuşy bu sözleriň hakykylygyny tassyklady. Soňrak ol şol döwürde duýan zatlary hakda gürrüň berende: “Men özümi Mukaddes Ýazgyny öwrenmeklige doly bagyş edenimde, ozalky öwrenen filosofiýam bilen sholastikam elmydama meni ýolumdan azaşdyrdy durdy. Ahyrsoňy men: “Sen bu ýalanlaryň baryny taşlap, Hudaýyň sözleriniň manysyna, diňe Onuň Özüniň ýönekeý Ýazgysyna esaslanyp, özüň özbaşdak aralaşmalysyň” diýdim. Men Rebden maňa Öz nurundan ibermegini ýalbaryp sorap başladym. Şondan bärem, Mukaddes Ýazga düşünmek maňa aňsat düşýär” diýýär.BG 142.1

    Swingli öz taglymatyny Lýuterden almady. Bu Mesihiň taglymatydy. Şweýsar reformatory: “Eger Lýuter Mesih hakda wagyz eden bolsa, ol hem meniň edýän zadymy edýär. Ol Mesihe maňa garanda, köp adamy getirdi, ýöne munuň hiç hili ähmiýeti ýokdur. Men Mesihiň adyndan başga hiç bir ady wagyz etmerin; men Hoş Habaryň esgeri, Mesihem meniň ýeke - täk Halypamdyr. Biz Lýuter bilen hiç haçanam hat alyşmandyk. Näme üçin? Hudaýyň Ruhunyň Öz - Özüne hemmeleriň göz ýetirmegi üçin, sebäbi biziň ikimizem dil düwiişmesegem, Mesihiň taglymatyny dolulygyna birlikde wagyz edýäris” diýdi.BG 142.2

    1516 - njy ýylda Swinglini Eýzideln monastyrynyň ruhanysy wezipesine çagyrýarlar. Ol ýerde Swingli Rimiň ähli bikanunlyklary bilen çaknyşyp, öz döwürdeşleriniň aňyna mähriban Alp daglarynyň çäklerinden uzaklara gidýän täsirleri edýän reformator bolmalydy. Eýnzidelniň keramatly zatlarynyň arasynda, aýtmaklaryna görä, gudratly güýje eýe bolan Merýem Gyzyň heýkeli aýratym meşhurlykdan peýdalanýardy. Monastyryň derwezesiniň ýokarsynda: “Bu ýerde günäleriňe doly hagyşlanma almak bolar’ diýen ýazgyny okamak mümkindi. Merýem Gyza tagzym etmek üçin bu ýere gelýän zyýaratçylaryň akymynyň yzy üzülmeýärdi, ýöne her ýylky ikonany mukaddes etme baýramyna welin, diňe bir Şweýsariýanyň ähli künjeklerinden adamlar gelmän, eýsem, Fransiýadanam, Germaniýadanam adamlar gelýärdiler. Bolýan zatlar sebäpli juda birahat bolan, bu tomaşa akly haýran bolan Swingli butparazlygyň bu kör gullaryna Hoş Habaryň nähili azatlygy sowgat berýändigini düşündirme mümkinçiliginden peýdalandy.BG 142.3

    Ol: “Hudaý bu ybadathanada başga ýerlere garanda köp bolýandyr diýip pikir etmäň. Siz nirede bolsaňyzam, Reb siziň ýanyňyzdadyr we sizi eşidýändir... Manysyz işler, dowamly zyýaratlar, gurban getirmeler, ikonalar, Merýem Gyzy ýa-da mukaddesleri çagyrmaklyk size Hudaýyň merhemetini sowgat berip bilermi? ... Bizi dogalarymyzyň köpsözlüliginden näme peýda bar? Kaşaň geýimler, timarlanylyp gyrkylan saçlar, uzyn ýektaýlar we zer bilen nagyşlanan köwüşler nämä gerek?... Reb ýürege seredýär, biziň ýüreklerimiz bolsa, Ondan uzakda” diýdi.BG 143.1

    Ol: “Bir gezek haça çüýlenilen Mesih Özüne iman edýänleriň hemmesiniň günäleri üçin hemme asyrlarda halas ediji Gurbanlyk bolup durýandyr” diýip, sözüni dowam etdirdi.BG 143.2

    Köp diňleýjilere munuň ýaly sözler ýaramady. Olara özleriniň tapdan düşüriji zyýaratlarynyňbiderekdigi hakda diňlemek agyr degdi. Olar Mesihiň üsti bilen şertsiz bagyşlama hakdaky hakykata düşünip bilmeýärdiler. Özlerine Rimiň görkezen Gökdäki Patyşalyga tarap barýan ýoly olary kanagatlandyi-ýardy. Has gowy bolan bir zady gözlemeklik bilen baglanyşykly bolan kynçylyldar bolsa, olary gorkuzýardy. Yüregiň arassalygyny saklamaga dyrjaşyp ýörenden, gutulyşynyň aladasyny ruhanylara we papa ynanmak has aňsatdy.BG 143.3

    Ýöne günäkäriň Isa Mesih arkaly bagyşlanylmasy baradaky habary şatlyk bilen kabul edenlerem tapyldy. Rim Ybadathanasynyň däpleri kalba islenilýän rahatlygy bermeýärdi. şol sebäpdenem, indi adamlar Halasgäriň Ganyny öz günälerine rehim edilem hökmünde iman bilen kabul edýärdiler. Olar özleriniň alan gymmatly nui^ hakda başgalara gürrüň bermek üçin öýlerine dolandylar. Hakykat obadan oba, şäherden şähere ýaýrady, Merýem Gyzyň ybadathanasyna gelýän zyýaratçylaryň sany bolsa, ep —esli kemeldi. Berilýän zekatlaram azaldy, şonuň bilen bilelikde, Swingliniň özüniň girdejisem azaldy. Yöne bu ony begendirdi, sebäbi bu fanatizmiň gözboýagçylygy bilen butparazlygyň güýjüniň ýitýändigini aňladýardy.BG 143.4

    Ybadathana ýolbaşçylary Swingliniň işi babatda ýalňyşmadylar, ýöne häzirlikçe saklanýardylar. Reformatory özleriniň tarapyna çekme umydyny ýitirmän, ony ýaranjaňlyk bilen satyn almaga synanyşdylar. Ol wagtda hakykat adamlaryň ýüreklerine eýýäm çuň aralaşypdy.BG 143.5

    Swingliniň Eýnzidelndäki işi ony özüniň tizara başlamaly bolan ullakan işi üçin taýýarlady. Eýnzidelnde üç ýyllap bolandan soň, oňa Sýurihiň kafedral soborynda runanynyň ornuny teklip etdiler. Bu Şweýsariýa konfederasiýasyndaky iň ähmiýetli şäherleriň biridi, şonuň üçin buýerden Swingliniň täsiri onuň çäklerinden has uzaklara çykmalydy. Emma Swinglini Sýurihe çagyran ruhy şahsyýetler haýsydyr bir täzeçilligiň bolmagyndan çekinip, şoňa laýyklykda-da, onuň borçlaryny bellediler.BG 144.1

    “Sen soboryň girdejisini kemeldip biläýjek hiç zady äsgermezçilik etmeli däldiň. Münberden wagyz edeniňde ýa-da toba etmeleri kabul edeniňde, ynanýanlara mylakatlylyk bilen ondan bir sadakasyny hem sowgatlaryny bermelidiklerini maslahat bermelisiň. Senkesellerisoboragetirmeden, ybadat etmelerden, garaz, ybadathananyň ähli däplerinden girdejini köpeltmäge çalyşmalysyň. Rebbiň Agşamy, wagyz etme we süriniň aladasyny etme barada aýtsak bolsa, onda bularam ruhanynyň borjuna girýändir, ýöne sen olary, ylaýta-da, wagyz etmäni, öz kömekçiň üstüne ýükläp bilersiň. Rebbiň Agşamyny sen diňe atly adamlar üçin geçirmelisiň, onda-da, diňe özüňi haçan çagyrsalar, şonda geçirmelisiň. Hiç bir ýagdaýda-da, hemmesini ýygy - ýygydan yzygiderli etmeli dälsiň” diýip, onuň halypalary aýtdy.BG 144.2

    Swingli bu nesihatlary’ sesini çykarman diňledi-de, şunuň ýaly wajyp ýerde gulluk etmäge bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirdi. soň hem, öňde duran iş babatda öz garaýyşlaryny beýan etdi-de: “Mesihiň durmuşy halkdan juda uzak wagtlap gizlenildi. Men Mattanyň Hoş Habary boýunça wagyz etjek... diňe Mukaddes Yazga esaslanyp, käbir ýerlerini deňeşdirip, onuň çuňluklaryny düşündirjek hem-de gyzgyn doga edip, Rebbiň özüme akyl bermegini dilejek. Men Rebbiň, Onuň Ýeke - täk Oglunyň şöhraty üçin hem-de janlaryň hakyky gutulyşy we olaryň hakyky imanda berkemekleri üçin gulluk etjek” diýdi. Swingliniň niýetleri birnäçe ruhanylara ýaramady, şoňa görä-de, olar ony pikirinden dänderjek boldy, emma ol yrylmazlygyna galdy-da, täze girizilen zatlary ýazgarmalary ret edip we Ybadathananyň gadymky ulanan usullary bilen hereket edýändigini tassyklady.BG 144.3

    Swingliniň wagyz edýän hakykatlaryna bolan gyzyklanma eýýäm oýandy; indi ony diňlemek üçin has köp adam gelip başlady. Hatda ybadathana gullugyna gelmegini bireýýäm bes etdirenlerem geldiler. Swingli öz gullugyny Injili düşündirmekden başlady. Ol Mesihiň durmuşyndan we ölüminden göçgünli wakalary, şeýle hem, Onuň taglymatyny okap düşündirdi. Ol bu ýerde-de, edil Eýnzidelndäkisi ýaly, Hudaýyň Sözüni ýeke - täk halal zat, Mesihiň öliimini bolsa, ýeke - täk kämil gurbanlyk hökmünde wagyz etdi. Ol: “Diňe Mesihiň ýanyna... Men sizi diňe Mesihiň - hakyky gutulyş çeşmesiniň ýanyna alyp barmak isleýärin” diýdi. Wagyzçynyň ýanyna - döwlet işgärleri bilen alymlardan başlap, senetçiler bilen daýhanlara çenli - ähli gatlaklaryň adamlary ýygnandylar. Hemmeler ony çuň gyzyklanma bilen diňlediler. Ol diňe bir her bir adama teklip edilýän gutulyş sylagy hakda gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, öz döwrüniň kanunsyzlyklaryny hem nogsanlyklaryny batyrgaýlyk bilen ýazgardy. Köpler sobordan çykanlarynda, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Olar: “Bu adam hakykatyň wagyzçysy. Ol biziň Musamyz bolar-da, bizi müsür garaňkylygyndan çykarar” diýdiler.BG 144.4

    Emma başda şeýle ruhubelentlik bilen kabul edilen Swingli garşylyklara duş geldi. Monahlar onuň işiniň soňuna çykyp taglymatynam ýazgarma kararyna geldiler. Olar onuň üstünden güldüler, başgala bolsa, oňa haýbat atdylar we kemsitdiler. Emma Swingli: “Eger biz günäkärleri Mesihe tarap öwürmek isleýän bolsak, onda köp zada görümizi ýummaly bolýarys” diýip gaýtalamak bilen hemme zada çydady.BG 145.1

    Edil şol wagtda Reformasiýanyň işi garaşylmadyk goldawy aldy. Lukian atly bir adam Sýurihe Lýuteriň düzmelerini getirdi. Ony Reformasiýanyň işlerine duýgudaşlyk bildirýän hem-de şol kitaplary satmaklyk hakykatyň ýaýramagynyň kuwwatly serişdesi bolup gulluk edip bilen diýip hasaplaýan bir adam Bazelden goýberipdir.BG 145.2

    Swingli: “Özüň çöz. Eger meniň iberen adamymym ýeterlik derejede paýhasly bolsa, onda, goý, Lýuteriň kitaplary bilen weýsarlaryň ýanyna, şäherden şähere, obadan oba, hatda öýden öýe barsyn. Goý, ol aýratynam, dünýewi adamlar üçin ýazylan Rebbiň dogasyny ýaýratsyn. Bu barada näçe köp adam bolsa, şonça-da, köp kitap satylar” diýip ýazdy. Şeýdip, ýurda nur girdi.BG 145.3

    Reb nadanlyk hem butparazlyk gandallaryny döwmekçi bolanda, şeýtan adamlary ýagtysyz garaňkylyga batyrmak we günä zynjyrlaryny has berkitmek üçin işjeňräk hereket edip başlaýar. Dürli ýurtlarda halka Mesihiň Gany arkaly bagyşlanma we aklanma mümkinçiligini görkezýän adamlar peýda bolup başlanda, Rim ähli mesihilik ýurtlarynda adamlara pula gutulyş teklip edip, öz bazarynyň çäklerini täze gaýrat bilen giňeldip başlady.BG 145.4

    Her bir günäniň belli bir bahasy bardy. Şeýdip, adamlara jenaýat etmäge azatlyk berildi, ybadathana gaznasynyň üsti ýetse bolýardy. Şeýlelikde, iki hereket emele geldi: biri günäleri bagyşlamany pula teklip edýärdi, beýlekisi günäleriň bagyşlanmasyny Mesihiň üsti bilen teklip edýärdi. Rim günäniň bolmagyna ýol berýärdi hem ony öz ýeňil gazanjynyň çeşmesi etdi: reformatorlar bolsa, günäni ýazgaryp, bagyşlanma gurbanlygy hökmünde Mesihi hem Halasgäri hökmünde görkezýär.BG 145.5

    Germaniýada indulgensiýany satmaklyk dominikan monastyryna tabşyrylypdy. Ol kezzap Teseliň ýolbaşçylygy astynda amala aşyrylýardy. Şweýsariýada bu söwda fransiskan monastyrynyň elinde bolup, italýan monahlarynyň biri Samson tarapyndan oňa ýolbaşçylyk edilýärdi. Samson Germaniýadan we Şweýsariýadan papanyň gaznasy üçin ummasyz pul ýygnap, eýýäm Ybadathananyň gowy gullugyny edipdi. lndi ol adamlaryň giden märekelerini özüne çekip, daýhanlaryň baryny - ýoguny alyp, baýlardan sahy sowgatlar alyp, bütin Şweýsariýa aýlanyp ýördi. Inguldensiýanyň satylmagy entegem dowam edýän bolsa-da, reformanyň täsiri onuň satylyşyny birden kemeltdi. Samson özüniň “harydy” bilen goňşy şähere baranda, Swingli entek Eýnzidelndedi. Refonnatora bu barada habar berenlerinde, ol eglenmän, Samsona päsgel bermek üçin ýola düşdi. Olara duşuşmak miýesser etmedi, ýöne Swingli Samsony Şweýsariýanyň başga welaýatyna gidenini gowy hasaplany üçin diýseň üstünlikli paş etdi.BG 146.1

    Sýurihde Swingli indulgensiýanyň satylmagyna garşy jany - teni bilen çykyş etmegini dowam etdirdi, şol sebäpdenem, Samson bu şähere golaýlaşanda, şäher ýolbaşçylarynyň biri oňa bu şähere aýagyny hem goýmazlygy maslahat berdi. Samson her hili hilegärlikleriň kömegi bilen şähere girmäge rugsat aldy, ýöne ýekeje indulgensiýany-da satyp bilmän, Sýurihden çykaryldy, şonuň üçin derrew şweýsariýanyň çäklerini terk etdi.BG 146.2

    1519-njy ýylda, tutuş Şweýsariýa “gara ölüm” diýlip atlandyrylan mergi epidemiýasyna gurşalanda, Reformasiýa has giň gerime eýe boldy. Ölüm bilen ýüzbe — ýüz duşuşanlarynda, köpler özleriniň satyn alan günäniň aýrylandygy baradaky gözgyny kagyzynyň hiç zatdygyna we peýdasyzdygyna göz ýetirdiler. Yürek öz imany üçin berk esasy küýseýärdi. Swingli eýmenç keselden gaçmady. Onuň ýagdaýy şeýle agyr hem umytsyzdy welin, hatda onuň ölendigi baradaky myş - myşlaram ýaýrady. Ol iman bilen Golgota haçyna seretdi, hemme zatda Mesihiň halas edijilikli gurbanlygyna seretdi. Ol ölümiň gujagyndan sypyp çykandan soň, Hoş Habary has joşgunly wagyz etmäge başlady, onuň sesi adatdan daşary güýç bilen ýaňlandy. Adamlar eýýäm gabryň gyrasyndan gaýdan söýgüli mugallymyny şatlyk bilen garşy aldylar. Syrkawlara seredip, ölenleriň aladasyny edip ýörüşlerine, olar Hoş Habaryň bahasyna ozalkylaryndan has gowy göz ýetirdiler.BG 146.3

    Swingli Mukaddes Ýazgyny öwrenip, onda jemlenilen hakykata has çuň akyl ýetirip başlady we ondan-da ýokary bolan dolulyk bilen şol hakykatyň ösýän güýjüni duýdy. Adamyň günä etmegi we gutulyş plany - ine, onuň üýtgewsiz ýüzlenen temalary. Ol: “Adam atada biziň hemmämiz öz kanunsyzlyklarymyzyň ýitip gitmä we ýazgarylma duçar bolan agramynyň astynda ölýäris”. “Mesih... biziň üçin ebedi halas bolmany gazandy... Onuň görgüleri ...bu janlary halas etmäniň hatyrasyna berlen ebedi gurbanlykdyr we şol gurbanlyga berk hem mizemez iman bilen daýanýanlaryň hemmesi babatdaky Hudaýyň adalatyny kanagatlandyryjy gurbanlykdyr” diýdi. Munuň bilen bilelikde Swingli Hudaýyň merhemetiniň adamlara günä etmäge azatlyk bermeýändigini belleýärdi: “Hudaýa bolan iman bar ýeinde, Hudaý hem bardyr; Hudaý bar ýerinde gowy işleri etmäge gyzgyn islegem bardyr”.BG 146.4

    Swingliniň wagyzlaryna gyzyklanma şeýle uludy welin, ony diňlemek isleýänleriň hemmesini ägirt uly soboriçinde ýerleşdirip bilmeýärdi. Ol adamlara hakykaty özleriniň alyp bileri ýaly derejede ýuwaş-ýuwaşdan açýardy. Ilki ol gorky döredip, ters pikirleri oýaryp biläýjek meselelere degmez ýaly, hemme zada jikme -jik seredýärdi. Adamlaryň ýüreklerini Mesihiň hakykatyna ymtyltmak; olary Mesihiň söýgüsi bilen ýumşatmak hem-de Onuň göreldesi bilen olary ruhlandyrmak onuň işidi. Olar hoşhabar prinsiplerini kabul eden batlaryna olaryň butparazlyklary bilen ters pikirleri öz - özünden ýitip gidýärdi.BG 147.1

    Reformasiýanyň ideýalary kem—kemden Sýurihdäki aňlaiy eýeledi. Howsala düşen garşydaşlary aýgytly gaýtawul bermek üçin birikdiler. Wormsda wittenbergli monahyň papa we imperatora “ýok” diýenine bary - ýogy bir ýyl geçipdi. Indi bolsa Sýurihde hemmeler papanyň talaplaryna garşy çykmaga taýýardy. Swingl iniň üstüne edilýän hüjümler bes edilmeýärdi. Wagtal - wagtal papanyň kantonynda (kanton - käbir ýurtlarda administratiw - territorial birlik) Injiliň okuwçylary otlarda ýakylýardy, ýöne bu-da ýeterlik däl ýaly bolup görünýärdi. Yeres mugallymynyň özüni dymmaga mejbur etmek gerekdi. Konstans ýepiskopy Swinglini halky ybadathana kanunlaryny bozmaga küşgürýän, şeýdibem, bütin jemgyýetiň rahatlygyna we abadançylygyna haýbat atýan taglymaty ýaýratmakda aýyplaýan üç wekilini Sýurihdäki maslahata iberýär. “Eger Ybadathananyň esasy yransa, onda bu doly anarhiýa getirer” diýilýärdi. Swingli dört ýyldan bäri özüniň “konfederasiýadaky iň asuda hem parahat şähere öwrülen” Injili wagyz edip gelýändigini aýdyp jogap berýär. Ol: “Eýsem, Injiliň ählumumy howpsuzlygyň iň gowy girewidigi gelip çykmaýarmy?” diýdi.BG 147.2

    Yepiskopyň ilçileri maslahatyň agzalaryny Ybadathanasyz gutulyşyňam ýokdugyna ynandyrdylar. Swingli: “Goý, bu aýyplama sizi gorkuzmasyn.BG 147.3

    Ybadathananyň Düýbi - Özüni açyk ykrar edendigi üçin Simuny “Petrus” diýip atlandyran Şol bir Gaýadyr we Şol bir Mesihdir. Islendik halkyň içindäki Isa çyn ýürekden iman edýän adam Hudaý tarapyndan kabul edilýändir. Şonuň ýaly adamlar Yygnagy düzýändirler, şol Yygnaksyzam gutulyş ýokdur” diýdi. Bu maslahatyň netijesinde ýepiskopyň wekilleriniň biri reformatorlyk ynamy kabul etdi. Maslahat Swinglä garşy haýsydyr bir çäräni görmekden ýüz öwürdi, şonuň üçin Rim nobatdaky hüjüme taýýarlandy. Öz duşmanlarynyň niýetinden habarly bolan reformator: “Goý, olar özleriniň işlerini etsinler. Men olardan deňziň içindäki iň beýik gaýanyň özüne gelip urulýan tolkunlardan gorkuşy ýaly gorkýaryn” dilip gygyrdy. Papaçylaryň dyrjaşmalary özleriniň garşysyna göreşen işiniň şondan soňky öňe gitmesine ýardam etdi. Hakykat ýaýramasyny dowam etdirdi. Lýuteriň ýitendigi bilen baglanyşyklykda gaýgylanyp ýören Germaniýadaky hakykatyň tarapdarlary Şweýsariýadaky Injiliň habarynyň üstünligi hakda eşidenlerinde, ýene-de ruhy taýdan oýandylar.BG 147.4

    Sýurihde Reformasiýa ideýalaryny ösdügiçe, adamlaryň durmuşynda göze görnüp duran üýtgeşmeler boldy: jenaýatyň sany azaldy, jemgyýetde ylalaşyk bilen tertip höküm sürdi. Swingli: “Biziň şäherimizde parahatlyk mesgen tutdy. Bu ýerde dawa - jenjel, ikiýüzlülik, göripçilik hem uruşmalar ýok. Eger munuň ýaly ylalaşyk Rebden we özümize parahatlyk miwesi bilen takwalygy sowgat berýän taglymatymyzdan gelmeýän bolsa, onda nireden gelýär?” diýip ýazdy.BG 148.1

    Reformasiýanyň gazanan ýeňişleri papaçylary reformasiýany ýok etmek üçin uly güýç we gazaplanma bilen işe başlamaga mejbur etdi. Germaniýada Lýuteri we onuň tarapdarlaryny yzarlamanyň köp zada ýetmäge ýol bermändigini gören olar reformatorlary özleriniň şahsy ýaragy bilen ýeňme kararyna geldiler. Şeýdip, jedel gurnap, oňa Swinglini hem çagyrmaklyk karar edildi. Olar muny jedeliň geçiriljek ýerini we kazylarynyň düzümini öňünden dogry saýlamak bilen papaçylaryň jedelde ýeňşini öňünden üpjün etmek bilen etdiler. Swinglini özlerine çekmek başartsa bolýardy - şonda olar ony öz ellerinden asla sypdyrmazdylar. Olar: “Eger ýolbaşçyny sem etmek başartsa, onda hereket derrew dargar” diýip pikir alyşdylar. Emma olar bu niýetini berk gizlediler.BG 148.2

    Jedeli Badende geçirmeklik bellenildi, ýöne Swingli oňa barmady. Sýurihiň şäher maslahaty papaçylaryň mekir maksadyny duýandyklary sebäpli we olaryň Injiliň habarçylaryny özleriniň kantonlarynda ýakandyklaryny ýatlap, öz ruhanysyna gitmäge rugsat bermedi. Ol Sýurihde Rimiň islendik wekili bilen duşuşmaga taýýardy, ýöne ýaňy - ýakynda hakykatyň hatyrasyna görgi görüp ölenleriň ganlarynyň dökülen ýeri bolan Badene gitmeklik göni ölüme gitmegi aňladýardy. Reformasiýanyň bähbidini Ekolampadius bilen Hammer goraýardy. rim dindarlaryna bolsa, meşhur doktor Ekk alymlaryň we ruhanylaryň giden topary bilen wekilçilik edýärdi.BG 148.3

    Swingli jedele gatnaşmadyk bolsada, barybir onuň täsiri duýuldy durdy. Papaçylar kätiplerem özleri belledi, galanlaryň hemmesine ölüm bilen haýbat atyp, ýazgy alyp barmaklyk gadagan edildi. Emma muha garamazdan, Swingli bolup geçýän zatlar hakda Badenden her gün takyk maglumat alyp durdy. Jedele gatnaşan talyplaryň biri her agşam taraplaryň delilleriniň hemmesini ýazdy. Beýleki ikisi bolsa, Ekolampadiusyň ýazgylaryny we hatlaryny Sýurihe ýetirdiler. Reformator ýazan jogaplarynda öz isleglerini we maslahatlaryny beýan etdi. Jogaplary ol gijesine ýazdy, ertirine bolsa, talyplar eýýäm Badene gaýdyp geldiler. Şäher derwezesiniň öňünde duran garawullarda şübhe döretmez ýaly, olar kellelerinde öý guşlary salnan sebetleri göterip gelýärdilerde, şähere hiç bir päsgelçiliksiz girýärdiler.BG 148.4

    Swingli öz duşmanlary bilen şeýle göreşdi. Mikonskiý: “Ukusyz gijeler pikirlenmek, Badene hatlar ibermek bilen ol öz duşmanlary bilen özi jedelleşenindäkiden has uly zatlary etdi” diýip ýazýar.BG 149.1

    Papaçylar ýeňşiň ýakyndadygyny öňünden duýup, şaý - sepler bilen bezelen geýimleri geýip geldiler. Olar özlerini kaşaňlyga beslediler, aňrybaş iýmitleri iýdiler we dini borçlaryň ýüküni meýlisler hem dürli lezzetler bilen ýeňilleşdirip, iň ajaýyp şeraplary içdiler. Halkyň nazarynda garyplardan gaty az tapawutlanýan reformatorlar olara nähili ýaramaýardy! Sadaja iýmit olaryň örän az wagtyny alýardy. Ekolampadiusyň düşlän öýüniň hojaýyny onuň otagyna göz aýlanda, onuň hemişe okap ýa-da doga edip oturanyny görýär. Gaty haýran galan bu adam “bu ýeretigiň örän takwa adamdygyny” boýun almaga mejbur boldy.BG 149.2

    Jedel wagtynda “tekepbirlikden doly bolan Ekk diýseň owadan edilip bezelen münbere çykdy, salykatly Ekolampadius garypja eşikde öz garşydaşynyň garşysynda özüne goýlan gaty oturgyçda oturdy”. Gaty ses bilen çäksiz özüne bolan ynamlylyk Egge hiç haçanam ikilik etmändi. Altynyň ýalpyldysy bilen şöhrat ony has-da ruhlandyrýardy, sebäbi ynamyň goragçysyna sahy sowgat wada berlipdi. Owadan sözli subutnamalaryň akymy gutarandan soň, ol kemsitmelere, hatda näletlemelere-de ýüz urdy.BG 149.3

    Sadaja hem öz güýjüne bil baglamaýan Ekolampadius çekeleşmeden gaça durup: “Men Hudaýyň sözüniň ölçeg birliginden başga ölçegi ykrar etmeýärin” diýip dabaraly boýun aldy. Ol ýumşak hem mylakatly gürlän bolsa-da, onda sarsmaz erk bilen uly akyl görnüp durdy. Rimli dindarlar öz adatlaryna görä, Ybadathana däpleriniň we rowaýatlarynyň abraýyna salgylananda, reformator Mukaddes Ýazga berk ýapyşdy. Ol: “Şweýsariýada däpler eger kanun bilen berkidilen bolmasa, hiç hili güýje eýe däldir, ýöne ynam meselesi barada aýtsak bolsa, onda bu ýerde Mukaddes Kitap biziň konstitusiýamyz bolup durýar” diýdi.BG 149.4

    Jedele gatnaşyjylaryň arasyndaky göze ilip duran tapawut bilinmän galmady. Reformatoryň ýumşaklyk hem özüne erk etme bilen getiren aýdyň hem kesgitli delilleri halkyň Ekkiň ýokary äheňli öwünjeň hem gazaply sözlerinden ýigrenç bilen ýüz öwürmegine alyp bardy.BG 149.5

    Jedel on sekiz günläp dowam etdi. 01 gutarandan soň, papaçylar ýeňşiň özleriniň tarapynda galandygyny özüne göwniýetme bilen aýtdylar. Deputatlaryň aglaba bölegi Rimi goldady, şonuň iiçin seým reformatorlary ýeňlen hasaplap, olaryň Swingli bilen bilelikde Ybadathanadan çykarylýandygyny karar etdiler. Yöne soňy bilen kimiň ýeňiji bolandygy aýdyň boldy. Badende bolan jedel protestantizmiň ýaýramagynda güýçli itergi boldy. Şeýdip, gysga wagtyň içinde Bazel hem Bern ýaly uly şäherler Reformasiýanyň tarapyna geçdi.BG 150.1

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents