Loading...
Larger font
Smaller font
Copy
Print
Contents

Beýik Göreş

 - Contents
  • Results
  • Related
  • Featured
No results found for: "".
  • Weighted Relevancy
  • Content Sequence
  • Relevancy
  • Earliest First
  • Latest First
    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents

    37—Nji Bap.
    Mukaddes Ýazgy - Ýalňyşmalara Garşy Kepillikdir

    “Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwütnesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?». Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!”(Işaýa 8:20). Pygamber ýalan halypalaryň täsirinden we arwahlaryň aldawyndan ygtybarly gorag hökmünde Hudaýyň halkyny Ýazga gönükdirýär. Adamlaryň Mukaddes Kitaby öwrenmegine päsgel bermek üçin şeýtan islendik serişdeleri ulanýar, sebäbi bu Kitabyň aýdyň tassyklamalary onuň aldawynyň üstüni açýar. Hudaýyň işi her gezek täzeden dörände, erbetligiň patyşasy has işjeň hereket edip başlaýar. Häzirki döwürde ol Mesihi hem Onuň yzyna eýerijileri ýeňmek üçin bar güýjüni ulanýar. Tizara biz soňky beýik ýalana duş geleris. Antimesih biziň gözümiziň öňünde öz gudratlaryny görkezer. Ýasamalyk Hudaýyň güýjüniň aýan bolmasyna şeýle meňzeş bolar welin, hakykaty ýalandan tapawutlandyrmaklyk diňe Mukaddes Ýazgynyň kömegi bilen mümkin bolar. Her bir gudraty, her bir tassyklamany Mukaddes Kitap şaýatlygy bilen barlamak gerekdir.BG 485.1

    Hudaýyň tabşyryklaryna tabyn bolýanlar garşy çykylmalara we ýaňsylanmalara duş gelerler. Olar diňe Hudaýda bu zatlara döz gelip bierler. Öňde duran synaglara döz gelmek üçin olar Hudaýyň Öz Sözünde açylan erkine akyl ýetirmelidirler. Olar Onuň diňe häsiýetine, dolandyryş prinsiplerine, niýetlerine dogry düşünip, olara laýyklykda hereket edenlerinde, Ony bolmalysy ýaly hormatlap bilerler. Diňe öz aklyny Mukaddes Kitap hakykatlary bilen taplan adamlar soňky beýik göreşde berk durup bilerler. Her kim: “Men adamlara däl-de, Hudaýa tabyn bolmalymy? Synagyň jemleýji sagady eýýäm örän ýakyn. Biziň aýaklarymyz Hudaýyň mizemez Sözüniň gaýasynda berk durmy? Biz Hudaýyň tabşyryklaryny we Isa bolan imany goramaga taýýarmy?” diýen meseläni çözmeli bolarlar.BG 485.2

    Halasgär haça çüýlenilmeziniň öň ýanynda Öz şägirtlerine Özüniň ölüme beriljekdigini, ýöne direlip, ýene-de gabyrdan çykjakdygyny düşündirende, Hudaýyň perişdeleri Onuň sözlerini resullaryň ýüreklerinde berkitjek bolup, mümkin bolan zatlaryň hemmesini etdiler. Emma Mesihiň şägirtlleri rimlileriň zulumyndan ýerde azat bolmaga şeýle bir teşnediler, şonuň üçin özleriniň bar umydynyň birigen Kişisiniň masgaraçylykly ölüm bilen ölmelidigi baradaky pikiriň özi olar üçin çekerden çökder gelýän zatlardy. Olar özleriniň ýüreklerinde galmaly bolan sözleri derrew ýatdan çykardylar, şol sebäpdenem, synag olary gapyllykda galdyrdy. Isa özlerine asla duýduryş bermedik ýaly, Onuň ölümi olaryň bar umytlaryny kül etdi. Pygamberliklerde geljek biziň öňümizde-de, edil Isanyň şägirtleriniň öňünde açylyşy ýaly açylýar. Synag döwrüniň gutarmagy bilen baglanyşykly bolan wakalar we muşakgat döwrüne taýýarlygyň zerurlygy aýdyň hem anyk beýan edilendir. Emma ençe adamlar bu wajyp hakykatlar edil Mukaddes Kitabyň sahypalarynda ýok ýaly, olara asla düşünmeýärler. Muşakgat wagty adamlar üçin garaşylmadyk zat bolar ýaly, şeýtan oýa bolup, olary gutulyşa alyp baryp biläýjek zatlaryň hemmesini gowşadýar.BG 486.1

    Hudaý şunuň ýaly wajyp duýduryşlary goýberende, olary gögüň arasynda uçup ýörende mukaddes perişdeler yglan edenlerinde, Ol şol duýduryşlara akyl berlen her bir adamyň bolmalysy ýaly üns bermegini isleýär. Janawara we onuň şekiline tagzym edýänlere çykarylýan gorkunç höküm (Ylham 14:9-11) adamlar özlerinde janawaryň suraty we ondan nädip gaça durmalydygy barada dogry düşünje emele geler ýaly, olary pygamberlikleri ürç edip öwrenmäge meýillendirmelidir. Emma halk gulagyny hakykatdan sowup, basnýalara tarap öwrerler. Soňky günleriň gelşini öňünden gören resul Pawlus: “Çünki şeýle bir zamana bolar, adamlar sagdyn taglymata çydaman, gulaklaryna ýakýan sözleri diňlejek bolup, öz höweslerine ýaraşykly mugallymlar üýşürer” (2 Timoteos 4:3) diýip ýazýar. Şol wagt eýýäm geldi. Adamlar Mukaddes Kitap hakykatlaryny kabul etmek islemeýärler, sebäbi ol günäli ýüregiň islegleri bilen bir ýere sygyşmaýar, şeýtanam olary ýalan hyýalylyk bilen köşeşdirýär.BG 486.2

    Yöne ýerde Rebbiň halky bar. Ol halk üçin Mukaddes Kitap we diňe Mukaddes Kitap ähli taglymatlaryň ölçeg birligi we ähli reformalaryň esasydyr. Alymlaryň hiç hili pikirleri, ylmyň gelen netijesi, ynam nyşany we yzynda duran ybadathanalar ýaly, köp sanly hem garşydaşlykly bolan sobor kanunlar, köpçüligiň sesi - hiç zat diniň ynamyň haýsydyr bir böleginiň subutnamasy ýa-da inkär edilmesi hasaplanylyp bilinmez. Haýsydyr bir taglymaty ýa-da buýrugy kabul etmek üçin biz Hudaýyň Sözünden: “Reb şeýle diýýär” diýen aýdyň subutnamany talap etmelidiris.BG 486.3

    Biziň ünsümizi Hudaýa däl-de, adama çekjek bolup, şeýtan dyngysyz dyrjaşýar. Ýazgyny öwrenip, öz borjunyn nämede jemlenendigini özi bilmegiň deregine, adamlary ýepiskoplara, ruhy çopanlara ylahyýetiň professorlaryna seretmäge ymtyldýar. Ýolbaşçylaryň aňyna şeýle eýeçilik etmek bilen şeýtan öz garaýşyna görä, olar arkaly adamlara täsirini ýetirip bilýär.BG 487.1

    Mesih ýaşaýyş Sözüni aýdanda, ony diňe bir ýönekeý adamlar däl-de, ruhanylaryňam köpüsi, hökümdarlaram, şatlyk bilen diňläp, Oňa iman etdiler. Emma baş ruhanylar bilen halkyň serdarlary Ony ýazgaryp, taglymatynam ret etmegi berk ýüreklerine düwdüler. Olar Mesihe garşy aýyplama tapma synanyşygynda şowsuzlyga uçran bolsalar-da, olar Onuň sözlerinden syzyp çykýan Hudaýyň güýjüniň hem akyldarlygynyň täsirini duýman bilmedik bolsalarda, barybir ýalňyşly klaryň guly bolup, Isanyň şägirtleri bolmajak bolup, Onuň mesihliginiň iň aýdyň subutnamalaryny-da, retetdiler. Isanyň garşydaşlary ýehudylaryň çagalykdan sylaşykly bolmagy öwreden hemde olara gyşarnyksyz tabyn bolan adamlarydylar. Olar özlerinden: “Näme üçin biziň ýolbaşçylarymyz hem alym kanunçylarymyz Isa ynnanmaýarkalar? Eger 01 Mesih bolan bolsa, onda olar Ony kabul etmedimikäler?” diýip soraýardylar. Hut şunuň ýaly halypalaryň täsiri hem, ýehudy halkyny öz Halasgärinden ýüz öwürmegine alyp bardy.BG 487.2

    Şol ruhanylarda hem ýolbaşçylarda hereket eden ruh şu gün daşyndan takwa ýaly bolup görünýän adamlarda ýüze çykýar. Olar Ýazgynyň häzirki wagt üçin aýratyn bolan hakykatlary hakdaky şaýatlyklaryny öwrenmek islemeýärler. Olar özleriniň köp sanlylygyny, baýlygyny, meşhurlygyny görkezýärler, özlerini dünýäden tapawutlandyrýan imany wagyz edýändikleri üçin giň goldaw tapmaýan hakykat goragçylarynyň az sanlylygyna ýigrenç bilen seredýärler.BG 487.3

    Kanunçylar bilen fariseýleriň hereket edýän häkimligini bikanun almaklygyň ýehudylaryň dargamasy bilen gutarmajakdygyny Mesih öňünden gördi. Öňden görüjilikli nazar bilen Mesih wyždanyň üstünden hökümdarlyk etjek adam hökümdarlygynyň ýokary tutuljagyny, munuň ähli asyrlarda Ýygnak üçin musallat boljagyny gördi. Mesihiň kanunçylar bilen fariseýleri gorkunç paş etmesi, Onuň halka bu kör mugallymlaryň yzyna düşmegiň gerek däldigini aýtmak bilen beren duýduryşy geljekki nesillere nesihat hökmünde ýazykdy.BG 487.4

    Rim - katolik ybadathanasy Ýazgyny düşündirme hukugynyň diňe dindarlara degişlidigini aýdýar. Hudaýyň Sözüni düşüner ýaly ýeterlik bolan derejede ony diňe dindar adamlaryň bilýändigine esaslanyp, ol halkdan gizlenildi. Reformasiýaher bir adamyň eline Mukaddes Kitaby beren bolsa-da, Rimiň lezzet alan prinsipi protestant ýygnaklarynda ençelere Ýazgyny özbaşdak öwrenmäge päsgel berýär. Olara Mukaddes Kitaby Ybadathana nähili düşündirse, şonuň ýaly hem kabul etmeklik öwredilýär. Eger özleriniň ynam nyşanyna ýa-da Ybadathanasynyň adaty taglymatlaryna garşy çykýan bolsa, müňlerçe adamiar Yazgyda şeýle aýdyň beýan edilen zatlaryň hiç birinide kabul etmäge het edip bilmeýärler.BG 487.5

    Mukaddes Kitapda ýalan mugallymlara garşy berilýän duýduryşlaryň köplügine garamazdan, ençeler özleriniň janlaryny dini ýolbaşçylara ynanýarlar. Häzirki zaman mesihileriniň müňlerçesi özleriniň wagyz edýän iman taglymatyny böleklerini goramak üçin özlerine Ybadathana ýolbaşçylarynyň öwreden zatlaryndan başga hiç hili delilleri getirip bilmeýärler. Olar Halasgäriň taglymatyna üns bermeýär we durky bilen guilukçylaryň sözlerine ynanýarlar diýen ýalydyr. Yöne, ol gullukçylar ýalňyşyp bilmezlermi? Eger Hudaýyň Sözi olaryň nur paýlaýandyklaryny tassyklamaýan bolsa, onda janymyzy olara nädip ynanyp bolar? Yörelip ýoda salnan ýoldan sowulmak üçin ahlak batyrlyk gerek. Şol batyrlygyň ýoklugy bolsa, ençeme adamlary alym adamlaryň yzlaryna düşmäge mejbur edýär. Olar Ýazgyny özbaşdak öwrenmek islemän, ýalňyşlyk zynjyrlaryna ymykly düşýärler. Olar Mukaddes Kitabyň sahypalarynda häzirki zaman üçin hakykatyň anyk açylandygyna düşünýärler, olar Mukaddes Kitabyň yglan etmesine gatnaşan Mukaddes Ruhuň güýjüni duýýariar, ýöne bu zatlara garamazdan, dini ýolbaşçy laryň nuruň öňüni tutmagyna ýol berýärler. Akyl bilen wyždan bu adamlary hakykatyň mizemezligine ynandyrjak bolýan bolsalar-da, gözleri gapylan kalplar barybir öz pikirli bolmaga het edip bilmeýärler. Şeýdip, ebedi bähbitler ynamsyzlyga, tekepbirlige, ters pikirlilige gurban getirilýär.BG 488.1

    Şeýtanda adamy gul etmäniň usuly köpdür. Ol Mesihiň haçynyň duşmany bolup durýan adamlara bolan näzik söýginiň iň berk baglaryny ulanyp, müňlerçe ýürekieri gazanýar. Şol baglanyşyklar - garyndaşlykmy, är - aýallykmy, dostluk ýa-da social - her neneň baglanyşyk bolsa-da, olaryň netijeleri şol bir zat bolýandyr. Hakykatyň garşydaşlary wyždanyň üstünden basyp başlaýarlar, şonuň üçin olaryň ygtyýary astynda düşen janlar özleriniň borç duýgusyna eýermäge ýeterlik bolan batyrlyga hem garaşsyzlyga eýe bolýarlar.BG 488.2

    Halykat bilen Hudaýyň şöhraty aýrylmazdyr. Mukaddes Kitapdan habarly bolandygymyz üçin biz ýalňyş garaýyşlary aýtmak biien Hudaýy şöhratlandyryp bilmeris. Köp adamlar biziň iman etmegimiziň wajyp däldigini, dogry ýaşamagymyzyň wajypdygyny aýdýarlar. Yöne biziň durmuşymyzy hut imanymyz hem emele getirýär ahyry. Nur bilen hakykat öz ygtyýarymyzda bolan wagtynda, bizem olara akyl ýetirip bilme artykmaçlygyny äsgermezçilik edenimizde, aslyýetinde hakykaty inkär edýäris-de, nurdan garaňkylygy gowy görýäris.BG 488.3

    Yol bardyr, adamyň gözüne dogry görünýändir, onuň soňy bolsa ölüm ýollarydyr” (Süleýmanyň pähimleri (16:25). Eger Hudaýyň erkini bilmäge mümkinçilik bar bolsa, onda ýalňyşmany ýa-da günäni bihabarlyk bilen aklamak bolýan däldir. Syýahatçy ýollaryň dürli tarapa bölünýän çatrygyna baryp ýetende, görkeziji ol ýollaryň haýsysynyň haýsy tarapa gidýändigini oňa aýdýar. Eger ol oňa üns bermese, onda ol özüne has gowy gören ýoluny saýlarda, nädogry ýola düşer.BG 489.1

    Biz Hudaýyň taglymaty bilen tanşyp bilerimiz ýaly hem-de Onuň özümize nähili talabynyň bardygyny bilerimiz ýaly, bize Öz Sözüni berdi. Kanunçy lsanyň ýanyna: “Men ebedi ýaşaýşy miras alar ýaly, näme etmeli?” diýen sorag bilen gelende, Halasgär: “Kanunda näme ýazylypdyr? Okadyňmy?” diýmek bilen onuň ünsüni Ýazga gönükdirýär. Bilmezlik ýaş ýigide-de, garra-da bagyşlanylýan zat däldir we Hudaýyň Kanunyny bozsalar, olary jezadan halas edýän däldir, sebäbi olaryň ellerinde şol Kanunyň, onuň prinsipleriniň we talaplarynyň dogry şaýatlygy bar. Diňe gowy niýetli bolmaklyk ýeterlik däldir, adamyň ýagşylyk hasaplaýan, ruhy çopanyň adalatly hasaplaýan zadyny etmek ýeterlik däldir. Adam öz gutulyşynyň meselesini özi çözýär, şonuň üçin Mukaddes Ýazgyny onuň özi özbaşdak öwrenmelidir. Onuň garaýyşlary her neneň güýçli bolsada, gullukçy ruhanynyň hakykaty bilýändigine her neneň ynamly bolsa-da, bu zatlar onuň imanynyň fundamenti bolmaýar, bolmalam däldir. Onda ýüzüne göklere syýahatynyň ähli döwürleri bellenilen karta bardyr, ol çaklama bilen gitmeli däldir.BG 489.2

    Her bir paýhasly adamyň iň ilkinji hem iň beýik borjy Mukaddes Ýazgyny öwrenmekdir. Hakykata akyl ýetirip, ony dünýä çykarmalydyr, öz göreldesi bilen başgalary-da höweslendirmelidir - ine, bu biziň borjumyzdyr. Biz her gün yhlas bilen Mukaddes Kitaby öwrenmelidiris, her bir pikiri ölçerip dökmelidiris, tekstleri deňeşdirmelidiris. Hudaýyň kömegi bilen şahsy pikirlerimizi döretmelidiris, sebäbi her kim Hudaýyň öňünde özi üçin jogaby özi berýändir.BG 489.3

    Mukaddes Kitapda şeýle aýdyňlyk bilen beýan edilen hakykatlar iň ýokary akyldarlyga dalaş edip, Ýazgynyň mistik, syrly, ruhy manysynyň bardygyny, oňa ýönekeý adamyň aklynyň ýetmejekdigini aýdan alymlar tarapyndan şübhe astyna salyndy. Olar ýalan mugallymlardyrlar. Isanyň: “Siz Mukaddes Yazgylary we Hudaýyň gudratyny bilmän ýalňyşmaýarsyňyzmy?” (Markus 12:24) diýen sözeri hut şolara gönükdirilendir. Mukaddes Kitabyň sözlerine, elbetde, nyşanlar bilen göçme manylaryndan başgalaryna, edil ýazylyşy ýaly düşünmelidir. Mesih: “Biri Hudaýyň islegini berjaý etmek isleýän bolsa, onda Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyny ýa-da Özümden sözleýändigimi ol biler” (Ýahýa 7:17). Eger adamlar Mukaddes Kitaba edil ýazylyşy ýaly düşünen bolsalar, eger adamlary ýalňyşlyga alyp barýan we olaryň aňlaryny bulaşdyrýan ýalan mugallymlar bolmadyk bolsa, onda perişdeler Mesiihiň sürüsine, häzirki garaňkylykda sergezdançylyk çekip ýören, müňlerçe we müňlerçe janlaryň goşulandygyna şatlanardylar.BG 489.4

    Biz aklymyzyň bar güýjüni Mukaddes Yazgyny öwrenmäge bagyş edip, Hudaýyň çuň niýetlerine we maksatlaryna ölümli adamlara näderejede mümkin bolsa. şol derejede-de, düşünmegi öz öňümizde wezipe edip goýmalydyrys. Şonda biz şägirtçiligiň hakyky ruhunyň çaga ynanjaňlygy hem sadalygy bolup durýandygyny hiç haçan ýatdan çykarmaly däldiris. Yazgynyň kyn ýerlerini filosofik meseleler çözülende ulanylýan usullary ulanyp düşündirip bolmaýar. Mukaddes Kitaby öwrenmekligegirişýänlerköpalymlara mahsus bolan özüne göwni ýetme duýgusyndan azat bolmalydyrlar, dogada Hudaýa baglylyk duýgusyny we Onuň erkini çyn ýürekden bilmek islegini ösdürmelidirler. Biz şägirtçilik ruhunda beýik “Men bar Bolandyryndan” kiçigöwünlilik bilen bilim almalydyrys. Yogsam, erbet perişdeller biziň aklymyzyň gözüni gapyp, ýüreklerimizi gatadar welin, şonda hakykat bizi ynandyryp bilmez.BG 490.1

    Mukaddes Yazgyda hatda alymlarada, syrly ýa-da az ähmiýetli ýaly bolup görünýän ýerler az däldir, şeýle-de bolsa, olar Mesihiň mekdebinde okaýanlar üçin teselliden hem nesihatlardan doludyr. Ylahyýetçileriň köpüsi Hudaýyň Sözüne ýüzleý düşünýärler. Munuň sebäbi, olaryň özleriniň eýermek islemeýän hakykatlaryna gözlerini ýumýandyklaryndadyr. Mukaddes Kitap hakykatlaryna düşünmeklik akyl ukyplaryna däl-de, niýetiň berkligine hem-de dogrulyga tarap ymtylyşyň ak ýürekden bolmagyna baglydyr.BG 490.2

    MukaddesKitabydogaetmänöwrenip bolýan däldir. Düşünmesi aňsat bolan hakykatlaryň wajyplygyna düşünmäge ýa-da düşünmesi kyn bolan ýerleri nädogry düşündirmekden saklanmaga bize diňe Mukaddes Ruh kömek edip biler. Hudaýyň Sözüniň gözelligi bizi maýyl etmeginiň, duýduryşlarynyň akyl bermeginiň, wadalarynyň bolsa, höweslendirmeginiň we berkitmeginiň aladasyny edip, gögüň perişdeleri biziň ýüreklerimizi Hudaýyň Sözüni kabul etmäge taýýarlaýar. Mezmurçynyň: “Gözlerimi aç, kanunyňda ajaýyp zatlar göreýin” (Zebur 119:18) diýen dogasy biziň dogamyz bolmalydyr. Doga etmekligiň we Mukaddes Kitaby öwrenmekligiň äsgermezçilik edilýändigi sebäpli, synaglar ýeňip geçip bolmazak ýaly bolup görünýär, şonuň üçin synaga düşýän adama Hudaýyň wadalaryny derrew ýadyna salyp, şeýtany Yazgynyň ýaragy bilen garşy almak başartmaýar. Yöne Hudaýyň nesihatlaryna höwes bilen üns berýänleri perişdeler gurşap alýarda, beýik hasrat döwründe, olaryň hemme zatdan beter mätäç boljak hakykatlaryny olara ýatladar. Şonuň üçinBG 490.3

    Günbatardakylar Rebbiň adyndan,
    gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar,
    çünki Rebbiň ýel kowalaýan dag sili dek geler
    BG 491.1

    (Işaýa 59:19).

    Isa Öz şägirtlerine: “Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi - Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar” (Ýahýa 14:26) diýip wada berdi. Ýöne howply pursatda Hudaýyň Ruhy ýadymyza salar ýaly, Mesihiň beren dersleri ilki bilen aňymyzda möhürlenmelidir. Dawut: “Saňa garşy günä etmäýin diýip, Seniň sözüňi ýüregimde ýygşyrdym” (Zebur 119:11) diýýär.BG 491.2

    Ebedi bähbitleri gymmat hasaplaýanlar spiritizme garşy hüşgärlikde durmalydyrlar. Hakykatyň iň esasy sütünleri hüjüme duçar ediler. Ýaňsylamalardan, her hili ýalan akyldarlyklardan, häzirki zaman hudaýsyzlygynyň hilegär hem heläk ediji taglymatlaryndan gaça durmak mümkin däl. Biziň her birimiz üçin şeýtanda synag taýýar durandyr. Çala sowatlylara ol ýitilik ýa-da gelşiksiz degişmeler teklip edýär, bilimlilere ylmy garşy çykmalary we filosofiki teoriýalary berýär, ýöne olaryň ikisem, Mukaddes Ýazga ynamsyzlyk ýa-da äsgermezçilik döredýär. Hatda tejribesiz ýaşlaram, mesihiligiň esas bolup durian prinsiplerine şübhelenmäge özlerini hukukly hasaplaýarlar. Ýaşlaryň bu ynamsyzlygy her neneň sada ýaly bolup görünse-de, ol barybir belli bir derejde öz täsirini ýetirýär. Ençeler şeýle edip, özleriniň atalarynyň imanynyň üstünden gülüp, Merhemet Ruhuny kemsidip başlaýarlar (Yewreýler 10:29). Köpleriň Rebbi şöhratlandyryp biläýjek we dünýä üçin ak pata bolup biläýjek durmuşy hudaýsyzlygyň erbet ysly demi bilen zäherlenen. Adamyň tekepbirlikli gelen netijelerine ynanyp, Hudaýyň syrlaryna akyl ýetirip bolýar diýip hasaplaýanlar we hakykata Hudaýyň akyldarlygyny alman akyl ýetirjek bolýanlar şeýtanyň torlaryna çolaşar.BG 491.3

    Biz bu dünýäniň taryhynyň iň jogapkärçilikli döwründe ýaşaýarys. Yeriň ýaşaýjylarynyň ykbaly tizara çözüler. Biziň geljekki abadançylygymyz, şeýle hem, beýleki janlaryň gutulyşy özümiziň saýlaw edişimize baglydyr. Bize hakykat Ruhy ýolbaşçylyk etmelidir. Mesihiň yzyna eýerijileriň her biri çyn ýürekden: “Ya Reb, maňa näme etmegi buýruk berýärsiň?” diýip soramalydyr. Biz oraza tutmak we doga etmek bilen Rebbiň öňünde özümizi tabyn etmelidiris hem-de Onuň Sözi, ylaýta-da, sud sahnalary hakda telim gezekler pikirlenmelidiris. Bize Hudaýyň hakykatlarynyň içinden çuň hem diri tejribe gözlemek gerekdir. Biz ýekeje pursatam, ýitirip bilmeris. Biziň töweregimizde beýik wakalar bolup geçýär. Biz şeýtanyň jadylan ýerinde ýaşaýarys. Hudaýyň garawullary! Ukudan oýan, sebäbi duşman ýakynyňyzda arlap ýör. Eger ýadap irkilseňiz, ol islendik pursatda biziň üstümize hüjüm edip, öz oljasy etmäge taýýardyr.BG 491.4

    Köpler özleriniň Hudaýyň öňündäki hakyky ýagdaýy babatda aldawa düşýärler. Olar hiç hili erbet işleri etmeýändikleri bilen kanagatlanýarlar, ýöne Hudaýyň özlerinden gowy hem ýagşylykly işleri talap edýändigini unudýarlar. Hudaýyň bagyndaky agaçlar bolmak ýeterlik däldir. Adamlar Rebbiň tamasyny ödäp, miwe getirmelidirler. Hudaý olary Özüniň berkidiji merhemeti arkaly edip biläýjek zatlaryny etmändikleri üçin olary jogapkär hasaplaýar. Göklerdäki kitaplarda olar miwesiz agaçlar hökmünde bellenilendirler. Ýöne, hatda olaryň ýagdaýlaram çykalgasyz däldir. Reb Öz rehimini äsgermän, merhemeti inkär edýänleri çagyrmagyny dowam etdirýär: “Oýan, eý uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa yşyk saçar... Şeýlelikde... ünsühizi dykgatly gezmäge gönükdiriň... Pursatdan peýdalanyň, çünki günler ýamandyr” (Efesliler 5:14-16).BG 492.1

    Synag wagty gelende, Hudaýyň Sözüni öz durmuşynyň düzgüni edenleriň hemmesi bilner. Tomusda hemişe ýaşyl bolup durýan agaçlar bilen adaty ösümlikleriň arasynda tapawut bolmaýar, emma sowuk düşüp, gyş tupanlary turanda, hemişe ýaşyl durýan agaçlar üýtgemeýär, galanlarynyň hemmesi bolsa, özleriniň ýapraklaryndan jyda düşýärler. Edil şonuňýaly, hakyky mesihini wagtlaýyn mesihiden tapawutlandyryp bolmaýar. Ýöne, ine, tizara, şol tapawudyň aýan boljak wagty geler. Ýöne göreş bilen fanatizm başlanan badyna, dini çydam etmezlik bar güýjünde ýene-de ýüze çykar. Yzarlamalar täzeden başlanan badyna, ýarym imanly, çyn ýürekden iman etmedik mesihiler öz imanyndan ýüz öwrerler, ýöne hakyky mesihi gaýa kimin berk durar. Onuň imany abadançylykly günlerdäkisinden-de, has berkär, umydy has nurlanar.BG 492.2

    Mezmurçy: “...oý-pikirim Senih şaýatlyklaryň hakda” (Zebur 119:99). “Men Senih buýruklaryh bilen dana boldum, munuh üçin her hili galp ýoly ýigrenýärin” (Zebur 119:104) diýýär.BG 492.3

    Hikmet tapan, düşünjä gowuşan nähili bagtly!” (Süleýmanyň pähimleri 3:13).BG 492.4

    Ol suwuh ýakasynda oturdylan agaç kimindir,
    çeşmäniň boýunda köküni ýaýradar.
    Yssydan gorkýan däldir,
    ýapragy hemişe ýaşyldyr.
    Ýyl gurak gelende hem gaýga batmaz,
    miwe bermekden asla galmaz
    BG 492.5

    (Ýermeýa 17:8).BG 492.6

    Larger font
    Smaller font
    Copy
    Print
    Contents