Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents

Beýik Göreş

 - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    28—Nji Bap.
    Ýaşaýyş Kitaby Bilen Ýüzbe-Ýüz Bolup

    Danyýel pygamber:BG 392.1

    Men seredip durkam
    tagtlar guruldy.
    Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy.
    Onuň geýimleri gar ýaly çuw-akdy,
    başyndaky saçlary ýüň ýaly ap-akdy.
    Onuň tagty oduň ýalny kimindi,
    tigirleri ýanyp duran otdy.
    Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. ...
    Kazyýet mejlisi höküme başlady,
    kitaplar açyldy”
    BG 392.2

    (Danyýel 7:9-10) diýýär.

    Beýik hem dabaraly gün pygambere şeýle görkezildi. Şol günde bütin ýeriň Kazysy her kime “işine görä” hakyny bermek üçin adamlaryň durmuşyna hem häsiýetlerine täzeden sereder. Bar Bolan - bu Ata Hudaýdyr. Mezmurçy: “Sen daglar dogulmazyndan öň, ýeri we dünýäni ýaratmazyňdan öň, ezelden ebede çenli barsyň, eý Hudaý” (Zebur 90:2). Ol bar zadyň Çeşmesidir hem Esaslandyryjysydyr, şonuň üçin ähli kanunlary Yaradan bu sudda başlyklyk etmelidir. Bu beýik suda gullukçylar hem şaýatlar hökmünde mukaddes perişdelerem gatnaşarlar. Olaryň sany “müňlerçe müňlerdir”.BG 392.3

    Gije şol görnüşimde ynsana meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýatynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi. Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr” (Danyýel 7:13-14). Bu ýerde Mesihiň Ikinji gelşi suratlandyrylmaýar. 01 Özüniň araçylyk gullugy gutarandan soň, Özüne beriljek ygtyýary, şöhraty hem patyşalygy almak üçin Bar Bolanyň ýanyna barýar. Pygamberlik Mesihiň Ikinji gelmesini däl-de, 2300 günden soň, 1844-nji ýylda bolup geçmeli bolan hadysany görkezýär. Biziň beýik Baş Ruhanymyz Özüniň adamlar üçin edýän araçylyk gullugyny tamamlamak, ýagny derňeýji sudy geçirip, mynasyp bolanlaryň hemmesini halas etmek üçin mukaddes perişdeler bilen bilelikde mukaddesleriň Mukaddesine girýär.BG 392.4

    Obrazly gullukda diňe Hudaýyň ýanyna ozal toba etme hem günäsini boýun alma bilen gelenler we günäleri obrazlaýyn mukaddes ýere girizilenler beýik arassalanma gününe girip bilipdirler. Gutarnykly halas etme we derňew sudunyň beýik gününde, diňe Hudaýyň halkyna degişli bolanlaryň işine serediler. Hudaýsyzlary sud etmeklik - bu soňrak tamamlanjak aýratyn wakadyr. “Çünki hökümiň Hudaýyň içersinden başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňiirti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna boýun bolmaýanlaryň soňy name bolar?” (1 Petrus4:17).BG 393.1

    Adamlaryň ykbaly gökdäki kitaplarda, ýagny olaryň atlary hem ähli eden işleri ýazylan ýazgylara laýyklykda çözüler. Danyýel pygamber:BG 393.2

    Kazyet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy” (Danyýel 7:10) diýýär. Ylham Kitabynyň awtoryda, şol bir wakalary suratlandyranda: “Tagtyň öňünde duran uly, kiçi ölüleri gördiim. Onsoň käbir kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby diýen ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölüleriň üstünden edenlerine görä höküm çykaryldy” (Ylham 20:12) diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.BG 393.3

    Kitap haçanam bolsa bir wagt Hudaýa gulluk edenleriň atlaryny özünde saklaýar. Isa Öz şägirtlerine: “...atlaryňyzyň Gökde ýazylmagyna begeniň” (Luka 10:20) diýýär. Pawlusam özüniň wepaly egindeşleri, “atlary ýaşaýyş kitapda ýazylanlar” hakda gürrüň edýär. Danyýel “görlüp - eşidilmedik agyr wagty” görüp, Hudaýyň halkynyň “şol wagt ady kitapda ýazylanlaryň” ählisiniň halas boljakdygyny aýdýar. Ylhamyň awtory Hudaýyň şäherine diňe “diňe atlary Guzynyň ýaşaýyş kitabynda ýazylanlaryň” girjegini aýdýar (Danyýel 12:1; Ylham 21:27).BG 393.4

    “Ýatlama kitaby” Hudaýyň öňünde ýazylýar, şonuň üçin oňa “Rebden gorkup, Onuň adyna hormat goýýanlaryň” (Malaky 3:16) hemmesi girizilýär. Olaryň imanly sözleri, söýgi işleri göklerde ýazylgydyr. Nehemýa şuňa salgylanyp: “Eý, Hudaýym, Seniň öýiiň we onuň hyzmaty üçin eden ýagşy işlerimiň ählisini ýadyňa sal” (Nehemýa 13:14) diýýär. Hudaýyň ýatlama kitabynda her bir dogry iş ebedileşdirilendir. Ol ýerde her bir döz gelnen synag, her bir ýeňlen erbetlik, her bir mylakatly söz ýazylgydyr. Ol ýerde her bir pida edijilikli hereketler, Mesihiň hatyrasyna çekilen her bir agyry hem görgi ýazylgydyr. Mezmurçy: “Sergezdanlyk çeken günlerimi Sen sanansyň; meniň gözýaşlarymy çüýşäňe guý; olar Seniň Kitabyňda ýazylgy dälmi? ” (Zebur 56:8) diýýär.BG 393.5

    Ol ýerde adamlaryň günäleri-de bellenilendir: “...her bir işi, gizlin bolan her işi—isle ýagşy bolsun, isle ýaman—Hudaý höküm eder ‘ (Wagyz kitaby 12:14). “...adamlar aýdan her bir boş sözi üçin höküm gününde hasabat berer . Halasgär: “Çünki siz öz sözüňiz bilen aklanyp, öz söziiňiz bilen hökiim edilersiňiz” (Matta 12:36, 37). Bu ýalňyşsyz ýyl ýazgysynda gizlin niiýetlerdir meýilleriň hemmesi ýazylandyr, sebäbi Hudaý “garaňkylygyň gizlin zatlaryny ýagtyldar, ýürekleriň niýetlerini aýan eder” (1 Korintoslylar 4:5).BG 393.6

    Şeýle ýazylandyr, ine:
    Siziň ýazyklaryňyzyň,
    atalaryňyzyň ýazyklarynyň
    almytyny bererin.
    Öňki eden işlerini ölçäp,
    olary başlaryna getirerin” diýýär Reb
    BG 394.1

    (Işaýa 65:6, 7).

    Her bir adamyň eden işlerine Reb serederr we ol işler dogry hem ýalňyş işler hökmiinde belleniler. Gökdäki kitaplarda her adyň deňinde gaty uly takyklyk bilen her bir aýdylan boş söz, her bir egoistik hereket, her bir ýerine ýetirilmedik borç, hatda ýasama takwalyk maskasynyň astynda gizlenilen her bir gizlin günä-de ýazylandyr. Perişde her bir ret edilen duşduryşy-da, Mukaddes Ruhuň paş etmesini-de, boş geçirilen wagtyda, sypdyrylan mümkinçilikleride, adamlara edilen gowy ýa-da erbet täsirleri ondan syzyp çykan bar netijeleri bilen bilelikde ünsden sypdyrmaz.BG 394.2

    Hudaýyň Kanuny ölçeg birligi bolup, sudda adamlaryň häsiýetlerine şol ölçeg boýunça baha berler. “Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr; her bir işi, gizlin bolan her işi—isle ýagşy bolsun, isle ýaman—Hudaý höküm eder” (Wagyz kitaby 12:13-14). Resul Yakup doganlara: “Üstlerinden azatlyk kanuny boýunça höküm çykaryljaklar ýaly şeýle sözläp, şeýle ediň” (Ýakup 2:12) diýip nesihat berýär.BG 394.3

    “Mynasyp” saýylanlar dogrularyň ölümden direlmesine gatnaşarlar. Isa şeýle hem: “Yone ol döwre, ölülerden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler ... perişdeler ýalydyr. Direlişiň ogludyklary üçin Hudaýyň ogullarydyrlar” (Luka 20:35-36) diýdi. Ol ýene-de: “Haýyr iş edenler ýaşamak üçin, şer iş edenler bolsa höküm üçin direler” (Yahýa 5:25) diýýär. Dogry bolup ölenler özleriniň “ýaşamak üçin direlmäge” mynasyp görüljek sudundan soň direlerler. Şoňa görä-de, olar özleriniň işlerine seredilende, suda özleri gatnaşmazlar.BG 394.4

    Isa olaryň Goragçysy bolar. Ol olar üçin Hudaýyň öňünde töwellaçylyk eder. “Kimdir biri günä eden bolsa, Atanyň ýanynda Töwellaçymyz, dogry bolan Isa Mesih bardr” (1 Ýahýa 2:1). “Çünki Mesih aslyň nusgasy bolup, ynsan eli bilen ýasalan mukaddes ýere däl-de, biziň üçin Hudaýyň öňünde görünjek bolup, asyl Göge girdi” (Ýewreýler 9:24). Ol Özi arkaly Hudaýa ýakynlaýanlary bülinleý gutarmagy başarýar. Çünki olara töwella etmek üçin hemişe diri” (Ýewreýler 7:25).BG 394.5

    Sudda kitaplar açylan wagtynda, Isa iman edenleriň hemmesiniň durmuşyda, Hudaýyň öňünden geçer. Biziň Halasgärimiz ilkinji adamlardan başlap, yzygiderli nesilme - nesil geçip, ýerde ýaşap ýörenlerde gutarar. Her bir adamyň ady tutular we onuň bar durmuşy gaty uly üns bilen öwreniler. Kimdir birini kabul ederler, kimdir birini ret ederler. Eger kitaplarda adamyň toba etmedik we onuň üçin bagyşlanma almadyk günäsiniň bardygynyň üsti açylsa, onda şol adamyň ady ýaşaýyş kitabyndan we gowy işleriň sanawyndan öçürilip, Hudaýyň ýatlama kitabyndan aýrylar. “Reb Musa: «Kimde-kim Maňa garşy günä etse, omiň adyny kitabymdan öçürip taşlaryn” (Müsürden çykyş 32:33) diýdi. Ezekiýel pygamber: “Ýöne dogruçyl adam öz dogruçyllygyndan dönüp, erbediň ähli nejis işlerini, pisliklerini etse, ol diri galarmy? Onuň eden dogry’ işleriniň hiç biri ýatlanylmaz” (Ezekiýel 18:24) diýýär.BG 394.6

    Çyn ýürekden günälerine toba edip, Mesihiň Ganyny özüniň halas ediji gurbanlgy hökmünde kabul edeniň göklerdäki kitaplarda adynyň deňinde bagyşlanandygy baradaky belligi bardyr, sebäbi olar Mesihiň dogrulygyna şärik boldular, häsiýetlerem Hudaýyň Kanunynyň talaplaryna laýyk gelýär, olaryň günäleri aýrylar, şonuň üçin olar ebedi ýaşaýşa mynasyp saýylarlar. Reb işaýa pygamberiň üsti bilen: BG 395.1

    Öz hatyram üçin
    ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin,
    BG 395.2

    Men günäleriňizi ýatlamaryn” (Işaýa 43:25) diýýär. Isa: “Ýeňen ak egin-eşikler geýer. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň hem Onuň perişdeleriniň öňünde adyny ykrar ederin” (Ylham 3:5). “Kim meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin. Kim-de Meni adamlaryň öňünde inkär etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde inkär ederiň” (Matta 10:32-33) diýdi.BG 395.3

    Ýerdäki sudlaryň işlerine her neneň jikme - jik seredilse-de, olar barybir gökdäki sudda tutuş Älemiň Kazysynyň öňünde atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylanlaryň işine seredilişiniň gowşajyk şekillendirilmesi bolar. Hudaýyň Töwellaçysy Öz Ganyna iman edip, ýeňenleriň jenaýatlary bagyşlanmagy, olaryň ýene-de, Ereme gaýdyp baryp bilmegi hem-de “öňki hökümdarlygy gaýtarylyp berlende” (Mika 4:8), Öz mirasdarlary hökmünde Özi bilen bilelikde täç geýdirilmegi üçin olaryň tarapyny çalar. Şeýtan özüniň aldamaga we ýalan sözlemäge eden synanyşyklarynda Hudaýyň adam babatdaky planyny bozmagy umyt etdi, ýöne indi Mesih edil günä etme bolmadyk ýaly, Hudaýyň planynyň amala aşmagyny sorady. Ol Öz çagalarynyň diňe bir doly bagyşlany lman we aklanylman, eýsem, Öz şöhratyny paýlaşmaklarynam, Özi bilen bilelikde tagtda oturmaga hukuk gazanmaklarynam soraýar.BG 395.4

    Isa Öz merhemetini kabul edenler üçin töwellaçylyk edýärkä, şeýtan olary Hudaýyň öňünde jenaýatçy hökmünde aýyplaýar. Beýik azdyryjy bolan şeýtan olary Hudaýa umyt baglamasyny bes edip, Onuň söýgüsini äsgermezçilik edip, Onuň Kanunyny bozmaga meýillendirip, olary imansyzlyga itekläpdi. Indi bolsa, ol olaryň durmuşyny, kemçiliklerini, olaryň Mesihe meňzeş däldiklerini, özleriniň Halasgärini masgara edendiklerini görkezýär. Şeýtan olary özüniň iteklän günälerininiň hemmesini belläp, olara öz tarapdary hökmünde hukugyny öňe sürýär.BG 395.5

    Isa olaryň günäleri üçin ötünç soramaýar-da, özleriniň eden tobasyny hem imanyny görkezip, olary bagyşlamagy haýyş edýär. Ol Özliniň deşilen ellerini Atasyna hem mukaddes perişdelere tarap uzadyp: “Men olaryň atlaryny bilýärin. Men olary aýalaryma ýazdym “Sen dogrulyk gurbanlaryndan, hawa, bütinleý ýakylýan gurbanlardan razy bolarsyň” (Zebur 51:19) diýýär. Soň, Öz halkynyň aýyplaýjysyna seredip: “Reb saňa käýeýär, eý, şeýtan, lýerusalimi saýlan Reb saňa käýeýär! Bu adam otdan çykarylan kesindi dälmi näme?” (Zakarýa 3:2). Mesih Özüne wepalylara “tegmiltsiz, ýygyrtsyz ýa-da şoňa meňzeş zatlarsyz” (Efesliler 5:27) Öz Atasyna hödürlemek üçin Özüniň dogrulygyny geýdirýär. Olaryň atlary ýaşaýyş kitabyna girizilendir, şol sebäpli-de, olar hakda: “Olar Meniň bilen bile ak lybaslar geýip gezer, sebäbi muňa laýykdyrlar” (Ylham 3:4) diýilýär.BG 396.1

    Şeýlelikde, täzeäht wadasy doly amala aşyrylýar: “Men olaryň ýazyklaryny bagyşlaryn, goýdyp günälerini ýatlamarynBG 396.2

    Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn.
    Şol günlerde, şol döwürde
    Ysraýylyň ýazygy agtarylar,
    ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz,
    Yahudanyň günäleri agtarylar,
    ýöne ondan hiç zat tapylmaz
    BG 396.3

    (Yermeýa 31:34; 50:20).

    Şol gün Rebbiň şahasy gözel şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar. Siýonda galanlara Iýerusalimde aman galanlara, Iýerusalimde ady durmuş kitabyna ýazylanlara, “Mukaddes ” diýiler” (Işaýa 4:2-3).BG 396.4

    Derňew sudy bilen glinäleri ýok etme Rebbiň Ikinji gezek gelmesinden öň bolmalydyr. ölüleriň kitaplardaky ýazgylara laýyklykda sud ediljekdikleri sebäpli, adamlaryň günälerini olaryň ykbalyny çözjek sud gutarmazyndan öň aýryp bolmaz. Yöne resul Petrus “Rebbiň huzuryndan täzelenme pursatlary gelende” imanlylaryň günäleriniň aýryljakdygyny, şonda “Hudaýyň siziň üçin bellenen Mesih Isany ýollajakdygyný’ (Resullaryň işleri 3:19-20) düşnükli aýdýar. Derňew sudy gutaranda, Mesih ýere geler, her kimiň eden işine görä sylagyny berer ýaly, baýragy-da, Onuň ýanynda bolar.BG 396.5

    Obrazly gullukda Ysraýylyň halas bolmasyny amala aşyrandan soň, ruhany halkyň ýanyna çykyp, oňa ak pata berýär. Edil şunuň ýaly, Mesihem, Özüniň araçylyk gullugy gutarandan soň, Ol Özüne garaşýanlary ebedi ýaşaýşa girizmek iiçin “günäni götermek üçin däl-de, gutulyş getirmek üçin görner” (Yewreýler 9:28). Mukaddes ýerden giinäleri aýryp, ruhanynyň olara “kowlup goýberilýän erkejiň” kellesiniň üstüne elini goýmak bilen toba edişi ýaly, Mesihem, günäleriň hemmesini şeýtanyň, kanunsyzlygyň sebäpkäriniň we erbetligiň öňbaşçysynyň üstüne ýüklär. Üstüne obrazlaýyn Ysraýylyň günäleriniň hemmesi ýüklenilen kowulmaly erkeç “aýak basylmaýan ýere” goýberilişi ýaly (Lewiler 16:22), şeýtanam, Hudaýyň halkyny etmeklige höweslendiren günäleriniň hemmesini öz üstünde göterip, müň ýylyň dowamynda ýaşaýyş bolmadyk çölde bolar-da, ahyrsoftunda hudaýsyzlaryň hemmesini ýok etjek otda günä üçin doly derejesindäki jezasyny alar. Şeýlelikde, günäniň köki - damary bilen aýrylyp taşlanylmagy we ýamanlygy ýeňmäge dyrjaşanlaryň hemmesiniň halas edilmegi bilen halas ediş plany tamamlanar.BG 396.6

    Sud üçin bellenilen wagtda, 2300 gün gutaranda, ýagny 1844nji ýylda, derňew sudy we günäleri aýyrmaklyk başlandy. Haçanam bolsa bir wagt özlerini Mesihiň yzyna eýeriji hasaplanlar iň içgin öwrenilişe duçar edilerler. Ölülerem, dirilerem, “kitaplardaky ýazylan işlerine laýyklykda,,, sud edilmelidirler.BG 397.1

    Adamlaryň özlerinden aýynnadyk günäleri, toba etmedik günäleri. bagyşlanylmazda-da, Hudaýyň gününde günäkäre garşy şaýatlyk eder ýaly, kitaplarda saklanylar. Adam gündiziň gününde ýa-da gijäniň tümlüginde erbetlik edip biler, ýöne onuň eden işi bizi sud Etjegiň öňünde “ýalaňaç hem açyk” bolar. Hudaýyň perişdeleri her bir günäni görýärler. şonuň üçin ony iň ýokary takyklyk bilen belleýärler. Günäni ataňdan, eneňden, aýalyňdan, çagalaryňdan ýa-da dostlaryňdan gizläp ýa-da ony boýun alman bolar, belki-de, edilen erbetligi günäkäriň özünden başga hiç kimem bilmez, ýöne welin, ony Gögüň öňünde gizläp bolmaz. gijäniň iň tüm garaňkysam, iň ussat jögüsiremekligem, Ebediniň öňünde ýekeje pikiri-de, gyşardyp bilmez. Her bir adalatsyz hereket ýa-da her bir haram iş Hudaýa gaty gowy mälimdir. Ony takwalyk maskasy bilen aldap bolýan däldir. 01 biziň tebigatymyzy ýalňyşsyz kesgitleýändir. Mekir hem ýüregi azgyn adamlar özleriniň ýakynlaryny aňsatlyk bilen ýalňyşdyryp bilerler, ýöne her bir aldaw Hudaýa bellidir, adamyň bütin içki durmuşy Oňa açykdyr.BG 397.2

    Nähili dabaraly pikir! Her gün bakyýete gidýär. ýöne biziň edýän her bir zadymyz gökdäki kitaplarda möhürlenip galýar. Bir gezek aýdan sözüňi yzyna gaýtaryyp bolmaýar, edilen zadam üýtgedip bolmaýar. Perişdeler gowy işleri belläp alyşlary ýaly, erbet işlerem belläp alýarlar. Iň kuwwatly basybalyjam, ýejeke ýaşalan günem yzyna gaýtaryp bilýän däldir. Biziň işimiziň, sözlerimiziň, hatda iň gizlin meýillerimiziňem, öz agramy we ykbalymyzy kesgitlemekde ähmiýeti bolar. Köp ownuk - uşaklyklar, belkide, ýadymyzdan çykanlaram, biziň tarapymyzy tutup ýa-da garşymyza şaýatlyk eder.BG 397.3

    Surat plýonkasynda ýüz keşbimiziň ýalňyşsyz şekillenişi ýaly, gökdäki kitaplarda-da, her bir adamyň häsiýeti jikme—jik ýazylandyr. Yöne Gögüň her bir hereketi synlap durandygy adamlaiy nähili az alada goýýar. Görunýän dünýäni görünmeýän dünýäden gizläp duran tuty çalaja göterilip, ynsan ogullary biziň aýdýan her bir, soň hem, sudda serediljek sözümizi ýazyp duran perişdäni görse, onda biz näçe sözleri aýtmazdyk, näçe hereketleri etmezdik!BG 397.4

    Sudda özümize berlen talantdan näçe peýda görendigimiz uly jikme - jiklik bilen öwreniler. Biz özümize Gökden ynanylan kapitala nähili ygtyýar edip bildik? Reb gaýdyp gelende, Özüniňkini girdejisi bilen alyp bilermi? Biz öz ellerimiziň, ýüregimiziň hem aklymyzyň güýjüni Hudaýyň şöhraty we dünýäniň bähbidi üçin ulandykmy? Öz wagtymyzy, galamymyzy, sesimizi, pullarymyzy we täsirlerimizi nämä ulandyk? Biz garyplaryň, görgi görýänleriň, ýetimleriň we dullaryň üsti bilen Mesih üçin näme etdik? Hudaý bize Özüniň Mukaddes Sözüni ynandy. Biz adamlary gutulyşa getirmegimiz üçin özlimize berlen nury hem hakykaty näme etdik? Diňe söz bilen aýdylyp, Mesihe edilen imanyň hiç hili gymmaty bolýan däldir, ýöne işde öz beýanyny tapýan söýgini Hudaý gymmat hasaplaýandyr. Gök diňe söýgi bilen herekete gelýän hereketleri ykrar edýändir. Adamlara her neneň ähmiýetsizje we kiçijik bolup görünsede, söýgi bilen edilen her bir zat Rebbe ýaraýandyr we Ol ony sylaglaýandyr.BG 398.1

    Gökdäki kitaplar adamlaryň gaty berklik bilen maskalaşdyran egoizmini açýandyr. Ol ýerde ýakynlarymyz babatda äsgermezçilik edilen borçlarymyzam, Mesihiň tabşyryklaryny unudandygymyzam ýazylandyr. Adamlar özleriniň Mesihe degişli bolan näçe wagtlaryny hem güýçlerini şeýtana berendiklerini görerler. Perişdeler nähili gaýgyly ýazgylary göge alyp barýar! Mesihiň yzyna eýerijiniň adyny göterýän akylly - başly ynsanlar durky bilen dünýewi işlere ýa-da lezzetlere gark bolup ýör. Pul, wagt, güýç - bu zatlaryň hemmesi ýeňilkellelik bilen çekilýän keýplere, egoistik ten höweslerine gurban berilýär, doga etmeklige, Ýazgyny öwrenmeklige, ýüregi tabynlyga getirmeklige we günälere toba etmeklige nähili az wagt bölünip goýulýar.BG 398.2

    Biziň ünsümizi özümiziň esasy wezipämizden ünsümizi sowmaga dyrjaşýan şeýtanyň oýlap tapyjylygy çäksizdir. Beýik ýalançy bizi halas ediji Gurbanlyga we Gudratygüýçli Töwellaça tarap gönükdirýän beýik hakykatlary ýigrenýär. Üstünligiň adamlaryň ünsüni Mesihden hem Onuň hakykatlaryndan sowmagyň başardyşyna baglydygyny şeýtan gaty gowy bilýär.BG 398.3

    Halasgäriň araçylyk gullugyndan peýdalanmak isleýänler nämedir bir zadyň özleriniň borjuny ýerine ýetirmäge - Umukaddesligi Hudaýdan gorkmanyň içinde ýerine ýetirmeklige” - päsgel bermegine ýol bermeli däldirler. Şunuň ýaly adamlar gymmatly wagtyny keýpe, öwünjeňlige ýa - da ýeňil eklenje, sarp etmäniň deregine, özlerini hakykat Sözüni çynlakaý hem doga edip öwrenmeklige bagyş ederler. Mukaddes ýer we derňewli sud hakyndaky hakykatlara Hudaýyň halky örän aýdyň düşünmelidir. Özleriniň beýik Baş Ruhanysynyň näme bilen meşgyllanýandygy hemmelere mälim bolmalydyr. Ýogsam, adamlara biziň döwrümizde iman bolmaz, olaram Hudaýyň özleri üçin bellän wezipesinde durup bilmezler. Her bir adam öz janyny ýa-ha halas eder, ýa-da heläk eder. Her birimiziň durmuşymyz Hudaýyň öňünde ölçeler. Her kim beýik Kazy bilen ýüzbe - ýüz durar. Şonuň üçin adamyň öziiniň gökdäki kitaplar açylyp, her kimiň Danyýel bilen bilelikde zamananyň ahyrynda öz bijesini aljak wagtyndaky suduň howply minutlar hakda pikir etmegi şeýle wajypdyr.BG 398.4

    Şu beýik hakykatlar hakynda nur alanlaryň hemmesi Hudaýyň özlerine ynanan zadyny başgalar bilen paýlaşmalydyr. Gökdäki mukaddes ýer - Mesihiň adamy halas etmäniň hatyrasyna edýän gullugynyň merkezidir. Bu ýerde bolup geçýän her bir zat ýerde ýaşaýan her bir jana degişlidir. Ol bizi ýeriň taryhynyň jemleýji pursatyna we dogrulygyň günäniň üstünden gazanjak şöhratly ýeňşine alyp baryp, tutuş halas etme planyny açyp görkezýär. Şol ebäplide, hemmeleriň bu soragy oýlanyşykly öwrenmegi we imany hakda özünden hasabat talap edýän her bir adama jogap bermäge ýagdaýynyň bolmagy juda wajypdyr.BG 399.1

    Gökdäki mukaddes ýerde Mesihiň adam üçin töwellaçylyk etmegide, Onuň haçdaky ölümi ýaly, gutulyş planynyň aýrylmaz bir bölegidir. Ol Öz ölümi bilen ölümden direleninden soň, göge tamamlamak üçin giden işine başlady. Biz lsanyň “Öňbaşçymyz hökmünde biziň iiçin” giren ýeri bolan tutynyň aňyrsyna iman bilen girmelidiris. 01 ýere Golgota haçyndan nur düşüp durandyr. Ol ýerde biz halas edilmäniň syryna has çuňdan düşüneris. Gök adamyň gutulyşy üçin tükeniksiz bahany töledi. Getirilen gurbanlyk Hudaýyň bozulan Kanunynyň ähli talaplaryny hemmetaraplaýyn kanagatlandyrýar. Isa Atasynyň tagtyna tarap ýol açdy, şonuň üçin iman arkaly araçylyk gullugynyň ýoly bilen Onuň ýanyna gelýänler özleriniň arzyly isleglerini Hudaýyň ýanyna alyp baryp bilerler.BG 399.2

    Gimälerini ýaşyrýan üstünlik gazanmaz; günälermi boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler” (Süleýmanyň pähimleri 28:13). Eger öz günälerini gizleýän we aklaýan adamlar şeýtanyň munuň üçin Mesihiň hem mukaddes perişdeleriň üstlerinden dabaralanyşyny, gülüşini görseler. günälerinden toba edip, olardan saplanmaklygahowlugardylar. Adamyň gowşaklygyndan peýdalanyp, şeýtan onuň aňyny durşuna eýelemek isleýär, sebäbi ol eger günä kök ursa, onda üstünligiň öz tarapyndadygyny bilýär. şol sebäplide, ol özüniň bar ussatlygyny kömege çagyryp, Mesihiň yzyna eýerijilere barybir özleriniň ejizliklerini ýeňip bilmejekdiklerine aldaw bilen ynandyrmaga hemişe dyrjaşyp ýör. Ýöne Isa olar üçin ýalbarýar. Isa Özüniň deşilen ellerini, ýaralanan tenini görkezip, Öz yzyna eýermek isleýänlere: “Saňa meniň merhemetim ýeterlikdir” “Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň, çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar. Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr ýüküm ýeňildir” (2 Korintoslylar 12:9; Matta 11:29-30) diýdi. Şonuň üçin, goý, hiç kim hiç haçan öz günäsini düzedip bolmazak diýip hasaplamasyn. Biz günälerimizden saplanar ýaly, Reb bize iman hem merhemet berýär.BG 399.3

    Biz bu gün beýik halas etme gününde ýaşaýarys. Obrazlaýyn gullukda baş ruhany tutuş Ysraýyl üçin halas etmäni berjaý edenden soň, jemgyýetden çykarylmaz ýaly, hemmeler Hudaýyyň öňünde toba gelip, özlerini peseltmelidiler we günälerini boýun almalydylar. Edil şunuň ýaly edip, öz adynyň ýaşaýyş kitabynda saklanmagyny isleýän her bir adam synag üçin galan şu azajyk günlerde Hudaýyň öňünde özüni peseldip, günälerine ökünmelidir we olara toba etmelidir. Öz ýüregini çuň derňemeüdir. Özlerini mesihi hökmünde atlandyrýanlaryň köpüsine mahsus bolan ýeňilkel lelik hem oýnatgylyk ýeňilmelidir. Özüniň günäli höweslerine hökümdarlyk etmek isleýänleriň hemmesine agyr göreş garaşýandyr. Taýýarlanma işini her kimiň özi etmelidir. Biz tutuş kollektiw bolup gutulyp bilmeýäris. Bir adamyň takwalygy hem wepalylygy başga birinde bu zatlaryň ýoklugynyň öwezini dolduryp bilmez. Hemmeler Hudaýyň sudunyň öňünde durýan bolsalaram, edil ýer ýüzünde başga adam ýok ýaly, 01 her bir adamyň derňelmegine şeýle ünslülik bilen sereder. Her bir adam synalyp, tegmilsiz hem günäsiz ýa-da şoňa meňzeş zatsyz hasaplanylmalydyr.BG 400.1

    Halas etme işi nähili dabaraly tamamlanar! Nähili wajyp meseleler çözülmeli! Häzir gökdäki mukaddes ýerde sud gidip dur. Ol eýýäm köp ýyllardan bäri gidip dur. Tizara - haçandygyny hiç kimem bilmeýär - dirileriň işlerine seredilip başlanar. Şonda uly sandyrama içinde biziň durmuşymyz Hudaýyň barlygynda jikme - jik öwreniler. Halasgäriň: “Ägä, oýa boluň, doga ediň! Çünki siz ol wagtyň haçandygyny bilmeýärsiňiž” (Markus 13:33), “Oýanmasaň, bir ogry ýaly gelerin, Meniň haýsy sagatda üstüňe geljegimi-de bilmän galarsyň” (Ylham 3:3) diýen sözlerine her bir jan düşiinmelidir.BG 400.2

    Derňew sudy gutaranynda, her bir adamyň ykbaly - ýaşaýyş ýa-da ölüm—“Erbetlik eden ýene erbetlik etsin, hapa bolan hapalygynda galsyn. Dogry adam ýene dogrulyk etsin. Mukaddes-de mukaddesligine galsyn». «Ine, basym gelýärin! Berjek sylaglarym ýanymdadyr. Her kese etmişine görä hak bererin” (Ylham 22:11-12) diýýär.BG 400.3

    Dogrularam, hudaýsyzlaram, öňküleri ýaly, ýerde ölümli tende ýaşarlar. Olar gökdäki mukaddes ýerde eýýäm gutarnykly hem yzyna öwrüp bolmajak hökümiň çykandygyndan bihabar bolup ekerler, gurarlar, iýerler hem içerler. Nuh suw basmasynyň öň ýanynda, gämä girenden soň, Reb onuň yzyndan gapyny ýapanda, hudaýsyzlar daşda galyp, özleriniň ykbalynyň eýýäm çözülendiginden bihabar bolup, ýene ýedi günläp daşarda gaýgysyz - gamsyz, aladasyz durmuşda ýaşadylar we ýakynlaşyp gelýän sud baradaky duýduryşyň üstünden gülüp, ony ýaňsyladylar. Halasgär: “Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar” (Matta 24:39) diýýär. Ýarygije sessiz gelen ogry kimin, bolup, her kimiň ykbaly çözülende, aýgytly sagat geler. Şonda günäkärler özlerine teklip edilen rehimden mahrum edilerler.BG 400.4

    Oýa boluh, çünki ... Ol birden gelip-de, ukuda üstüňizi basaýmasyn” (Markus 13:35-36). Oýa bolmakdan ýadap, ýene-de bu dünýäniň keýpine gidýän adam nähili töwekgelçilik edýär! Işewür adam ýeňil gazanjyň yzynda kowalaşmak bilen başagaýka, keýpi gowy görýän öz islegleriniň kanagatlamasyny gözläp ýörkä, modanyň gullary geýmini tertibe salýarka, şol sagatda, bütin dünýäniň Kazysy: “Sen terezide çekildiň we ýeňil çykdyň” (Danyýel 5:27) diýip höküm çykarar.BG 401.1

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents